Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
Sen ýurdumyzda çagalaryň ýagdaýy barada nähili möhüm sanlary bilýärsiň? Takyk we ygtybarly sanlar durnukly ösüşiň hem-de progressiw döwlet gurluşynyň we dolanyşygynyň özenidir. Ygtybarly sanlary ýygnamak bolsa, diňe bir ykjam guramaçylygy däl, eýsem öz durmuşlarynyň we halkyň gelejeginiň aladasyny edýän raýatlaryň işjeň gatnaşygyny talap edýär. Raýatlaryň her bir zatdan habarly bolup, seslerini eşitdirip bilmekleri ýurtda olaryň hukuklaryny we bähbitlerini goraýan kararlaryň kabul edilmegine we ýaşaýyşlarynyň hiliniň gowulanmagyna ýol açýar.
2023-nji ýylyň maý aýynyň 15-17 aralygy UNFPA Türkmenistan özüniň Instagram sahypasynda Halkara maşgalalar gününe bagyşlap habar beriş kampaniýasyny geçirdi. UNFPA Türkmenistanyň sosial kadalary soraglamak hem-de deňlik, ikitaraplaýyn hormat we deň bölünen jogapkärçilik medeniýetini ösdürmek ugrunda iş alyp barýandygy begendirýär. Şeýle konstruktiw tagallalar Türkmenistanda has inklýuziw jemgyýetiň kemala gelmegine saldamly goşant goşup biler.
Biz Saglykda soňky 13 ýyl bäri maşgalany meýilleşdirmek, jynsy we reproduktiw saglyk temalaryndan kontent döredip gelýäris. Biz UNFPA Türkmenistana geljekde ilata habar beriş kampaniýalaryny taýýarlamakda ýardam edip biljek tekliplerimizi hödürlemek isleýäris.
Öýdäki zorluk her bir ýurtda, şol sanda Türkmenistanda hem düýpli ornaşan meseledir. Hökümetimiz bu meseläni ünsden düşürse-de, ençeme döwletler öýdäki zorlugy jenaýatlaşdyrdy ýa-da onuň öňüni almak üçin çäreler görmäge başlady.
2023-nji ýylyň 6-njy aprelinde, Özbegistanyň parlamenti öýdäki zorlugy jenaýatlaşdyrmagy tassyklady. Ýurduň Jenaýat we Administratiw kanunyna giriziljek täze üýtgetmeler öýdäki zorlugy jenaýat hasaplar hem-de aýallary we çagalary goramak üçin goşmaça gorag mehanizmleri bilen üpjün eder. Bu üýtgetmeler prezident tarapyndan gol çekilenden soň güýje girer. Özbegistan Merkezi Aziýada Gyrgyzystandan soň öýdäki zorlugy jenaýatlaşdyran ikinji döwletdir.
Men syrkaw, 6 ýyldan bäri ysgynsyzlyk keselinden ejir çekýän. Ysgynsyzlyk 6 ýylyň içinde ýuwaşdan tutuş bedenime ýaýrap, elimiň aýagymyň güýç kuwadyny gaçyrýar. Bu ýerde köp hassahanalarda bejergide boldym, her 6 aýdan näçe çykdaýjy etdim, hiç peýdasy bolmady.
Biziň jemgyýetimizde çagalara edilýän jynsy zorluk hadysalary barada açyk gürrüň edilmeýär. Degişli statistiki maglumatlar hem elýeterli däl. Köplenç halatlarda, jynsy zorluga kiçi ýaşly we kämillik ýaşyna ýetmedik çagalar duçar bolýarlar. Çünki olar durmuşy tejribesi az, ynanjaň, diýen ediji, ýagdaýa baha berip netije çykarmaga ukypsyz bolýarlar. Şol bir wagtda hem, olar duýgur we goragsyz bolup, zorlugy başdan geçirmek ruhy ýagdaýlaryna zarba urup biler.
Ýatgynyň boýunjygynyň rak keseliniň öňüni almagyň amatly we subut edilen ýollary bar hem bolsa, olary heniz dünýäniň her bir ýurdy durmuşa geçirip bilmeýär. UNFPA tarapyndan 2022-nji ýylyň dekabrynda taýýarlanylan "Gündogar Ýewropada we Merkezi Aziýada ýatgynyň boýunjygynyň ragynyň öňüni alşyň, bejerişiň we palliatiw kömegiň geriminiň analizi" hasabatda GÝMA sebitindäki ýurtlarda we territoriýalarda ragyň bu görnüşine degişli maglumatlar we maslahatlar berilýär. Hasabat Türkmenistana degişli hem möhüm synlary we maslahatlary hödürleýär.
Adamy güýç, aldaw ýa-da haýbat bilen islendik bir zähmete ýa-da jynsy gatnaşyga itermeklige adam söwdasy diýilýär. Dünýäde her ýyl millionlarça adam munuň pidasy bolýarlar. BMG-nyň Neşe serişdeleri we jenaýat boýunça edarasynyň 2023-nji ýylyň ýanwarynda çykaran "Adam söwdasy dogrusynda global hasabaty" bu meselä degişli sebitleýin ýagdaýlar we tendensiýalar barada habar berýär.
Türkmen maşgalasynda gyzy terbiýelemegiň düzgünleri we aýratynlyklary öz gözbaşyny ata-babalarymyzyň terbiýeçilik nesihatlaryndan alyp gaýdýar.
Her türkmen maşgalasynda gyz çaga başga biriniň törüne geçmeli geljekki gelin, soň ene, maşgala ojagyny goraýjy öý bikesi hökmünde seredilýär. Gyza berilýän terbiýe hem şoňa kybapdaş bolýar: öý-hojalygy arassa saklamak we dogry ýola goýmak, nahar bişirmegi we tikin-çatyn etmegi öwrenmek, baran ýeriň bilen bolup, "onuň ody bilen girip, küli bilen çykmak", adamyň we onuň maşgalasynyň pikirlerini oňlamak... Göräýmäge işeňňir we hemme maşgalanyň göwnünden turýan gelin bagtly bolmaly. Adamsy ony elinde götermeli we eklemeli, maddy taýdan hiç zada zar etmeli däl. Adamsynyň maşgalasy bolsa oňa hormat goýup, deňhukukly maşgala agzasy hökmünde garamaly.
SSSR diýip atlandyrylan imperiýa dargandan soň, düzümine girýän hemme ýurtlar bilen bir hatarda biziň Türkmenistan döwletimiz hem özbaşdak döwlet boldy. Ýurdumyzyň başga ulgamlarynda degerli täzelikleriň girizilşi ýaly saglygy goraýyş ulgamynada täzelikler girizildi:
ABŞ-nyň 13 ştatynda göwreliligiň irki döwürlerinde hem abort etdirmek gadagandyr. Emma göwrelilik dokumanyň aslynda nähili görnüşde bolýandygyna seýrek duş gelinýär.
Aborta garşy göreşýänleriň onlarça ýyllap dowam etdiren kampaniýalary netijesinde, bu günki gün ABŞ-nyň 14 ştatynda abort düýbünden gadagan ýa-da berk çäklendirilen ýagdaýdadyr. Käbir ştatlarda aborta indi lukmançylyk prosedurasy däl-de, ahlak meselesi hökmünde garalýar. Pensilwaniýa ştatynyň bir wagtky senatory, häzirki wagtda gubernatorlyga dalaşgär – Doug Mastriano – abort gadagançylygyny bozýan sahsyýetleri adam öldürmekde aýyplamaga çagyrýan köpsanly respublikan syýasatçylarynyň biridir.
Использование и распространение материалов рекомендуется, однако, воспроизводство и публикации копий материалов не могут быть использованы в коммерческих целях. Дальнейшее использование разрешается в соответствии с условиями лицензии Creative Commons.
Use and dissemination of the materials is encouraged; however, reproduction and cross-posting of copies may not be used for commercial purposes. Further usage is permitted under the terms of the Creative Commons License.
Materiallary ulanmak we ýaýratmak maslahat berilýär. Emma materiallaryň göçürme nusgalaryny gazanç maksady bilen gaýtadan işläp çap etmek gadagandyr. Bu materaillary mundan beýläk Creative Commons lisenziýasynyň şertlerine laýyklykda ulanmak rugsat edilýär.