• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Erkek saglygy
  • “ATA – SAP, ENE GAP”: ATA BOLMAGA TAÝYNLANYŇ!

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

“ATA – SAP, ENE GAP”: ATA BOLMAGA TAÝYNLANYŇ!

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.46 (26 Ses)

Biziň hemmämiz, sagdyn çagany dünýä indirmekde enäniň esasy, möhüm orny eýeleýänligini bilýäris... Ene çagany 9 aý (has takygy 10 akuşer ayy - 40 hepde - 285 gün) göterýär, ony uly güýç sarp edip dogurýar... Soňundan hem ene bilen çaga aýrylmaz fiziki we psihiki gatnaşykda bolýar.

Her bir ene geljekki göwrelilige taýynlanýar. Lukmanyň gözegçiliginde bolup, saglygyny dikeldýär. Göwreli wagty köp barlaglardan geçip, aýallar maslahathanasynda lukmanlaryň gözegçiligi astynda saklanýar.

GELJEKKI  ATALAR  BU  MÖHÜM  IŞE  NÄHILI  TAÝYNLYK  GÖRÝÄRLERKÄ?

“Nika we maşgala” merkezlerinde, saglyk öýlerinde lukmanlar hemişe geljekki eneler we atalary bile kabul etmäge, söhbetdeş bolmaga çalyşýarlar.

Ýöne geljekki kakalary lukmanyň ýanyna çagyrmak örän kyn düşýär. Näme üçündir bu möhüm işde olar özlerine gaty kiçijik orny saýlap alýarlar...

Eýsem, göreldeli we bagtly ata bolmak üçün näme etmeli? 

1. Öz saglyk ýagdaýyňyza serediň. Jyns agzalaryň sowuklama keselleriniň, jynsy gatnaşyklary arkaly geçýän ýokançlaryň (sözenek, hlamidioz, trihomonoz we başgalar) erkeklik jyns öýjükleriniň (spermatozoidleriň) mukdaryny we işjeňligini peseldýänligini bilmelisiňiz.

2. Pyýada geziň. Bu sagdyn bolmagyňyz üçün peýdalydyr. Tuluza  şäheriniň uniwerstitetiniň urolog lukmanlary, sürüjilerde önelgelige ukyplylygyň maşyn (ýa-da tigir) sürmeýänler bilen deňeşdirlenden 20% azlygyny aýdýarlar. Sebäbi köp wagtlap şol bir ýagdaýda oturmak, juda möhüm ýerde gan aýlanşygynyň ýaramazlaşmagyna hem-de spermatozoidleriň işjeňliginiň peselmegine getirýär. Şonuň ýaly-da, awtobusda dyknyşykda köp wagt durýan erkek adamlarda hem, ýumurtgalyklaryň temperaturasy ýokarlanyp, spermatozoidleriň işjeňligine zyýan ýetirilýändir.

3. Dogry iýmitleniň. “Çalt iýmitlenme nokatlarynda satylyan gamburgerler, hot-doglar, nähili täze we süýji hem bolsa, tohumdaky spermatozoidleriň mukdaryny peseldýär” diýip, iňlis biologlary aýdýarlar. Süýji önümler (kökeler, tortlar) bilen hem gyzyklanmak gerek däl. Spermatozoidleriň derejesi paradontitden, kariýesden ejir çekýän erkeklerde 60% azdyr. Bu ýagdaýdan sizi diş çotgasy we diş lukmanyň bejergisi halas edip biler. Deňiz önümlrini, miweleri, gök önümleri, hoz iýiň. Gök önümlerde, sitrus miwelerinde saklanýan antioksidantlar, hozdaky witamin E, spermatozoidleriň işjeňligini 2 esse ýokarlandyrýar. Deňiz önümlerindäki sink bolsa jyns öýjükleriniň ösüşine kömek edýär.

4. Çilim çekmäni, nas atmany goýuň. Günde 5 sany çilim ýa-da 2 gün atylan nas önelgeligi 25% peseldýär. Yzygiderli bolmadyk çilim çekme hem spermatozoidleriň mukdaryny 23%, olaryň işjeňligini bolsa 13% çenli peseltmäge ukyplydyr. Şol sanda olaryň zeperlenmegi 35% ýokarlanýar.Onuň netijesinde, çaga igli ýa-da kemçilikli doglup biler. Ýöne siz üç aýlap çilim çekmän saklansaňyz, spermatozoidler ýene kadaly ýagdaýa geler.

5. Stresse garşy göreşiň. “Stressiň gormony bolan kortizol aýallarda owulýasiýany togtadýar, erkeklerde bolsa, spermatozoidleriň işläp çykarylmagyna päsgelçilik döredýär” diýip, Atlanta uniwerstitetiniň alymlary aýdýarlar. Stressi döredýän ýagdaýlardan gaça  durjak boluň. Wagtynda dynç almaga, başga zatlara ünsüňizi sowmaga çalşyň. Köpräk dostlaryňyz bilen duşuşyň.

6. Ýanýoldaşyňyz bilen çaga dogurmagy meýilleşdireniňizden soň, özüňizi hem ruhy taýdan oňa taýynlaň. Işiňiziň köplügine garamazdan, göwreli gelniňize fiziki we ruhy goldaw bermäge, onuň ýagdaýyna düşünip, kömek etmäge taýyn boluň. Şol döwürde dürli gormonal üýtgeşmeleriň göwreli aýalyň häsiýetini üýtgedýänligini ýatdan çykarmaň. Onuň birden gaharynyň gelmegi, öýkelekligi, sähel zat üçün aglamjyramagy, umuman emosianal durnuksyzlygy ýuwaş-ýuwaşdan geçip gider. Ol ýagdaýa düşünjek boluň. Psihologlaryň aytmagyna görä, göwrelilik döwründe adamsy tarapyndan göwne degilme, gödek aydylan söz ayalyň yadynda ömürboýy galyp biler. Nika bozulmalaryň 20-25% hem, şol döwürde ýüze çykýan düşünişmezlikler netijesinde bolup geçýär.

Siziň ünsli, mähirli, söýgüden doly gatnaşygyňyz, aýal üçün jogapkärli döwürde

hemme kynçylyklary ýeňip geçmäge kömek eder! 

  • 11645 gezek okalan