• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

dyrnaga calynyan laklar zyyanlymySoňky ýyllarda dyrnak laklarynyň görnüşleri we durujylygy barha özgerdi. Şol bir wagtda, olaryň howpsuzlygy barada hem ulanyjylaryň soraglary artyp başlady. Garward Lukmançylyk mekdebiniň dermatolog hünärmenleri dyrnak laklarynyň esasy görnüşleri we olaryň hersiniň gowy we ýaramaz taraplary barada gürrüň berdiler.

Dowamy

  • 70 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

ot haltada dasyn doremegiÖt halta uly bolmadyk içi boşlukly beden agzasy bolup, bagryň içki tarapyndaky çukurjykda ýerleşýändir. Öt haltanyň esasy işiniň biri hem, bagryň işläp çykarýan ödüni goýaldyp saklamakdyr. Bir gije-gündiziň dowamynda adam bedeninde ortaça 500-1200 ml. golaý öt işlenip çykarylýar. Şeýle hem, öt halta ödi umumy öt ýodajygyndan onikibarmak içegä geçirmek işini hem amala aşyrýar.

Dowamy

  • 117 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

ashanandaky plastik esbaplaryBiz plastik dünýäde ýaşaýarys. Birleşen Milletler Guramasyna görä, dünýäde ýylda 460 million tonna plastik öndürilýär. Mikroplastikleriň dürli ýollar bilen bedenimize düşmesi bolsa barha has köp alymlary aladalandyrýar.

Plastikleriň içimize giriş ýollarynyň biri hem iýmit bilendir. Diňe bir iýmitiň üsti bilen hem däl, eýsem olar iýmit taýýarlamak, saklamak we iýmek üçin ulanýan dürli esbaplarymyzdan iýmitimize düşýärler. Öýde nahar bişirýänleriň köpüsi plastik gapaklarda kesip-dograýarlar, plastik gaplarda iýmit gyzdyrýarlar, plastik esbaplar bilen nahar bişirýärler, plastik gaplarda we streçlerde iýmit gaplaýarlar, gap-gaç ýuwujy maşynlarda plastik daşly sodalary ulanýarlar – bularyň ählisi mikroplastikleriň bedene düşmesine oňaýly şert döredýär.

Dowamy

  • 144 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (4 Ses)

lukmanyn ussatlygy"Pylan lukman gowy leçeniýalar ýazyp berýär, hökman şoňa görün"; "Bütin maşgalamyzy diňe pylan doktora ynanýarys"; "Onuň gapysy hemişe adamdan doly, ol örän ökde"; "Pylan doktor meni gowy bejerdi, senem bejerer" ýaly maslahatlardyr teswirler jemgyýetimizde hiç kime nätanyş däl bolsa gerek. Biz köplenç lukman gözlänimizde diňe başgalaryň salgylanmalaryna bil baglaýarys. Emma, bir lukmanyň diňe bir öz işine ökde däl, eýsem saňa iň laýyk lukmandygyny anyklamak üçin başgalaryň pikirleri ýeterlikmikä? Elbetde, ýeterlik däl. Lukmanyň öz käriniň ussadydygyny görkezýän başga-da 6 alamat bar.

Dowamy

  • 375 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

emeli intellekt hakyky psihoterapewtSoňky ýyllarda emeli intellekt (EI) ulgamlary özlerini adam psihoterapewtleri, şepagat uýalary we başga dürli saglyk professionallary hökmünde görkezip başladylar – we häzire çenli bu ulgamlary ýöredýän kompaniýalar çynlakaý jogapkärçilige çekilmediler.

Köp adam eýýäm psihiki goldaw almak üçin EI çatbotlaryna ýüz tutýarlar. Şol bir wagtda hem, ulanyjylaryň köpüsi, esasan-da sanly sowatlylygy pes adamlar we çagalar çatbotlary hakyky adamdan tapawutlandyrmakda kynçylyk çekip bilerler.

Dowamy

  • 337 gezek okalan

MIKROPLASTIKLERIŇ MAKRO-ZYÝANLARY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

mikroplastiklerin makro zyyanlaryPlastikleriň düzüminde azyndan 16000 himikatlar bolup, olaryň 80%-den köpüsiniň zäherlilik derejesi hiç haçan ölçenilmedi.

20-nji asyryň ortalaryndan häzire çenli dünýäde 8-10 milliard tonna plastik öndürildi we olaryň 75% golaýy heniz hem daşky gurşawymyzda gezip ýör.

Mikroplastikler adamlaryň öýjüklerine hem düşüp bilýärler.

Dowamy

  • 378 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

emosiyalarynmy ya senÝakymsyz emosiýalar her bir adamda ýüze çykýar, meselem gahar, gabanjaňlyk, öýke, gorky, howsala. Emma durmuşdan göwnühoş ýaşamagyň we başgalar bilen dostlukly aragatnaşykda bolmagyň açary dartgynly ýagdaýlarda emosiýalaryňa erk edip bilmekdir. Munuň bir ýoly hem özüňe erk etmek ukybydyr.

Dowamy

  • 359 gezek okalan

SUW IÇMEK HAKYNDA 5 TOSLAMA

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

suw icmek hakynda 5 toslama"Günde 8 stakan suw içmeli". "Kofe suwsadýar". "Köp suw içmek horlanmaga kömek edýär".

Suw we beden suwlulygy barasynda şular ýaly maslahatlary megerem sen hem eşdip görensiň. Wayne State uniwersitetiniň maşk we sport ylymlary professory Tamara Hew-Butler, Jorjiýanyň tehnologiýa institutynyň maşk fiziologiýasy laboratoriýasynyň müdiri Mindy Millard-Stafford hem-de Kaliforniýanyň tehnologiýa institutynda biologiýa professory Yuki Oka beden suwlulygyny ylmy taýdan düşündirip, suw içmek barada giňden ýaýran 5 toslamany paş edýärler.

Dowamy

  • 450 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (3 Ses)

gurlesmage oran okde adamlarSen haçanda bolsa bir wagt ýakynlaşmak we gürleşmek şeýle aňsat bolýan adama duşupmydyň? Diňe ýönekeý gürrüňdeşligiň üsti bilen, saňa özüňi has akylly we has gyzykly adam ýaly duýdurýan kişä?

Görnükli žurnalist Çarlz Duhig "Superkommunikatorlar: Aragatnaşygyň syrly dilini nädip tapmaly" atly kitabynda ezber gürrüňdeşleriň (kommunikator) esasy häsiýetlerinden söz açýar. Onuň aýtmagyna görä, adamlar bilen netijeli aragatnaşyk etmek üçin belli häsiýetler bilen dogulmak hökman däl (meselem, alçaklyk ýa-da mylakatlylyk). Islendik adam gürrüňdeşlige ökdelemäni öwrenip bilýär – ol esasy 4 ukyby ele almakdan ybarat:

Dowamy

  • 478 gezek okalan