Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
Aýalda jynsy islegiň (lukmançylykda "libido" diýilýär) peselmegi ýygy duş gelip, hemişe saglyk ýagdaýlaryň üýtgemegine bagly bolmaýar. Umumy beden we aýal jyns agzalaryň keselleri bilen bir hatarda, ruhy-emosional durkuň üýtgemegi (ruhy ýagdaýyň bozulmagy, dowamly stres, ýadawlyk we baş.) hem bu islegi peseldip, maşgala gatnaşyklaryna täsir edip bilýändir.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň websaýtynyň reproduktiw saglyk bölüminde erkek kişiler üçin jynsy gatnaşyklar arkaly geçýän keseller, maşgalany meýilleşdirmek we göwrelilik barada maglumatlar ýygyndylary çap edilen. Bu ýygyndylar köpçülige elýeterli we tölegsiz ýükläp alyp bolýar.
Biziň döwrümizde jemgyýetçilik, maşgala gatnaşyklaryna we ahlak häsiýetlerine bolan garaýyşlaryň özgermegi netijesinde jynsy gatnaşyklara bolan garaýyşlar hem özgerdi. Ozallar ilkinji jynsy gatnaşyklar maşgalanyň başlangyjyny goýýan pynhan gatnaşyklaryň gözbaşy hökmünde görlen bolsa, indi jynsy gatnaşygyň manysy, ähmiýeti we wagty jübütden jübüte üýtgäp bilýär. Şol bir wagtda, gyzlyk perdesine bolan garaýyş hem üýtgedi. Ýaşlaryň ençemesi oňa arassalygyň, ahlak päkliginiň, ýaşlygyň nyşany hökmünde garasa, käbir oglan-gyzlar üçin ol hiç bir çuň manyny aňlatmaýar.
Prezerwatiw ulanmak islenilmedik göwreliligiň ýa-da ýokanç keselleriň gaýgysyny azaldyp, jynsy gatnaşygyň has arkaýyn we lezzetli geçmegine kömek edýär.
Bu kontraseptiw barada ýene nämeleri bilesiň gelýär?
Prezerwatiwleriň köpdürli peýdalary, ulanylyşy we görnüşleri barada ähli soraglaryňa jogaplar şu ýerde: Saglyk.org & #ÖwrenGoranWeGora
Haçanda jynsy gatnaşyk geçireniňde, ýanyňdaky adamyň yşaratlaryna düşünmäge jogapkärsiň. Men haçanda biri bilen öpüşenimde ýa-da jynsy gatnaşyk edenimde, hemişe yşaratlara esewan edýärin. Yşaratlar ýoldaşymyň meniň edýän zadymy halaýandygyny ýa-da halamaýandygyny duýdurýarlar. Eger-de ýoldaşym meniň edýän zatlarymy halaýana meňzese, onda men şol bir hereketlerden has köp edip bilýärin sebäbi men munuň oňa lezzetlidigini bilýärin. Men yşaratlara üns bermek arkaly täze zatlary hem synap bilýärin we ýoldaşymyň olar baradaky pikirini öwrenýärin. Bir söz bilen aýtsam, yşaratlar jynsy gatnaşykda ugur görkeziji kompasdyr. Men yşaratlara üns bermek arkaly, ýoldaşymyň wagtyny gowy geçirmegine ýardam edýärin.
Jynsy gatnaşyk baradaky hekaýalarda G-nokady waginanyň öňki diwarynda ýerleşýän we aýallary dälirediji güýje eýe bolan toslamadyr. Medeniýetde bu bir mäz diýlip tanalýar. Emma, waginada hiç hili gizlin mäz ýa struktura ýokdur.
G-nokadyna bu ady Dr. Ernst Graffeburgiň şanyna dakýarlar. Ol 1950-nji ýylda bu nokadyň üstüni açan hasaplanýar. Emma bu nädogrudyr. Dr. Graffeburg diňe öz ylmy işinde waginanyň öňündäki lezzet beriji zona barada ýazýar. Ol muny uretra (peşew ýoly) we peşew haltasynyň aşaky bölegi bilen ýakyn gatnaşykda, ýagny, kinnigiň bedeni we köki, diýip suratlandyrýar. Emma bu ýerde hiç hili gizlin mäz ýa struktura ýokdur.
Her bir aýal maşgala aýda bir gezek özi üçin ol diýen oňaýly fiziologiki hadysa bolmadyk aýbaşyny başdan geçirýär. Aýallaryň köpüsi aýbaşyny ýeňil geçirseler, ençemesi agyryly sanjylary düýýarlar.
Aýbaşy oňaýsyzlyklary bilen bilelikde, "Aýbaşy döwründe jynsy gatnaşyk geçirmek bolýarmy?" diýen sorag hem ýüze çykyp bilýär. Aýbaşy döwründe jynsy gatnaşyklary geçirmegiň peýdaly we zyýanly taraplary barada dürli pikirler bar bolsa hem, bu soragy jübütler özi üçin çözmelidir. Erkek adamlaryň arasynda aýbaşysy gelýän zenana döreýän jynsy höweslileri barlar hem bolsa, ganyň görnüşini "adaty görmän", gatnaşyklardan gaça durýan erkeklerde (aýallar hem) bardyr.
Islenilmedik we razylyk berilmedik mejbury jynsy gatnaşyga zorlama diýilýär. Gyz-gelinleriň öz tanaýan adamlary, nätanyşlar, maşgala agzalary, ýa-da ýoldaşlary tarapyndan zorlanylmagy ahmal. Şol sanda, oglanlar we erkek adamlar hem zorlanylýar.
Zorlanylan adama fiziki şikesler üçin ilkinji kömek zerurdyr. Şol bir wagtda ol ruhy goldawa we idege hem mätäçdir. Zorlanylma sezewar bolan kişä mähir we düşbülik bilen çemeleşmeli. Ony günäkärlemeli däl.
Lukmanlar hemişe jynsy gatnaşyklarda ýoldaşyň bir bolmagynyň howpsuzlygy barada aýdýarlar. Ýöne durmuşda hemişe şeýle bolanok. Duýdansyz duşuşyk, özara üns bermek we näz-kereşmeler, pynhan meýiller... Elbetde ol wagt siz ikiçäk galan adamyňyzyň saglygy barada pikir etmeýärsiňiz. "Dursana, sen hakykatdan hem sagmy?" diýen soragy bermek bolsa asla siziň kelläňize hem gelmeýär. Ýöne gowy tanamaýan adamyň bilen jynsy gatnaşykdan soň nämeler barada pikir etmeli bolýar?
Использование и распространение материалов рекомендуется, однако, воспроизводство и публикации копий материалов не могут быть использованы в коммерческих целях. Дальнейшее использование разрешается в соответствии с условиями лицензии Creative Commons.
Use and dissemination of the materials is encouraged; however, reproduction and cross-posting of copies may not be used for commercial purposes. Further usage is permitted under the terms of the Creative Commons License.
Materiallary ulanmak we ýaýratmak maslahat berilýär. Emma materiallaryň göçürme nusgalaryny gazanç maksady bilen gaýtadan işläp çap etmek gadagandyr. Bu materaillary mundan beýläk Creative Commons lisenziýasynyň şertlerine laýyklykda ulanmak rugsat edilýär.