Alkogolly içgileriň içilip, maşyn sürmäge rugsat berilýän mukdary ýokdur. Içilýän mukdaryna garamazdan, alkogol içgilerini kabul edip, maşyn sürmäge rugsat berilmeýär!
Dowamy
Piwo içgisi hem alkogolly içgilere degişli edilip, oňa bolan öwrenişme tiz döreýändir. Statistika boýunça, piwo iň köp mukdarda kabul edilýän alkogolly içgilere degişli bolup, onuň täsirinden döreýän alkogolizm keseli çalt ýaýbaňlanýan we kynlyk bilen bejerilýändir. Häzirki wagtda öndürilýän piwo içgisine garylýan garyndylar (şol sanda, zäherli bolan aldegidler) bagyr we aşgazan üçin zäherli bolup bilerler. Ondan başga-da, olar bedenden peýdaly maddalary we witaminleri ýuwup, olaryň ýetmezçiligine getirip bilerler.
Dowamy
Adam beýnisi – beýni öýjükleri bolan onlarça milliard neýronlaryň örän çylşyrymly baglanşygy bolup, olar bedeniň daşary gurşaw bilen gatnaşykda bolmagyny, dogry hereketi we içki agzalaryň sazlaşykly işini üpjün edýär. Nerw öýjükleriiniň sazlaşykly işi bize pikirlenmäge, geplemäge, ýatda saklamaga, begenmäge ýa-da gynanmaga mümkinçilik berýär.
Dowamy
Abort – bu ýatgyda ösýän çaga düwünçegini lukmançylyk gurallary bilen gyryp aýyrmakdyr. Başgaça aýdylanda, göwrelilik togtadylýandyr.
Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, göwredäki çagany göwreliligiň 5-nji hepdesine çenli aýyrmak rugsat edilýär. 6-nji hepdeden 22-nji hepde aralyk möhletde çagany diňe bellenen lukmançylyk we sosial görkezmeler bilen aýyrmaga rugsat berilýändir. 2016-nji yýla çenli, kanuna görä, Türkmenistanda göwredäki çagany göwreliligiň 12-nji hepdesine çenli aýyrmak rugsat edilýärdi.
Dowamy
Biziň köpümiz aýbaşy wagty göwreliligiň galyp bilmejekdigine ynamly bolýarys. Ýöne bu ýagdaý gyzyň aýbaşy halkasynyň dowamlylygyna baglydyr. Eger gyzyň aýbaşy halkasy gysga bolsa (19-21 gün), elbetde aýal öýjüginiň 8-10-njy günlerinde ýetişip başlamagy ähtimaldyr. Owulýasiýa wagtyndan takmynan 3-4 gün öň we soň jynsy gatnaşykdan saklanmagyň hökmandygyny ýatlasak, biz edil aýbaşy günlerine düşüp bilýäris. Aýal öýjüginiň hem ýetişip ortaça 48 sagat, erkeklik öýjüginiň jyns ýollarda 3 gün ýaşaýandygyny ýatda saklamalydyr.
Edil şonuň üçin hem, aýbaşy halkasy gysgamöhletleýin bolan aýal-gyzlar aýbaşy wagty hem kontrasepsiýa barada aladalanmalydyr.
Aslynda ujydyň jynshana salnyp, jynsy gatnaşygyň geçirilmegi göwreliligiň galmagynyň esasy şerti hasaplanýar. Ýöne lukmanlaryň bellemegine görä, ujyt bilen daşky jyns agzalaryň gyjyndyrylmagy (petting) netijesinde bölünip çykýan dölüň jyns agzalaryna düşmegi, käbir ýagdaýlarda göwreliligiň galmagyna getirip bilýär. Bu ýagdaýda göwreliligiň galmagy üçin döl jyns agzalaryna düşmelidir we döldäki erkeklik öýjükleriniň hereketjeňligi ýokary bolmalydyr. Ondan başga-da, bu günler ýumurtgalykda aýal öýjüginiň ýetişip çykýan günleri (owulýasiýa) bilen gabat gelmelidir.
Aýbaşynyň wagtynda gelmezliginden we öz ýagdaýyň üýtgeýändigini düýüp, göwreliligi anyklamaga kömek edýän testleriň kömegi bilen göwrelidigiňi anyklap bilersiň. Elbetde, islenilmedik göwreliligiň döremegi sende we seniň ýoldaşyňda aljyraňlyk, gorky, lapykeçlik döredip biler. Ýetginjeklik ýaşyňda doly kemala gelmedik, berkemedik seniň bedeniň üçin göwrelilik uly agram, zarba bolup biler. Sen we seniň halaşýan oglanyň entek okuwçy we siz doly ene-ataňyzyň idetmeginde ýaşaýarsyňyz. Göwreliligi kadaly we sagdyn geçirmek hem-de çaganyň dogulmagy bolsa uly pul harajatlaryny, aladalary, lukmanyň gözegçiligini, gerek bolanda derman serişdeleriniň satyn alynmagyny talap edýändir. Galyberse-de, çaganyň dogmagy we onuň idegi, terbiýesi – ene-ata üçin uly jogapkärçilikdir.
Dowamy
Göwrelilik – bu kontrasepsiýa serişdelerini ulanmazdan geçirilýän jynsy gatnaşyklar netijesinde tohum öýjüginiň emele gelip, ýatgyda 10 akuşer aýyň (285 gün) dowamynda çaganyň ösmegidir. Göwrelilik doly göterlende ýetik çagany dogma bilen, ýagny dogum bilen gutarýandyr. Ýöne käbir çynlakaý sebäplere görä, dörän göwrelilik dürli möhletlerde (esasan 22 hepdä çenli) düşüp biler ýa-da ýatgynyň içindäki düwünçek ösmän biler. Şeýle hem 22 hepdeden soň, 37 hepdä çenli göwrelilik wagtyndan öňki dogum bilen tamamlanyp bilýändir.
Dowamy
Anal jynsy gatnaşykda, prezerwatiw ulanmak hökmandyr. Ol sizi we ýoldaşyňyzy jynsy gatnaşyklar arkaly geçýän kesellerden (wirusly gepatitler, merezýel, sözenek, adamyň papilloma wirusy, AIW) gorar.
Ýoldaşyň bilen gatnaşyklaryňyzyň pugta we ynamly bolmagy hem-de jynsy gatnaşyklaryň saglyk üçin howpsuzlygyny berjaý etmek üçin jynsy ýokançlyklara barlanma meselesini çözmek wajypdyr.
Bu soragy biri-biriňe bermekde utançlyk bolmaly däldir. "Sen maňa ynanaňokmy?", "Sen meni utandyrjak bolýarmyň?" diýen soraglar aslynda hiç bir meseläni çözmeýär. Eger siziň özara duýgularyňyz çynlakaý, gatnaşyklaryňyz berk bolsa we siz pikirlenmelerden soň jynsy gatnaşyklary başlamagy meýilleşdiren bolsaňyz, biri-biriňiziň saglygyňyz barada hem aladalanarsyňyz. Bu soraga garaýşyňyz siziň biri-biriňize bolan duýgularyňyza synag bolup biler.
Dowamy