MÄHRIBAN DOSTUMYZ & JORAMYZ,
Geçen sekiz ýylyň içinde Saglyk rak keselleriniň anyklaýyş we bejeriş ýollary barada ýigrimiden gowrak blog ýazdy. Rak Türkmenistanda her bir adama özüni tanadan ýowuz keselleriň biridir. Maşgalamyzdan biriniň ýa-da garyndaşymyzyň, dost-ýarymyzyň ýa-da goňşymyzyň üsti bilen bu kesele şaýat bolmadygymyz ýokdur.
4-nji fewralda bellenilýän Bütindünýä Rak keseline garşy göreşmek Gününe bagyşlap, biz senden il saglygy ugrunda çekýän zähmetimizi we halkymyza ragyň öňüni almak, ony anyklamak we bejermek hakynda ygtybarly maglumatlary ýetirmekde edýän aladalarymyzy Saglyk.org guramasyna maliýe kömegini bermek arkaly goldamagyňy soraýarys.
Geçen ýyllarda, sosial mediada türkmenleriň rak keselini daşary ýurtlarda bejertmek üçin maliýeleşdiriş haýyr-sahawat kampaniýalaryna gabat gelen bolmagyň mümkin. Rak bejergisi üçin nalaç Hindistana, Türkiýä ýa-da Russiýa tarap medisina syýahatyna çykmaly bolýan ildeşlerimiziň sany barha artýar. Biz Saglyk topary bolup, türkmen jemgyýetinde ragyň döredýän umytsyzlygyna we ol barada zyýanly toslamalara bolan ynançlara şaýat bolduk.
Bütindünýä Saglyk Guramasynyň (WHO) 2014-nji ýylda çykaran statistikasy Türkmenistanda her ýyl rakdan 4,000 adamyň ölýändigini habar berýär. Lukmanlar we synçylar bolsa bu sanyň has ýokary bolmagynyň ahmaldygyny belleýärler. Aýallarda süýt mäzleriniň ragy, erkeklerde aşgazan we öýken raklary hassalaryň ölümine iň köp sebäp bolýan rak görnüşleridir. Türkmenistanda leýkoza (akganlylyk) uçran çagalaryň 40-50% diri galmak ähtimallygy bar. Ösen ýurtlarda bolsa bu görkeziji 90% bolup durýar. Ýurdumyzy we goňşy döwletleri öwrenýän hünärmenler Türkmenistanda ragyň irki alamatlaryny anyklaýyş derejesiniň örän pesdigini nygtaýarlar.
Ragyň öňüni alyş we anyklaýyş baradaky maglumatlary türkmen dilinde ýaýratmak bilen, Saglyk Türkmenistanda saglyk sowatlylygyny ösdürmekde 8 ýyl bäri zähmet çekip gelýän ýeketäk platformadyr.
Seniň maliýe kömegiň bize rak keselleri we Türkmen halkyna möhüm bolan jynsy ýokançlyklar, maşgalany meýilleşdirme, reproduktiw (önelgelilik) saglygy ýaly meseleler barada maglumatlary taýynlap, size ýetirmäge uly ýardam berer.
Bu gün biz watandaşlarymyza rak keseliniň ölüme deň däldigini aýdasymyz gelýär.
Bilim rakdan üstündir!
Ragyň öňüni almak barada ylma esaslanýan, döwrebap we dili ýeňil bolan maglumatlary türkmen we rus dillerinde çap etmek bilen, biz Türkmenistanda rak bilen näsaglara öz ýagdaýlaryna has gowy düşünmäge kömek edip bileris. Türkmen dilinde ulanmasy amatly bolan materiallary çykaryp, Saglyk ragyň öňüni alyş we ir anyklaýyş ýollaryna üns çekmek isleýär. Ragy irki tapgyrlarda anyklap bilmek köplenç ondan gutulmaga iň gowy mümkinçilikleri döredýär. Hökümet, şol bir sanda her bir adam hem ragy ir anyklamaga ukyplydyr we borçludyr.
Möçberi uly bolsun ýa kiçi, her bir maliýe kömeginiň gymmaty çäksizdir. Maliýe kömegiňi ýetirmek üçin SALGYDAN peýdalanyp bilersiň.
Goldawyň üçin minnetdarlyk bildirýäris.
Saglyk
KÖP SORALÝAN SORAGLAR:
Raga degişli bloglaryň sanawyny şu sahypanyň aşaky bölüminde tapyp bilersiň. Olary dost-joralaryň we maşgalaň bilen paýlaşmak arkaly bolsa, bize bu möhüm materiallary has köp türkmenistanlylara ýetirmäge kömek edip bilersiň.
RAK BARADA SAGLYK.ORG-da ELÝETER BOLAN BLOGLAR
(makalalar ýörite Saglyk.org üçin türkmen dilinde işlenilip düzüldi)