Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
Maýmyn mama keseliniň (rusça: оспа обезьян, iňlisçe: monkeypox) döremegine maýmyn mama wirusy sebäp bolýar. Bu zoonoz, ýagny haýwanlardan adamlara ýokuşyp bilýän wirusly keseldir. Bu kesel adamdan adama hem ýokuşyp bilýär.
Gurçuklar ösümliklerde, haýwanlaryň we adamynyň bedeniniň içinde ýaşap, olaryň hasabyna iýmitlenýärler. Şonuň üçin hem olary başgaça "mugthorlar" (parazit) diýip hem atlandyrýarlar. Biz mugthorlaryň hemmesini "gurçuklar" diýip atlandyrsakda olaryň ençeme görnüşi tapawutlandyrylýar. Gurçuklaryň bedene düşmegi netijesinde döreýän kesel "gelmintoz" diýip atlandyrylýar. Bu keseli yörite taýynlygy geçen gelmintolog lukmanlary ýa-da ýokanç keseller lukmanlary bejerýärler.
A gepatitini enterowiruslaryň maşgalasyna degişli bolan wirus döredýändir we ol ýokançly iýmit önümleri we suw arkaly geçýändir. Her ýylda bütin dünýäde 10 mln. golaý adam bu kesel bilen keselleýär. Keselçilige möwsümlilik mahsus bolup, ol esasan sentýabr – noýabr aýlary ýygy duş gelýändir.
Doňuz dümewi öý haýwanlarynyň, esasan hem doňuzlaryň arasynda giňden ýaýrap, aňsat ýokuşýan ýokanç kesellere degişlidir. Dümewiň bu görnüşini 1931-nji ýylda amerikan alymy Riçard Şoup açdy. Ýöne onuň döredýän keselçiliginden biz soňky ýyllar habardar bolup başladyk, çünki ozal bu wirus esasan ABŞ-nyň, Ýewropanyň, Keniýanyň, Hytaýyň, Ýaponiýanyň fermer hojalyklarynda giňden ýaýrandy. Söwda gatnaşyklarynyň ýaýbaňlanmagy köp keselleriň, şonuň ýaly-da dümewiň bu görnüşiniň ýaýramagyna sebäp boldy.
Doňuz dümewiniň wirusynyň üýtgäp durýandygy sebäpli, oňa garşy belli bir waksinany taýynlamak kynçylyk döredýär. Lukmanlar doňuz dümewiniň birnäçe görnüşlerini tapawutlandyrýarlar: H1N1, H3N1, H3N2. Şularyň içinde iň ýygy duş gelýäni we çalt ýaýraýany H1N1 görnüşi bolup durýar. Wirusyň bu görnüşi uly epidemiýalary döredip bilýändir. Dümewiň hemme görnüşleri üçin howa-damja ýoly (asgyrma, üsgürme, hapa eller we baş.) bilen ýaýrama häsiýeti mahsusdyr.
Häzirki wagtda Bütündünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň esasy üns merkezinde saklanýan Ebola (Ebola gemorragiki gyzdyrmasy ady bilen hem belli) keseline ýoluganlaryň sany 6000-den geçip, şolardan 3000-e golaý adam bu keseliň pidasy boldular. Resmi çeşmeleriň habar bermegine görä, 2015-nji ýylyň ýanwar aýynyň ahyrlarynda Ebola keseline duçar boljak adamlaryň sany 550 000 barabar bolar. Bu keseliň biziň ýurdumyzda ýaýrama mümkinçiligi pes hem bolsa, dünýäniň dürli künjeklerinde okap-işläp ýören ildeşlerimiziň kesel barada bilmegi has möhümdir. Şu nuknaýnazardan ugur alyp, bu kesel barada has kop berilýän soraglaryň jogaplaryny size ýetirýäris.
Gepatit keseli – bagryň wiruslar, zäherli maddalar ýa-da adam bedeniniň immunitetiniň bozulmalary sebäpli ýüze çykýan zeperlenmesidir. Deriniň we gözleriň saralma alamatyna laýyklykda, halk arasynda bu keseli "sary getirme" diýip hem atlandyrýarlar.
Bagryň zeperlenmesi bilen geçýän keselleriň arasynda, onuň wirusly şikeslenmeleri has ýygy duş gelýändir. BSGG-nyň hünärmenleri sary getirme keselini adamzat saglygyna howp salýan esasy töwekgellik faktory hasaplaýarlar. Olaryň berýän maglumatlaryna görä, Ýer togalagynyň ýaşaýjylarynyň 1/3 bölegi B ýa-da C gepatiti bilen keselläp, ýarym milliarddan gowuragy bolsa bu keselleriň dowamly görnüşlerinden ejir çekýändir.
Burnuň iki gapdaly bilen, ýokarky äňde ýerleşýän süňk boşlugynyň (gaýmorowa boşlugy) nemli örtüginde alawlama hadysasynyň ýüze çykmagyny gaýmorit diýip atlandyrýarlar. Bu keseliň döremegine bakteriýalar, wiruslar, kömelejikler, şeýle hem allergiki faktorlar sebäp bolup bilýär. Alawlama ýagdaýlary burun boşlugyndan (birinden ýa-da ikisinden) nemli suwuklygyň erkin akmagynyň bozulmagy netijesinde ýüze çykýar. Suwuklygyň bir ýerde jemlenmegi alawlama hadysasynyň ýaýbaňlanmagy üçin oňaýly şert döredýär we bedeniň ýokançlyga garşy göreşmegini kynlaşdyrýar.
Использование и распространение материалов рекомендуется, однако, воспроизводство и публикации копий материалов не могут быть использованы в коммерческих целях. Дальнейшее использование разрешается в соответствии с условиями лицензии Creative Commons.
Use and dissemination of the materials is encouraged; however, reproduction and cross-posting of copies may not be used for commercial purposes. Further usage is permitted under the terms of the Creative Commons License.
Materiallary ulanmak we ýaýratmak maslahat berilýär. Emma materiallaryň göçürme nusgalaryny gazanç maksady bilen gaýtadan işläp çap etmek gadagandyr. Bu materaillary mundan beýläk Creative Commons lisenziýasynyň şertlerine laýyklykda ulanmak rugsat edilýär.