"Salam! Meniň 1 ýaş 3 aýlyk oglum bar. Oglum hiç semremeýär – agramy 8 kg 200 gr, boýy 73 sm. Ene süýdünden başga ýanyndan nahar hem berýän, ýöne işdäsi kän gowy dal. Süýtli önümleri hiç hem iymeýär: owsýanka kaşasyny, süýt-gatyk hem içenok. Men oglumy semredip, immun ulgamyny berkitmek üçin näme etsem gowy bolarka?"
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka
Eger sen hem çagalaryňy elektroniki enjamlaryň öňünden aýyrmakda kynçylyk çekýän bolsaň, synanyşmagy bes etmezlige ýene bir sebäp: Daşarda her gün azyndan 2 sagat wagt geçirmek çagalaryň görejini goramak üçin edip boljak iň möhüm zatlaryň biridir.
1970-nji ýyllarda ABŞ-nyň ilatynyň diňe 25%-inde miopiýa (şowalyk) bolan bolsa, häzirki wagtda ol 42%-e çykdy. Gündogar Aziýa ýurtlarynyň käbirinde ýaş oglan-gyzlaryň 90%-i kämillik ýaşyna ýetýänçä miopiýa ulaşýarlar.
Dowamy
Çagaň kellesinde bitiň ýa-da sirkäniň bardygyny görüp howsala düşmezlik mümkin däl bolsa gerek. Eger bitleriň kesel ýokuşdyrmaýandygyny we olaryň saglyga ýetirýän iň uly zyýanynyň gijiletmekdigini bilseň gaýgyň azalarmy?
Dowamy
Ünsüň ýetmezçiligi we aşa hereketjeňlik sindromy (ÜÝAHS) – merkezi nerw ulgamynyň işiniň bozulmagy netijesinde ruhy we emosional ösüşiň üýtgemegi bilen häsiýetlendirilýän ýagdaýdyr. Beýnide noradrenaliniň we dofaminiň ýetmezçiligi netijesinde ünsüňi jemleme, çözgüt tapma ýaly endiklere jogapkär merkezleriň beýni öýjükleriniň arasynda aragatnaşyk bozulýandyr.
Dünýäde, statistika boýunça gyzjagazlar bilen deňeşdirlende, oglanjyklarda 3 esse ýygy duş gelýär.
Dowamy
GÖR, ILIŇ ÇAGASY BELA ÝALY...
↪ Ene-atanyň düşünişi: Çagam utansyn we özünden gowy çagalardan görelde alsyn.
↪ Çaganyň düşünişi: Iliň çagasyny menden gowy görýärler. Men hiç kimçe ýok. Dogulmadyk bolsam gowy bolardy.
↪ Zyýansyz ýoly: Çagaňyza başarnyklaryna guwanýandygyňyzy bildiriň we gowşak taraplary barada ony hiç kime deňemän gürrüň ediň. Ondan kynçylyk çekýän zatlary barada soraň we hemişe kömege, goldawa taýýardygyňyzy düşündiriň.
Dowamy
Dowamy
Daun sindromy adamda bir artykmaç hromosomanyň bolmagy bilen häsiýetlendirilýär. Soňky ýyllarda Daun sindromy has hem köpeldi we Daun sindromly çagalaryň ömürleri barha uzaýar.
Daun sindromy näme?
Daun sindromly adamda bir artykmaç hromosoma bolýar. Hromosomalar bedendäki gen "haltajyklarydyrlar". Olar çaga göwredekä onuň bedeniniň gurluşyny we işleýşini kesgitleýärler. Adatça, çaga 46 hromosomaly dogulýar. Daun sindromly çagalarda bu hromosomalaryň biriniň, ýagny 21-nji hromosomanyň, artykmaç kopiýasy bolýar. Lukmançylykda artykmaç hromosomanyň bolmagyna "trisomy" diýilýär. Şonuň üçin, Daun sindromyna "Trisomy 21" hem diýilýär. Bu artykmaç kopiýa bäbegiň bedeniniň we beýnisiniň ösüşini üýtgedýär – bu bolsa bäbek üçin psihiki we fiziki kynçylyklary döredip bilýär.
Dowamy
Poliomiýelit (polio) örän ýokanç kesel bolup, esasan 5 ýaşdan kiçi çagalara täsir edýär. Poliomiýelit wirusy adamdan adama nejesat-agyz ýoly arkaly, käbir ýagdaýlarda hem, zäherlenen suw ýa iýmit arkaly ýokuşýar. Wirus içegede köpelýär we nerw ulgamyna hüjüm edip, adamy ysmaz edýär. Wirusy köplenç ýokuşan adamlar (esasan çagalar) nejesatlarynyň üsti bilen ýaýradýarlar. Bu esasan gigeýana we sanitariýa şertleri ýaramaz ýerlerde çalt ýaýraýar.
Ýabany poliowirusyň 3 görnüşi bar we onuň 2-nji görnüşi 1999-njy ýylda doly ýok edildi. 3-nji görnüşli poliowirus hem 2012-nji ýyldan bäri hasaba alynmady. Şonuň üçin, 2-nji we 3-nji görnüşler "global taýdan ýok edildi" diýlip ykrar edildi. Häzirki 2020-nji ýylda ýabany poliowirusyň 1-nji görnüşi iki ýurda ýaýramagyny dowam edýär: Päkistan we Owganystan.
Dowamy
2020-nji ýylyň 1-7 awgust aralygy Çagany Ene Süýdi Bilen Iýmitlendirmegiň Bütindünýä Hepdeligi. Bu hepdeligiň esasy mowzugy "Planetamyzyň has sagdyn bolmasy üçin çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamakdyr". Bu mowzukdan ugur alyp, Saglyk UNICEF guramasyny we Saglyk Ministrligini çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmekde ilata maslahat we goldaw berme hyzmatlaryny ösdürmäge çagyrýar. Ýurdumyzda bu mowzukda esasy meseleleriň biri ene süýdüniň peýdasy barada türkmen dilindäki maglumatlaryň ýetmezçiligidir. Şeýle maglumatlar diňe eneler üçin däl-de, atalar üçin hem çykarylmaly we düşündirilmeli. Ene-atalaryň kän soraýan soraglaryna jogap berýän sosial mediýa hasaby ýa-da web sahypasy açylmaly. Kynçylyklar ýüze çykanda kimden we nireden tiz konsultasiýa alyp bolýandygy anyk görkezilmeli. Çaga ene süýdi bilen iýmitlendirilende diňe çaga däl, bütin maşgala we jemgyýet utýar. Şonuň üçin, düşündiriş işleri diňe enä gönükdirilmän, atalary, maşgala agzalaryny, iş berijileri hem öz içine almaly. Çaga emdirýän işgär eneler üçin, kanuna görä, çagany wagtly-wagtynda emdirmäne amatly iş şertleri döredilmeli.
Dowamy
Köplenç doglan wagtyndan başlap kiçijik çagada nerw ulgamynyň keselleri, has ýygy hem kelle çanagynyň içki basyşynyň ýokarlanmagy (KÇIBÝ) ýüze çykýar. Il arasynda bu ýagdaýy "çerepnoý dawleniýe" ýa-da "çerepnoýy galdy" diýip belleýärler. Bu kesel kesgidi häzir çagalaryň 80%-de kesgitlenip, ene-atalary uly alada goýýar.
Basyş nähili peýda bolýar?
Dowamy