Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ÇAGAMA MULTI-TABSY NÄDIP SAÝLAMALY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.50 (2 Ses)

cagama multi tabs"Salam lukman! Meniň 1 yaş 4 aýlyk gyzjagazym bar. Gyzyma Multitabs beresim gelyär. Onuň dürli görnüşi bar ekeni. Haýsy görnüşini bersem gowy bolar?"

Saýtyň okyjysy.

Hormatly okyjy,

Dogry iýmitlendirme düzgüni ýola goýlan, ýaşyna görä kadaly ösýän çagalara witamin-mineral toplumy bellemek talaby döremän hem bilýändir. Multi-tabs toplumy esasan iýmit ýetmezçiligi netijesinde ösüşden yza galýan, direg-hereketlendiriş ulgamynyň kesellerinde, agyr keselçilikden soň gurplandyryjy serişde höküminde bellenilip biler. Ony bellemek üçin görkezmeler lukman tarapyndan anyklanan bolsa, onda çaganyň ýaşyna görä görnüşlerini saýlap bolar. 1 ýaşa çenli çagalara Multi-tabs Kids suwuklyk-şire görnüşde ulanylýan bolsa, 1-4 ýaş aralygy Multi-tabs Malyş görnüşini ulanyp bilersiňiz. Ol gerdejikler görnüşinde öndürilip, gerdejigi owradyp hem bermek maslahat berilýändir. Witamin-mineral toplumyň günde 1 gerdejigi nahar wagty ýa-da nahardan soň berilýär. Kabul etme dowamlylygy 1 aýa barabar bolup, görkezme boýunça lukman 2 aýa çenli uzaldyp bilýändir.

Witamin-mineral toplumynyň düzümindäki witaminlere allergiki täsirliligiň döremegi onuň kabul edilmeginiň bes edilmegine görkezme bolup bilýändir. Bu toplumy başga witamin toplumlary bilen kabul etmek bolmaýar.

Multi-tabs toplumyny çagaňyza berip başlamazdan öň size gözegçilik edýän çaga lukmany bilen maslahatlaşmak peýdaly bolardy.

 Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 158 gezek okalan