SAGDYN ENE - SAGDYN ÇAGA

• Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.37 (27 Ses)

Perzent islendik maşgalada esasy durmyşy gymmatlyk, ajaýyp, süýji arzuwlaryň gözbaşy bolup durýar. Dünýä injek çaganyň sagdyn bolmagy üçin, meýilleşdiriljek göwrelilige geljekki eneler gowy taýynlanmalydyr.

Çaga dogurmagy niýet edinen bolsaňyz haýsy barlaglardan geçmeli?

1. Göwreliligi meýilleşdirilýän wagtdan 6 - 7 aý öň bedende keselleriň bardygyny ýa-da ýokdygyny bilmek üçin degişli hünärmenleriň barlagyndan geçip, bejergi alyň.
• Ýürek-damar kesellerinde  - EKG, EHOKG barlaglary.
• Dem alyş ýollaryň kesellerinde - rentgen barlagy, ftiziatr lukmanyň maslahaty.
• Peşew çykaryjy ulgamyň kesellerinde - peşewiň umumy barlagy, peşewiň Neçiporenko, Zimniskiý boýunça barlagy, böwregiň USB (Ultra Ses Barlagy), hromosistoskopiýa we başgalar. Peşew çykaryjy ýollaryň keselleri (dow.piýelonefrit, sistit, uretrit) doly bejerilmelidir. Bu keseller göwrelilik döwrinde köp kynçylyklary döredýär (gan basyşyň ýokarlanmasy, wagtyndan öň dogurma, köpsuwlylyk, gan azlyk, çaganyň igliligi).
• Içki endokrin mäzleriň kesellerinde - galkan şekilli mäziň USB barlagy, onuň gormonlarynyň derejesini barlamak, gandaky şekeriň derejesini anyklamakdyr. Eger siz semizlikden ejir çekýän bolsaňyz, endokrinolog we diýetolog lukmanyň maslahatyndan soň, agramyňyzy kadalaşdyryň. Sebäbi semizlik göwrelilik döwründe dürli gaýraüzilmelere getirip bilýär (göwreliligiň  çişi, gan basyşyň ýokarlanmagy, dogrum güýçleriň haýallamagy we başgalara).
• Bedende bar bolan iriňli ojaklaryň  (kariýez, dowamly tonzillit we ş.m.) ýüze çykaryp,  bejermeli.
• Özüňizde bar bolan ähli dowamly keselleri bejerdip, olaryň asuda (remissiýa) ýagdaýa geçmegini gazanmaly.
• ganyň umumy barlagy we başga barlaglar.
2. Göwreliligi meýilleşdirmekden 3 aý öň, ginekolog lukmanyň barlagyndan geçiň:
• ginekologiki enjamlar bilen barlag.
• USB (Ulrta Ses Barlagy).
• jynshanadaky nemiň bakterioskopiýa we bakteriologiýa barlagy.
• dowamly, gizlin ýokançlyklara ganyň barlagy (sitomegalowirus, mikoplazma, ureaplazma, hlamidiýa, toksaplazma, gerpes, sifilis). Ýokançlyklar ýüze çykanda, adamyňyzyň hem barlagdan geçip, bejergi  almagy hökmandyr.
• gerek bolan ýagdaýlarda, ganyň aýal gormonlara barlagy we degişli bejergi.
3. Eger sagdyn är-aýaldan sagdyn çaga dogmaýan bolsa, nesil yzarlaýan keselleri ýüze çykarylsa ýa-da garyndaşlyk nikasy bolsa, genetik lukmanyň barlagyny geçip, maslahatyny almak zerurdyr.

Göwrelilige taýýarlanýan  döwrüňizde zyýanly endiklerden (arak, çilim, nas, neşe maddalary) diňe bir geljekki ene däl, eýsem ata hem azat bolmalydyr. Sebäbi  bu endikler diňe bir adamyň genetiki apparatyna öz zyýanyny ýetirmän, emele geljek çaga düwinçegine hem ýaramaz täsir edýär.

Göwreliligi meýilleşdirýän döwriňizde, lukmanyň beren bedeni gurplandyryjy witaminlleri we minerallary kabul ediň. Meýilleşdiren döwürden 2-3 aý öň foliý turşusyny kabul ediň. Ol çaganyň nerw ulgamynyň dogry emele gelmegine we ösmegine kömek edýär.

• 6361 gezek okalan

Teswirler (13)

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş
1. maksat

[quote name="maksat"]aq[/quote]
salam men gyzym dine gije ukyn arasynda arkan gayşyp aglayar nameden bolup biler!

1. Gözel

Salam lukman
Menin aÿbašym gelmelisinden wagty geçdi men göwreli bolup bilerinmi yöne men test edip gordum chykmady nameden bolyaka lukman hayys edyan mana komek edin

1. Lukman

Hormatly Bäşim Myradow!

Çaga doglanda dogum şikesleri alan bolsa, onuň ýagdaýyna baglylykda bellenilen meýilnama boýunça geçirilýän öňüni alyş sanjymlary wagtlaýyn edilmän, belli bir wagta çenli goýlup biler. Siziň ogluňyza gözegçilik...

Hormatly Bäşim Myradow!

Çaga doglanda dogum şikesleri alan bolsa, onuň ýagdaýyna baglylykda bellenilen meýilnama boýunça geçirilýän öňüni alyş sanjymlary wagtlaýyn edilmän, belli bir wagta çenli goýlup biler. Siziň ogluňyza gözegçilik edýän çaga lukmany we newropatolog lukmany öňüni alyş sanjymlaryň meýilnama boýunça edilmän goýulýandygynyň sebäbini size düşündirmäge borçlydyrlar.

Dowamy

1. Bashim Myradow

Yenede bir sorag sanjym karta uytgap bilermi caga kellesi gysylyp cykanda.

1. Bashim Myradow

Hormatly lukmanlar menin 3 ay on oglym boldy sondan bari 1 gezek 17.09.2016 guni BSZ ukol uryldy basga hic hili ukol urulanok dokdarlaryn aytmagyna gora caga gysylyp dogylypmys diyaler dokdarlaryn bu edyan hereketleri dogrymyka su hakynda jogap...

Hormatly lukmanlar menin 3 ay on oglym boldy sondan bari 1 gezek 17.09.2016 guni BSZ ukol uryldy basga hic hili ukol urulanok dokdarlaryn aytmagyna gora caga gysylyp dogylypmys diyaler dokdarlaryn bu edyan hereketleri dogrymyka su hakynda jogap yazsanyz gaty hosal bolardym.

Dowamy

1. Abdullah

Käbir lukmanlar caga cerepnoy diyyaler we licenya yazyalar. Yazan dermanlaryny caga bersen keseli yogam bolsa kesel tapya. Sözüm şol bilmeýän lukmanlara (pul bilen lukman bolan). Adam bejeryañiz, maşyn däl. Demiri gyşarsa cekiclap goneldersiñ...

Käbir lukmanlar caga cerepnoy diyyaler we licenya yazyalar. Yazan dermanlaryny caga bersen keseli yogam bolsa kesel tapya. Sözüm şol bilmeýän lukmanlara (pul bilen lukman bolan). Adam bejeryañiz, maşyn däl. Demiri gyşarsa cekiclap goneldersiñ ýöne adam ölensoñ direldip bolmaz. Bilmeseñiz bilemok diýiñ, doly anygyna ýetmän bejergi etmäñ...

Dowamy

1. Gökgöz.

Garyndaşlyk nikasyna döwlet tarapyndan seredilip, çäklendirme girizilmelidä. Kä ýagdaýda olardan gowşak çagalar dogýar ahyryn. Wagtynda çözülmese, bu ýagdaý " soňky tüýkülik sakal ezmez" bolaýýar.

1. Gulaly.

Hormatly lukman! Saýtda ündeýän zatlaryňyzyň belli bahasy ýok. Köp sag boluň. "Taýagyň iki ujy bar" diýilşi ýaly töwerekleýin alada bilen aýallara mümkinçilik hem döretmeli. Ine meseläniň esasy ýeri.

1. Gynanç.

15-16 ýaşda göwreli bolýan gyzlar ol barlaglary bilmän etjeklerini edýärler. Muňa nähili akyl ýetirjek, çözgüt tapjak.

1. Jüneýt.

Dünýä injek çaga döwletiň geljekki raýaty ahyry. Oňa diňe dogurjak aýalyň aladasyndan başga ýeterlik derejede döwlet aladasy hem gerek.

Köpräk teswir ýükle

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location