GÖWRELILIK BARADA UMUMY DÜŞÜNJE BERÄÝSEŇIZ...

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.22 (9 Ses)

Hormatly okyjy!

Göwreliligi meýilleşdirme meselesine är-aýal jübüti taýynlykly çemeleşmelidir. Taýynlyk çärelerine bedeniň dowamly kesellerini bejerip, olaryň gowşama ýagdaýyny gazanma, ýokançlykly ojaklary bejerme (dowamly tonzillit, kariýesli dişler), bedeni taplaýjy serişdeleri (witaminler, foliý turşulygy, immuniteti berkidijiler) kabul etme degişlidir.

Ekiz çaganyň dogmagy bolsa nesilyzarlaýjylyk häsiýete bagly bolup, aýal jyns gormonlary bilen dürli sebäplere görä geçirilen bejergi netijesinde ekizleriň bolmagynyň ähtimallygy ýokarlanýandyr.

Gönüden-göni ekizleriň dogmagyna ýardam berýän usullar lukmançylyga belli däldir.

Enäniň we atanyň göwrelilige taýynlanyş çäreleri barada maglumaty saýtymyzda ýerleşdirilen "Sagdyn ene sagdyn çaga", "Ene gap, ata sap: ata bolmaga taýynlanyň" atly makalalardan okap bilersiňiz.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.