• Biz Barada
Bize goşul!
Lukmanlary işe çagyrýas!
Bize goşul!
Lukmanlary işe çagyrýas!

BIZ BARADA

SAGLYK BIR BAKYŞDA

Düýbi tutulan senesi: Oktýabr, 2010

Häzire çenli çap edilen bloglaryň sany: 2000

Okyjylaryň jogaplanan soraglarynyň sany: 1000

Saglyk kitapçalarynyň sany: 16

Terjime edilen kitaplaryň sany: 2

BIZ BARADA

Saglyk 2009-njy ýyldan bäri jemgyýetçilik saglygy barada türkmen dilinde dowamly maglumat çykarýan ýeketäk websaýtdyr.

Biz gazanç üçin döredilen başlangyç däl. Biz blogerler, lukmançylyk hünärmenleri, we suratkeşler bilen işleşip, bilelikde jemgyýetiň çynlakaý, käte hem köpleň agzamaga çekinýän emma ähmiýetli saglyk meseleleri barada türkmen dilinde häzirkizaman we ýokary hilli maglumatlary çap edýäris.

BIZIŇ GYMMATLYKLARYMYZ

Logotipimizde görnüşi ýaly, biziň 3 sany baş gymmatlygymyz bar: sagdyn maşgala; sagdyn jemgyýet; sagdyn daşky gurşaw.

saglyk.org logo

SEN HEM BIZE GOŞUL WE:

Saglygyňy gora

Biz maglumatlarymyzy düşnükli we sada türkmen dilinde çykarýarys. Biz seni öz saglygyň we jemgyýetiň saglygy barada ene diliňde okap-öwrenmäge we öwrenenleriňi özleşdirmäge çagyrýarys.

Maşgalaň saglygyny gora

Biz seniň bütin maşgalaň saglygyna täsir edýän meseleleri gozgaýarys. Biz jemgyýetçilik we lukmançylyk ýagdaýlaryny birleşdirmäge we sagdyn maşgala gatnaşyklaryny gurmaga kömek edýäris. Biz üçin saglyga degişli her bir mesele ähmiýetli!

Jemgyýetiň saglygyny gora

Sen biziň maglumatlarymyzy paýlaşmak we olary gürrüňdeşlik açmak üçin ulanmak arkaly, öz jemgyýetiň saglyk biliminiň ösmegine goşant goşup bilersiň.

Daşky gurşawyňy gora

Biz saňa sagdyn daşky gurşaw bilen öz saglygyň arasyndaky baglanyşygy görmäge ýardam edýäris. Daşky gurşaw saglygy barada adamlaryň bilimini ösdürmek biziň işimiziň baş sütünleriniň biridir.

Öz hyjuwyň we döredijiligiň bilen Türkmenistandaky halk köpçüligine saglyklarynyň aladasyny etmäge kömek etmek isleýärmiň? Onda bize goşul we biziň jemgyýetiň saglyk bilimini artdyrmakda alyp barýan işlerimizi golda!