Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
Siziň şikaýatyňyz hukuk bozulmasy bolup geçeninden soňra bir ýylyň içinde kabul edilip bilner. Eger berlen çözgüt bilen kanagatlanmasaňyz, çözgüt çykanyndan soňra ýene bir ýylyň içinde şikaýatyňyza gaýtadan seredilmegini sorap bilersiňiz.
Esasly sebäpler bolan mahalynda şikaýat bermegiň möhleti alty aýdan köp bolmadyk möhlete uzaldylyp bilner. Tutulyp saklanan adamlaryň saklanylýan ýerlerinde, deslapky tussag ediş ýerlerinde, düzediş we beýleki ýöriteleşdirilen edaralarda saklanýan adamlar tarapyndan Adalatça ýazylan şikaýatlar hiç bir gözegçilikden geçirilmezden ýigrimi dört sagadyň dowamynda Adalatça iberilýär. Eger-de täze ýagdaýlar ýa-da täze faktlar görkezilmese, Adalatçy öň seredilen şikaýaty gaýtadan kabul etmeýär.
Sorag 1: Türkmenistanda aýrylyşmak isleýän adamyň kanun taýdan ätmeli ilkinji ädimi näme?
Jogap: Nikany bozmagyň tertibi Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň 5-nji babynda bellenilýär. Eger är-aýalyň ikisi hem aýrylyşmaga razy bolsalar we arada kämillik ýaşyna ýetmedik ýa-da zähmete ukypsyz çaga we bilelikdäki emläk barada dawa ýok bolsa, onda är-aýal haýsy hem bolsa biriniň ýaşaýan ýerindäki RÝNÝ edarasyna (ЗАГС) ýa-da nika baglanyşylan edara arza bermek arkaly aýrylyşyp bilýärler.
Eger är-aýalyň biri aýrylyşmaga razy bolmasa ýa-da maşgalada kämillik ýaşyna ýetmedik ýa-da zähmete ukypsyz çagalary bar bolsa, onda nikany bozmak arza berýäniň ýaşaýan ýerindäki etrap kazyýeti tarapyndan alnyp barylýar.
Sorag: Biziň ýurdumyzda başga bir adama AIW/AIDS ýokuşdyran adam kanuna görä jenaýatçymy? Bu barada nähili kanun bar? Anyk kanuny belläp, öz sözleriňiz bilen düşündiräýseňiz.
Gender deňligini gazanan jemgyýetde aýallaryň we erkekleriň hereketleri, arzuwlary, islegleri, pikirleri, hajatlary, howpsuzlygy deň kabul edilýär we deň ähmiýete eýe bolýar.
Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklary, deň mümkinçilikleri we jynsy alamaty boýunça kemsitmeden, diskriminasiýadan azat durmuşy Türkmenistanyň Konstitusiýasy hem-de beýleki kanun çykaryjy aktlar tarapyndan kepillenilýär we goralýar. Döwlet her bir raýatyň öňünde jogapkärli we onuň erkin ösmegini üpjün etmäge, onuň erkinligini, abraýyny, mertebesini, eldegirmesizligini we şahsyýetiň esasy hak-hukuklaryny goramaga borçludyr.
Türkmenistanda erkek bilen aýalyň nika baglaşmaga bolan hukuklary nähili?
Jogap: Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň 14-nji maddasy esasynda erkegiň we aýalyň nika baglaşmaga bolan hukugy:
Nika ýaşyna ýeten erkegiň we aýalyň milletine ýa-da dine bolan garaýşyna garamazdan nika baglaşmaga we maşgala gurmaga deň hukugy bardyr. Är-aýal maşgala gatnaşyklarynda deň hukuklydyr.
Erkek we aýal nika baglaşylýan wagtynda, nikada durýan wagtynda we onuň bozulýan wagtynda deň hukuklardan peýdalanýarlar.
Sorag: Meniň ýoldaşlarymyň biri meniň barýan saglyk öýümde işleýär we meniň tanyşlarymyň birnäçesi saglyk ýagdaýym barada eşidipdirler. Men saglyk maglumatlarymyň gizlin saklanmandygy üçin lukmanlary suda berip bilýärinmi? Olar lukmançylyk syrlaryny goramandygy üçin nähili jogapkärçilige çekilýärler?
Okyjydan sorag: Döwlet tarapyndan onkologiýa keselli näsaglara nähili ýeňillikler berilýär we haýsy derman serişdeleri, şol sanda himiýa bejergisi üçin serişdeler mugt berilýär?
Использование и распространение материалов рекомендуется, однако, воспроизводство и публикации копий материалов не могут быть использованы в коммерческих целях. Дальнейшее использование разрешается в соответствии с условиями лицензии Creative Commons.
Use and dissemination of the materials is encouraged; however, reproduction and cross-posting of copies may not be used for commercial purposes. Further usage is permitted under the terms of the Creative Commons License.
Materiallary ulanmak we ýaýratmak maslahat berilýär. Emma materiallaryň göçürme nusgalaryny gazanç maksady bilen gaýtadan işläp çap etmek gadagandyr. Bu materaillary mundan beýläk Creative Commons lisenziýasynyň şertlerine laýyklykda ulanmak rugsat edilýär.