Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
Akuşer-ginekolog lukmanlary dogumdan soňky birinji dört-alty hepdäniň dowamynda jynsy gatnaşykdan saklanmagy maslahat berýärler. Dogumyň geçişine baglylykda bu möhlet her aýalda dürli dowamlylykda bolup biler. Bu döwürde ýatgynyň uly ölçegde bolup, onuň nemli gatlagynyň dikelmä mätäçligi we gelýän ganly bölünip çykmalar oňa ýokançlyklary düşürme howpuny ýokarlandyrýar. Ýaňy dogumy başyndan geçiren aýalyň önelgelilik agzalary dikelip, fiziki we emosional saglygy kadalaşýança jynsy gatnaşyklary geçirmezlik dogry hasaplanýar.
Çaga dogrumyndan soňky ilkinji günlerde köp enäni tukatlyk we boşluk gaplap alýar. Bu duýgy köplenç 3-5 günüň içinde aýrylyp gidýär. Eger dogrumdan soňky sussupeslik wagty bilen geçmese ýa-da gamgynlyk, umytsyzlyk we boşluk 2 hepdeden köp dowam etse, onda seniň dogrumdan soňky depressiýa düşen bolmagyň mümkin. Çaga dogrumyndan soň özüňi umytsyz we tukat duýmagyň kadaly ýa-da tebigy zat däldigini eneler bilmelidir.
Dogrumdan soňky depressiýa gylyk-häsiýetiňe we fiziki saglygyňa täsir edýän çynlakaý ruhy hassalykdyr. Depressiýa düşen enäni göwnüçökgünlik gaplap alýar we gündelik işleri etmäge päsgel berýär. Depressiýaly enäniň bäbegi bilen ysnyşmazlygy, ony keseki bäbek ýaly görmegi we oňa mähir bermezligi ahmal. Bu duýgular orta hili ýa-da örän güýçli bolup bilýär.
Sonky wagtlarda "Raýatlyk dogruma ýanýoldaşynyň gatnaşmagy zerurmy?" diýen soraglar köp ýüze çykýar. Biziň döwletimizde raýatlyk dogrumy bar we oňa aýal maşgalanyň gatnaşmagyna rugsat berilýär. Şuňa zenanlaryň özleri hem garşy däl, sebäbi dogrum wagtynda ýanýoldaşynyň özlerini perişan halda görmeklerini islänoklar.
Raýatlyk (Ony "hossarly ýa-da ýoldaşly dogrum" diýip atlandyrsa hem bolar) dogrumy – bu dogurýan zenanyň iň ýakyn, ynamdar hossarynyň ýagny ejesi, dogany, jorasy ýa-da daşary ýurtlarda bolşy ýaly psiholog lukmanynyň, ýörite taýýarlykly aýalyň (dulanyň) dogruma gatnaşmagyna aýdylýar. Hossaryň esasy wezipesi – burgy towy başlanandan, tä çaga dogulýança zenana kömek edip dogrumyň ýeňil geçmegini gazanmakdyr.
Dokuz aý dowam eden göwrelilik döwrüniň aladalary we dogrum bilen bagly howsalalar, agyrylar, tolgunmalar yzda galdy. Siz öz enaýyja bäbejigiňiz bilen dogrum öýünden öýe geldiňiz. Ene üçin häzir gün tertibini düzgünleşdirmegiň we şahsy arassaçylyk düzgünleriniň kadalaryny ýadyna salma wajyp bolup durýandyr.
Şahsy arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek talaby
Dogrum öýünden çykmazdan öň öýde tertipleýiş we tämizleýiş işlerini geçirme wajyp bolup durýandyr. Çaganyň ýaşajak otagyndan artyk, gerek bolmajak mebel, halylar, öý haýwanlary, eldekileşdirilen öý guşlary çykarylmalydyr. Otag ýygy-ýygydan ýelejiredilmelidir, onuň içinde çilim çekmek, arlyklary guratmak we hapa geýim-eşikleri saklamak bolýan däldir.
Her ýylyň 1–7-nji awgust aralygynda 170-den gowrak ýurt ene süýdi bilen iýmitlendirmege bagyşlanan Bütindünýä Hepdeligini belläp geçýär. Hepdelik jemgyýetiň ýaş çagalary ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň wajyplygyna, onuň bilen baglylykda çagalaryň saglygyyny gowulandyrmak meselelerine ünsi çekýär.
Hepdelik 1990-nji ýylyň awgust aýynda Innoçentiý jarnamasynyň, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG), UNICEF-yň we başga guramalaryň yglan eden senesini belleýär we olaryň ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goramak, goldamakdaky we köpçüligi habardar etmekdäki bolçlaryny ýatladýar.
Dogrumdan soňky döwür, çaganyň ýoldaşynyň çykmagyndan soň başlanýar we dogrum wagtynda üýtgeme geçiren hemme agzalar we beden ulgamlary öňki ýagdaýyna gaýdyp gelýänçä dowam edýär. Ol 6-8 hepde aralygy öz içine alýar.
Bu döwürde çaga dogran enäniň hemme agzalary göwrelilikden öňki ýagdaýyna gaýdyp gelýär.
Dogrumdan soňky döwürde, diňe çaga barada dälde, eýsem ene barada alada etmek wajypdyr. Enäni alada, ünsli, mähirli gatnaşyk bilen gurşamaly. Bu ýerde çaganyň atasynyň, başga maşgala agzalaryň orny ulydyr.
Göwrelilik döwründe, geljekki ene özünde döräp, ulalýan täze ýaşaýşy kabul etmäge öwrenişýär. Dograndan soň ol ene bolýar. Ol çagany duýmaly, oňa öwrenişmeli, onuň aladasy bilen ýaşamaly. Çaga degişli hemme işlerde ol özüne uly jogapkärçiligi almaly bolýar.
Использование и распространение материалов рекомендуется, однако, воспроизводство и публикации копий материалов не могут быть использованы в коммерческих целях. Дальнейшее использование разрешается в соответствии с условиями лицензии Creative Commons.
Use and dissemination of the materials is encouraged; however, reproduction and cross-posting of copies may not be used for commercial purposes. Further usage is permitted under the terms of the Creative Commons License.
Materiallary ulanmak we ýaýratmak maslahat berilýär. Emma materiallaryň göçürme nusgalaryny gazanç maksady bilen gaýtadan işläp çap etmek gadagandyr. Bu materaillary mundan beýläk Creative Commons lisenziýasynyň şertlerine laýyklykda ulanmak rugsat edilýär.