• Sorag-jogap

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ENDOKRIN ULGAMY NAME?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

endokrin ulgamy nameEndokrin ulgamy – endokrin öýjükleriniň işläp çykarýan gormonlary arkaly içki agzalaryň işini kadalaşdyryjy ulgamdyr.

Bu ulgam:

↪ Daşky gurşawyň üýtgäp duran şertlerinde bedeniň içki ýagdaýynyň durnuklylygyny saklamaga kömek edýär;

↪ Nerw we immun ulgamy bilen bilelikde ösme, beden kämilleşmesi hadysalaryny, onuň jynsy aýratynlygyny we önelgeliligi kadalaşdyrýar;

↪ Beden energiýasyny emele getirme, harçlama we saklama hadysalaryny sazlaýar;

↪ Nerw ulgamy bilen bilelikde gormonlary, emosional durky sazlamaga we adamyň psihiki işjeňligini amala aşyrmaga gatnaşýar.

Jogaby oka

  • 541 gezek okalan

PROBIOTIKLER PEÝDALYMY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

probiotikler"Salam lukman! Gyş aýlary ýygy keselläp uzak antibiotik dermanlary ulanmaly boldum. Şondan soň haýsy probiotik serişdeleri ulanmak peýdaly bolarka?"

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 608 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.50 (4 Ses)

aybasym gija galdyHormatly okyjy,

Aýbaşyňyz wagtynda gelmedik bolsa, göwreliligi anyklaýan ýörite test bölejiklerini ulanyp, ultrases barlagyndan geçip ýa-da ganda göwrelilik wagty ýokarlanýan horion gonadotropinini (rus. – хорионический гонадотропин человека – НГЧ) anyklap göwrelilik ýagdaýyny kesgitläp bilersiňiz. Bu gormonyň derejesi göwrelilik wagty her 72 sagatdan iki esse ýokarlanýandyr we göwreliligiň 8-9 hepdesinde iň ýokary derejesine ýetýändir.

Göwrelilik ýagdaýyny anyklanyňyzdan soň degişli maslahatlary almak üçin akuşer-ginekolog lukmanyna ýüz tutmagy ýatdan çykarmaň.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 949 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

antibiotiklere durnukly incekeselAntibiotiklere durnukly inçekeseliň "köpsanly derman durnuklylygy" görnüşi bu ugurda has netijeli bolan izoniazid we rifampisin dermanlaryna durnuklylygy aňladýan bolsa, "giňişleýin derman durnuklylygy" düşünjesi agzalan serişdelerden başga ftorhinolon toparyna (lewofloksasin ýa-da moksifloksasin) ýa-da ikinji topara degişli sanjym (amikasin, kanamisin, kapreomisin) görnüşdäki serişdeleriň iň bolmanda birine bolan durnuklylygy aňladýandyr.

Dowamy

  • 703 gezek okalan

ÇAKYZANYŇ SEBÄBI NÄME?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

cakyza keseli"Salam hormatly lukman! Men 29 ýaşymda, mende çakyza diýen kesel bar. Onuň tutan wagty gözüm garaňkylap we erbet kelläm agyryp, iýen naharlamy gaýtarýan. Çagalykda maşgala lukmanym ulaldygymça aýryljakdygyny aýtsa-da, keselim geçenok. Hiç bir lukmandan netijeli maslahat alyp bilmedim. Käwagt ýygy tutýan, käwagtlar ýylda bir- iki gezek tutýan wagty hem bolýar. Meniň ozal geçiren keselim ýok. Ýol-ulag hadysasyna sezewar bolmadym. Bu keseliň sebäbi nämedenkä?”

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 1495 gezek okalan