KITAPLAR

MAŞGALA SAGLYGY - Kitaby Ýükle

MAŞGALA SAGLYGY

Biz Siziň dykgatyňyza Maşgala Saglygy atly gollanmany hödürleýäris. Bu gollanma maşgala üçindir. Ol "Where There is No Doctor" atly iňlis dilindäki asyl nusgadan terjime edilip, türkmen halky üçin uýgunlaşdyryldy. "Where There is No Doctor" kitaby, megerem, dünýäniň ähli künjeklerinde ilat tarapyndan iň köp ulanylýan gollanmalaryň biridir. Bu kitap 70-den göwrak dillere terjime edilip, onuň millionlarça sany çap edildi. Ol tutuş dünýäde saglyk babatda tapylgasyz çeşmedir.

Kitabyň awtorlar topary giňden ýaýran keselleri anyklamak, bejermek we olaryň öňüni almak baradaky amaly maglumatlary saňa sada dilde düşündirýär. Iýmitlenme, ýokanç keseller, keselleriň öňüni almak meselelerine aýratyn üns berlendir. Şeýle-de keseliň öňüni almakda we bejermekde esasy usullar hökmünde anyklaýyş tärleriň ulanylmagyna hem üns berilýär.

Kitap 23 bapdan ybaratdyr. Ol elektron görnüşinde baplara bölünendir. Siz onuň aýry-aýry baplaryny özüňiz üçin çap edip bilersiňiz. Hemme seslenmeleriňizi  lukman@saglyk.info  elektron poçtasyna iberip bilersiňiz.

Kitaby ýüklemek üçin kitabyň suratyna basyp bilersiňiz.

DAŞKY GURŞAW WE ADAM SAGLYGY - Kitaby Ýükle

DAŞKY GURŞAW WE ADAM SAGLYGY

Ynsan dünýä inen ilkinji pursatyndan başlap daşky gurşawyň täsirine düşýär. Bu täsiriň derejesi we tebigaty nähilikä? Adam saglygy daşky gurşawa näderejede garaşlyka? Ýa daşky gurşaw adama garaşlymyka? Adam bilen daşky gurşawyň özara gatnaşyklarynda üstün çykjak barmyka?

Eger Seni şeýle soraglar gyzyklandyrýan bolsa, onda şu kitap hut Seniň üçindir. Bu kitabyň asyl nusgasy Hesperian Fondy tarapyndan iňlis dilinde neşir edildi. Kitabyň mazmuny bilen tanşan terjimeçiler kitapdaky maglumatlar we amaly maslahatlar türkmen okyjysyna örän peýdaly bolar diýen pikir bilen, ony türkmen diline terjime etmegi makul gördüler. Sen bu kitapda adam saglygy bilen daşky gurşawyň arasynda nähili arabaglanyşygyň bardygyny bilip, onuň bilen parahat gatnaşyklary saklamagy, adamyň biperwaýlygyna ýugrulan hereketlerden goramagy öwrenersiň. Diňe bular bilen hem çäklenmän, daşky gurşawa zyýan ýetirmezden öz saglygyňy goramagyň dürli tärleri bilen tanşyp bilersiň.

Eger Sen bu kitaby halasaň, onda ony öz tanyşlaryňa hem okamagy maslahat ber. Biz Seniň bu kitap baradaky pikirleriňe, bellikleriňe, teklipleriňe sabyrsyzlyk bilen garaşýarys.

Kitaby ýüklemek üçin kitabyň suratyna basyp bilersiňiz.

ÇAGA DOGUMY SURAT KITABY - Kitaby Ýükle

ÇAGA DOGUMY SURAT KITABY

Çaga Dogumy Surat Kitaby kontrasepsiýanyň, göwreliligiň, çaga dogumynyň, we çaga iýmitlendirilişiniň esaslaryny ýönekeý dil we suratlar arkaly düşündirýär. Köpeliş (reproduksiýa) bolmadyk bolsa, biziň hiç birimiz dünýä inmezdik. Şonuň üçin hem, nädip emele gelşimiz hakynda öwrenmek ählimize zerurdyr. Bu kitapda çaganyň emele gelşiniň we dogluşynyň beýany zenan nukdaýnazaryndan düşündirilýär. Emma, kitap erkeklere hem bagyşlanan: çünki erkekleriň (kakalaryň, ýoldaşlaryň, ogullaryň) hem göwrelilik we dogum prosesini zenan gözi bilen görüp, çaga dünýä indermek üçin onuň nämeleri başdan geçirýändigine düşünmegi örän möhümdir. Köp jemgyýetlerde erkekler çaga dogumyna gatnaşdyrylmaýar. Bu kitap bolsa, çaga erkek bilen aýalyň bilelikdäki yhlasyndan emele gelýäni üçin, onuň dogumynyň hem bilelikde garşylanmalydygyna ynanýar. Edil çaga jogapkärçiliginiň we şatlygynyň deň paýlaşylyşy ýaly, bu maglumatlary hem ene bilen ata deň öwrenmelidirler. Bu 68 sahypalyk kitap, köpeliş prosesiniň her ädimini suratlandyrýan 34 sany suratly sahypadan ybaratdyr.

Saglyk topary Çaga Dogumy Surat Kitaby türkmenistanly ýaşlar üçin peýdaly gollanma we maglumat bolar diýip umyt edýär.

Kitaby ýüklemek üçin kitabyň suratyna basyp bilersiňiz.

REŇKLE WE ÖWREN - Kitaby Ýükle

REŇKLE WE ÖWREN

Mähriban ýaş dostlar! Biz "Reňkle we öwren: Türkmenistandaky täsin, seýrek we ýitip barýan haýwanlar, ösümlikler we kömelekler" atly reňkleme kitabyny sizi Türkmenistanyň baý haýwanat we ösümlikler dünýäsi bilen tanyşdyrmak üçin taýýarladyk.

Bu reňkleme kitaby Türkmenistandaky 20 sany seýrek we ýitip barýan haýwanlar, ösümlikler, hem-de kömelekler barada gürrüň berýär.Olaryň her biri reňklemesi aňsat bolar ýaly, ýönekeý suratlar arkaly görkezilen.Şeýle-de, seniň özüň we ene-ataň reňkleme kitabynda suratlandyrylýan jandarlaryň daşky keşpleri, aýratynlyklary, ýaşaýan ýerleri we olara ýitme howpuny salýan zatlar barada öwrenip bilersiňiz.

Reňkleme kitaby iki dilde taýýarlanyldy: türkmen we rus. Mundaky haýwanlar, ösümlikler we kömelekler barada berilýän maglumatlar Türkmenistanyň Gyzyl Kitabyndan alyndy. Neşirler 1999 we 2011 ý. Şeýle-de, kitaba ýurdumyzdaky goraghanalaryň we goralýan zonalaryň kartasyny goşduk.

Kitaby ýüklemek üçin kitabyň suratyna basyp bilersiňiz.

РАСКРАШИВАЙ И ИССЛЕДУЙ - Скачать книгу

РАСКРАШИВАЙ И ИССЛЕДУЙ

Дорогие юные друзья! Мы разработали книгу-раскраску "Раскрашивай и Исследуй: Удивительные, редкие и исчезающие животные, растения и грибы Туркменистана", чтобы познакомить вас с богатым животным и растительным миром Туркменистана.

Эта книга-раскраска рассказывает о 20 редких и находящихся под угрозой исчезновения животных, растений и грибов в Туркменистане. Каждый вид представлен несложным рисунком, чтобы было легче раскрашивать.Также, ты и твои родители сможете подробнее узнать о том, как выглядят виды, описанные в книге-раскраске, где они обитают, в чём их особенности и что угрожает их жизни.

Книга-раскраска подготовлена на двух языках: туркменском и русском. Издания 1999г.и 2011г. Красной книги Туркменистана являются главными источниками информации о животных, растениях и грибах, про которые мы рассказываем далее.И конечно же мы, добавили карту с заповедниками и охраняемыми зонами в нашей стране.

Нажмите на изображение книги, чтобы скачать книгу.

TÜRKMENISTANDA INÇEKESEL BILEN BAGLY FAKTLAR - Kitapçany ýükle