SEN ŞAHSY ÇÄGIŇ BARADA NÄME BILÝÄRSIŇ?

  • Okyjydan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

Şahsy çäk – bu seniň adamlar bilen araňda goýýan göze görünmeýän araçägiň. Bu goýýan çägiňe seniň özüň hojaýyn. Başgalar muňa goşulyp ýa-da seniň kararlaryňa hiç hili täsir edip bilmeýär. Islemeýän zatlaryňa, wakalaryňa "Ýok" diýesiň gelse, hiç kimden gorkman diýip bilýärsiň.

Häzire çenli men bir türkmen adamyň "şahsy çäkler" barada ýa-da ony goramak hakynda gepläp ýa-da öwredip oturanyna, şol sanda ony durmuşa geçirýänine gabat gelmedim.

Men türkmen gelni we bu meniň şahsy hekaýam. Geçen Nowruz baýramyny obada geçirdik. Şonda özüm ýaly gelinleriň gaýynlary, ýanýoldaşlary ýa-da goňşulary tarapyndan ezilýänine ýene bir gezek şaýat boldum. Hamala, robot ýa-da bir janawar. "Otur" diýilse, oturar, "tur" diýilse, turar. Geplese, halanmaz. Islegini dagy beýan etse, terbiýesiz, edepsiz bolar. Bu diňe bir gelinlere däl-de, islendik "ejiz" şahsa (çagalar, kiçi ýaşlylar, üstünden agalyk edilýän islendik adama) hem degişli. Hany ynsanyň şahsy çäkleri?! Çagalar "şahsy çäkler" düşünjesiniň bardygyny hem duýman ulalyp gidýärler. Bu üýtgewsiz halka nesilden nesle dowam edip dur. Içimiň ýanýan ýeri – bu wakalar bilimli, ylymly bolsa-da konserwatiw maşgalalarda hem bolup geçýär. Meselem, meniň gaýynlarymyň (gaýyn atam, gaýyn agam, ýüwürjilerim) hemmesi ýokary bilimli. Emma, haçan-da goňşy gaýyn agam meniň gündelik durmuşyma goşulanda, men hem oňa "Meniň seniň bilen baglanyşykly ýerim ýok. Öz maşgalaň bilen bol." diýemde, meni gaýynlam ýazgardylar. Hatda ýüwürjim meniň üstüme gygyrdy (men hem oňa!). Şeýdip meniň şahsy çäklerimi goramagym maşgalamyzda gowga sebäp boldy. Biziň jemgyýetimizde geplemezlige “maşgala abadançylygyny, abraýyny saklamak” diýip düşünilýär.

Sen türkmen jemgyýetinde ýaşaýan bolsaň, şahsy çäkler barada bilmelisiň. Bolmasa, töweregiňdäkiler ýaly, ezilersiň, söz hukugyň bolmaz, öz pikiriňi erkin beýan etmersiň, gysgaça, erkana bir şahsyýet bolmarsyň, sebäbi bu saňa höküm edýänlere ýaraman biler!

#okyjy #dymma #hekaýaňypaýlaş #maşgaladakyzulum #öýdäkizulum

  • 1408 gezek okalan