• Kampaniýalar
  • Sanitariýa

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

SANITARIÝA BOÝUNÇA MAGLUMATLAR KAMPANIÝASYNYŇ MAKSATLARY WE ÖŇDE GOÝÝAN MESELELERI

  • Lukman

Maglumatlar kampaniýasy – bu ilatyň haýsydyr bir toparyna (meselem, ýetginjekler, çagalar, uly ýaşly ýa-da gartaşan adamlar we başg.) özleri we tutuş jemgyýet babatda täze, peýdaly maglumatlary kabul etmäge ýardam berýän dürli çäreleriň toplumydyr. Şeýle maglumatlar köpçülikleýin ýa-da indiwidual habar beriş serişdeleri arkaly amala aşyrylyp, durmuşyň haýsydyr bir çäkleridäki endikleriň ýa-da ýörelgeleriň oňat tarapa özgermegine kömek edýär.

Sanitariýa (lat. sanitas "saglyk") – saglygy goramaga we keselleriň öňüni almaga ýardam berýän çäreler toplumy. Şeýle hem sanitariýa saglygy goramak maksady bilen okuw, ýaşaýyş, zähmet, dynç almak, iýmitlenmek şertlerini kämilleşdirmegi amala aşyrýan gigiýena ylmynyň işläp düzen sanitar düzgünlerini we maslahatlaryny amallaşdyrmaga kömek edýän çäreler toplumydyr.

Adam jemgyýetçilik önümi bolup, onuň kanunalaryna görä ýaşaýar. Adamyň saglygy ýaşaýan öýüniň amatlyklaryna, bolýan jemgyýetçilik ýerleriniň (zähmet çekýän ýerleri, okuw jaýlary, sprotzallar, hammamlar we başg.) şertlerine, iýýän iýmitiniň hiline juda bagly bolup durýandyr.

Sanitariýa düzgünlerine döreýän zerurlyk  biziň durmuşymyzyň içinden eriş-argaç bolup geçýändir. Geliň, birnäçe mysallara ýüzleneliň:  

  • Kommunal-hojalyk sanitariýasy – adam nejesatlary suwy, topragy, azyk önümleri hapalap, adam saglygynyň çynlakaý kynçylyklaryna uçradyp biler. Şonuň üçin hem adam nejesatatynyň ýetiräýjek zyýanynyň öňüni almak üçin,  elleri ýuwmak ýa-da oba ýerlerinde hajathanalaryň dogry gurluşyna (sanitariýa çäreleri) üns bermek ýaly çäreler arkaly ýokançlyklaryň öňüni almaga we peýdaly endikleriň ýaýramagyna kömek edip biler. Ýalňyş gurlan hajathanalar hem-de lagym ulgamlary agyr keselleriň ýüze çykmagynyň we ýerasty suwlaryň hapalanmagynyň sebäpleri bolup bilerler. Arassa suwuň ýetmezçilik edýän halatlarynda, suwuň hapalanmagyna getirýän usullar bilen adam nejesatlaryny ýok etmek has hem wajyp sorag bolup durýandyr.
  • Azyk önümlerini goramagyň sanitariýasy – dukanlarda, bazarlarda azyk önümleriniň görnüşine baglylykda taýýarlaýyş, saklaýyş, geçiriş, ýaýratma tapgyrlaryna bildirilýän sanitariýa talaplarynyň bozulmagynyň, adam saglygyna zyýan ýetirýän azyk zäherlenmeleriň döremegine getirjekdigi ikuçsuzdyr.
  • Önümçilik sanitariýasy – degişli sanitariýa talaplary berjaý edilmedik ýagdaýynda, önümçilikde zähmet çekýän işgär kadasyz temperaturanyň, ýokary ultramelewşe şöhlelenmeleriň, kadasyz basyşyň, sesiň, önümçilik tozanynyň, zäherleýji maddalaryň bugarma ýagdaýynyň, howply ýokançlyklaryň täsirine düşüp biler.

Bu faktorlar yzygider täsir eden halatynda olar hünärmenlik keselleriň döremegine, adamyň işe gelmezden öň bar bolan keselleriniň beterleşmegine ýa-da umumy saglyk ýagdaýynyň peselmegine getirip biler.

Biziň kampaniýamyzyň esasy maksady – sanitariýa düzgünleri babatda halkymyzyň  bilimini artdyryp, adamlaryň endiklerini üýtgetmek.

Elbetde, ösüp kemala gelen adamynyň gylyk-häsiýetini we endiklerini üýtgetmek aňsat däldir. Bu hat-da ýeterlik maglumat alan adama hem çalt başartmaýar. Endikleriňi üýtgetmek örän göwrümli iş bolup, ol köp halatlarda ençeme sebäplere (suwuň ýetmezçiligi, bilimiň ýeterlik bolmazlygy, serişdeleriň ýetmezçiligi, hökümet edaralarynyň işine we başgalar) bagly bolup durýandyr.

Biz öz jemgyýetimizi sanitariýa meseleleri bilen tanyşdyrmaga goşandymyzy goşarys diýip tama edýäris.

Şu maksat üçin: 

  1. Jemgyýetimizde bar bolan sanitariýa we gigiýena degişli esasy soraglar we kynçylyklar babatda maglumat berýän makalalary taýynlap, okyjynyň dykgatyna hödürlemek.
  2. Bar bolan soraglary we kynçylyklary ara alyp maslahatlaşyp, netijeli çözgütleri tapmak üçin saýtyň okyjylaryna  şert döretmeli.

Jemgyýetimizdäki ýagdaýy oňat tarapa özgertmek üçin, saýtyň okyjylary bolan Siziň her biriňizden bolsa:

  1. Arassaçylyk babatda döreýän kynçylyklary anyklap, täze usullar arkaly olaryň çözgüdini tapmakda kömek etmegiňize garaşýarys.
  2. Sanitariýa barada bilýän maglumatlar bilen paýlaşmagyňyza garaşýarys. Meselem, eger Siz türkmen ýa-da rus dilinde bar bolan maglumatyň, makalanyň ýa-da taýynlanan kitapçalaryň salgysyny bilýän bolsaňyz, bize habar beriň. Biz olar barada öz saýtymyzda habar bereris.
  3. Alan maglumatlaryňyzy dost-ýarlaryňyz, goňşularyňyz bilen paýlaşarsyňyz diýip umyt edýäris.
  4. Alan peýdaly maglumatlaryňyzy öz durmuşyňyzda nähili ulanýandygyňyz barada aýdyp berseňiz, biziň üçin örän gyzykly bolardy.

ÝÖRITE ŞU MAGLUMATLAR KAMPANIÝASY ÜÇIN TAÝÝARLANAN MAKALALAR

1. PEDIKULEZ (BITLILIK): KIÇIJIK BITLERE GARŞY ULY GÖREŞ

2. ÝUWUJY SERIŞDELER WE OLARYŇ ZYÝANY

3. AZYK ÖNÜMLERI SAKLAMAGYŇ DÜZGÜNLERI

4. OŇAÝLY ÖÝ — SAGDYNLYGYŇ GÖZBAŞY

5. KONSERWIRLENEN ÖNÜMLERDEN ÄGÄ BOLUŇ: BOTULIZM

6. HOWPSUZ OÝUNJAKLARA BOLAN HUKUK. KANUN. TEJRIBE. TEKLIPLER

7. JEMGYÝETÇILIK ÝERLERINIŇ ARASSAÇYLYGY KIME BAGLY?

8. ARASSA SUW - SAGDYNLYGYŇ GÖZBAŞY

  • 19296 gezek okalan