Agtyklaryna ideg etmäge kömekleşýän ene-atalar we mama-babalar garradyklaryça has çeýe ýatkeşlik we dil ukyplaryny saklamakda üstünlik görkezýärler.
Täzelikde Amerikanyň psihologiýa birleşmesi tarapyndan çap edilen ylmy barlaga görä, agtyklaryna seredişmek gartaşan adamlarda kognitiw taýdan gowşaklaşma garşy netijeli göreşme usuly bolup biler.
Dowamy
Kyrk ýaşlardan soňra, beýnimiz assa-ýuwaş agsaklaşýar. Her ýyl reaksiýa görkezýän wagtymyz birnäçe millisekunt artýar, zatlary ýatda saklamak ukybymyz ujypsyz derejede hem bolsa peselýär. Bu alamatlar käte alsgeýmer ýaly keselleriň irki habarçysy bolup bilse-de, köplenç olar kesel alamaty däl-de, adaty adamlaryň gartaşmagynyň tebigy bölegidir.
700 müňden gowrak gartaşan adamlardan alnan kognitiw synaglaryň netijeleri hem muňa güwä geçýär. Emma, olaryň bir böleginiň beýnileri özlerinden 30 ýaş kiçi adamlaryň beýnileri kimin çeýelik görkezipdir. Ylmy barlagçylar bu adamlaryň beýnileriniň ýaş saklanmagynda genetikadan başga nämeleriň möhüm rol oýnaýandygyny öwrendiler.
Okamany dowam et
Bilmeli faktlar
↪ 60 ýaşdan geçen adamlaryň her alty sanysyndan biri geçen ýylyň dowamynda köpçülik ýerlerinde zulumyň haýsy hem bolsa bir görnüşine duçar bolupdyrlar.
↪ Gartaşan adamlara garşy zulumyň derejesi garrylar öýlerinde we olara uzak möhletleýin ideg edilýän ýerlerde has ýokary.
↪ Gartaşan adamlara edilýän zulum çynlakaý fiziki şikeslere we psihologik bozulmalara sebäp bolup bilýär.
↪ Dünýä ýüzünde, esasan-da ösüp barýan döwletlerde gartaşanlara edilýän zulum we onuň nädip öňüni almalydygy barada bilinýän zatlar örän az.
Dowamy
Köp adamlar demensiýanyň öňüni alyp bolýan keseldigine ynanmaýarlar, emma täze çykan hasabat demensiýanyň döremesine böwet bolup ýa-da ony gijikdirip bolýandygyny görkezdi.
Adamlaryň ömür dowamlylygy uzadygyça, dünýä ýüzünde demensiýa bilen ýaşaýanlaryň sany hem artýar. Şu ýyl The Lancet žurnalynda çap edilen demensiýanyň öňüni alyş, interwensiýasy we idegi boýunça hasabata görä, bejerilmedik körlük we ýokary holesterin demensiýanyň döremesi üçin töwekgellik faktorlarydyr.
Dowamy
Ýalňyzlykda aşa köp wagt geçirmek beýnä-de, bedene-de agram salyp bilýär. Sosial çetleşmäniň (adamlar bilen az aragatnaşyk etmek) saglyga salýan howply günde 15 sany çilim çekmeklige barabardyr.
Ýaşymyz gaýdyşdygyça, bütin ömrümiziň dowamynda edinen maşgala agzalarymyz we dost-ýarlarymyz bilen üznüksiz aragatnaşygy saklamak kynlaşyp bilýär. Tapdan düşýänleriň, ýogalýanlaryň sany köpelip, uzakda ýaşaýanlar bilen gabatlaşyp durmak seýrekleşýär. Garramak öňüni alyp bolmaýan fiziki gowşaklyga eltýär we olaryň içine öýden çykmagy we adamlar bilen duşuşmagy çetinleşdirýän bozulmalar hem girýär. Meselem, eşidişiň, görşüň we ýadyň peselmegi sebäpli üýşmeleňlere gatnaşmak ýa-da başgalar bilen bile kino görmek we aýdym diňlemek ýaly güýmenjeleriň lezzeti gaçyp bilýär.
Dowamy
Wagt geçip çagalar ulaldygyça, ýaşuly, gartaşan maşgala agzalary – ene-ataň, daýyň, daýzaň barada alada etmek wajyplygy ýüze çykýar. Ýaşuly agzalaryň saglygyna ýerlikli ideg etmek, olaryň gün tertibini tertipleşdirmäge kömek etmek, dogry iýmitlenme endigine uýgunlaşdyrmak, psihiki saglygyna üns bermek – bularyň ählisi olaryň ömrüni uzaldyp, özlerini bagtly duýmaga ýardam edip bilýär.
Dowamy
Demensiýany nädip saýgarmaly?
Bütin dünýäde 50 million töweregi demensiýaly adam bar. Demensiýanyň iň köp ýaýran görnüşlerine Alsgeýmer keseli, damar demensiýasy we Lewi bedenli demensiýa (nerw öýjükleriniň içinde emele gelýän adaty bolmadyk belok goşulmalary) degişli.
Demensiýa iň köp sebäp bolýan ýagdaý Alsgeýmer keselidir. Meselem, Şazada Çarlz, Margaret Tetçer, Şon Konneri ýaly meşhur şahsyýetlerde hem Alsgeýmer keseli bar. Dünýäde häzire çenli bu keseliň bejergisi tapylmady. Medisinanyň kömegi bilen demensiýadan ejir çekýäniň diňe simptomlaryny ýeňilleşdirip we keseliň ösüşini haýalladyp bolýar.
Dowamy
BSGG ýakynda jemgyýetçilik saglygyny we kanunlaryny aladalandyrýan hem-de COVID-19 pandemiýasynyň gelmegi bilen has-da ýitileşen mesele bolan gartaşan adamlaryň arasyndaky ýalňyzlyk we sosial üzňelik barada maglumat çap etdi. Bu maglumatda gartaşan adamlaryň arasyndaky ýalňyzlygyň we sosial üzňeligiň göwrümi, täsiri, zyýanlary we olara görüp boljak çäreler hakynda bellenilip geçilýär.
Dowamy
↪ 2050-nji ýyla çenli ABŞ-da 65 we ondan uly ýaşly Alsgeýmer demensiýaly adamlaryň sanynyň 12,7 milliona ýetmegine garaşylýar.
↪ Gartaşan adamlaryň üçden biri Alsgeýmerden ýa-da demensiýanyň başga görnüşinden ölýär.
↪ Demensiýa jemgyýete iň gymmat düşýän keselleriň biridir. Alsgeýmer ýa demensiýanyň beýleki görnüşleri bilen ýaşaýan adamlara lukmançylyk kömegini we uzak möhletli bejergileri bermek möhüm. 2020-nji ýylda Alsgeýmer we beýleki demensiýa keselli adamlaryň ýakynlarynyň olara kömek etmek üçin çykaran çykdajysy $256,7 milliarda deň boldy.
↪ 2021-nji ýylda Alsgeýmerli we başga görnüşli demensiýaly adamlaryň ideginiň ýurda $355 milliard dollara düşmegine garaşylýar. Bu görkezijä syrkawyň ýakynlarynyň kömek üçin çykarmaly bolýan $256,7 milliard dollary girmeýär.
Dowamy
1-nji Oktýabr – Gartaşan Adamlaryň Halkara Güni
Gartaşan adamlar kimler? Dünýäniň köp böleginde adamlar 60-65 ýaşlarynda pensiýa çykýarlar we bu döwür garrylygyň başy hasaplanylýar. Käbir milletlerde bolsa, garrylyk belli bir ýaşda däl-de, biologik we fiziki taýdan tapdan düşüp başlanyňda başlanýar. Häzirki wagtda, Birleşen Milletler Guramasyna görä “gartaşan adamyň” anyk kesgitlemesi ýok, emma BMG 60 ýaşdan geçenleri gartaşanlar diýip kabul etmeklige ylalaşdy.
Dowamy