Eger ulanyş üçin tassyklanylsa, eýýäm aýallarda peşew ýollarynyň ýokançlygyny bejermekde ulanylýan bu derman serişdesi soňky 20 ýylyň içinde jynsy gatnaşyklar arkaly geçýän kesellere garşy ilkinji täze antibiotik bolar.
GSK farmasewtik kompaniýasy tarapyndan oýlanylyp tapylan tabletka ylmy barlaglarda sözenegi (gonoreýa) bejermekde netijelilik görkezdi. "Blujepa" ady bilen satylýan bu tabletka mart aýynda ABŞ-nyň Azyk we derman serişdeleri administrasiýasy tarapyndan 12 ýaşdan uly aýal-gyzlarda peşew ýollarynyň ötüşmedik ýokançlyklaryny bejermek üçin tassyklanylypdy.
Dowamy
2025-nji ýylyň ýanwarynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen ÝUNISEF-iň bilelikde aýallarda we çagalarda milli mikroelementler barasyndaky geçiren pikirsoraşmanyň netijeleri çap edildi.
Pikirsoraşma ýurtdaky 6-59 aý aralyk çagalarda, 15-49 ýaş arasyndaky aýallarda we göwreli aýallarda ganazlygyň (anemiýa), demir kemçiliginiň we beýleki mikroelementleriň kemçiliginiň ýaýbaňlylygyny ölçedi.
Dowamy
Gyzamyk örän ýokanç wirusdyr. Bu ýaş çagalar üçin ölüm howply hem bolup bilýär. Dünýäniň ençeme ýerinde gyzamyk sanjymlarynyň ýeterlik berilmezligi bu wirusyň ýaýramasyna oňaýly şert döredýär.
Soňky 5 ýylyň dowamynda gyzamyk dünýäniň çagalarynyň 75%-iniň ýaşaýan ýerleri bolan 100-den köp ýurda ýaýrady. Emma biz bu wirusa bäs gelip bilýäris – gyzamyk waksinalary howpsuz we netijelidir. Çagalaryň gyzamyk bilen kesellemesiniň we ony başgalara ýaýratmasynyň öňüni almagyň iň gowy ýoly olary sanjym etdirmekdir. Gyzamyk barada her kimiň bilmeli 5 zady:
Dowamy
2024-nji ýylyň 30-njy martynda Türkmenistanyň parlamenti Maşgala kodeksine we Raýat iş ýörediş kodeksine üýtgeşmeler girizdi. Bu üýtgeşmeler nika bozmagy kynlaşdyrdy. Şol sanda, bu üýtgeşmeler öýdäki zorlugyň pidalaryna hem zulum ediji ýanýoldaşlaryndan aýrylmagy has howply eder.
Dowamy
Klimaty hapalaýan
maddalaryň az sanlysy – şol sanda howany hapalaýan gara uglerod, metan we ozon – häzire çenli hasaba alnan global maýylganlygyň tas ýaryna sebäpkärdir.
Bu hapalaýjylaryň ömri atmosferada bir asyrdan hem gowrak saklanýan kömürturşy gazy (CO2) bilen deňeşdireniňde has gysga hem bolsa, olaryň bölünip çykýan her tonnasynyň kömürturşy gazyndan 80-2000 esse köp howa maýladyjy güýji bolýar. Bu hapalaýjylaryň indiki asyrda hem klimaty kömürturşy gazyndan has beter maýlatmagy dowam etmesine garaşylýar.
Dowamy
Equality Now
guramasy tarapyndan 2024-nji ýylyň oktýabrynda çap edilen hasabat 7 sany Ýewraziýa ýurdunda (Ermenistan, Azerbeýjan, Gruziýa, Gyrgyzystan, Russia, Täjigistan we Özbegistan) irki we mejbury çaga nikalarynyň ýaýbaňlylygyny we sebäplerini derňeýär. Bu hasabata Türkmenistan degişli däl hem bolsa, sebitimizdäki ýagdaýlar barada öwrenmek ýurdumyzdaky irki nikalara düşünmegimize saldamly goşant goşup biler.
Dowamy
BMG-nyň Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy (UNFPA) 2024-nji ýylyň awgustynda öz Instagram sahypasynda zenanlar we maşgalalar üçin "Ynam telefony" hyzmaty barada maglumat paýlaşdy. Postda durmuşyň kynçylyklary ýa-da stresli hadysalar bilen ýüzbe-ýüz bolanyňda Ynam gyzgyn liniýasyna jaň edip, hünärmenlerden maslahat we goldaw alyp bolýandygy aýdylýar hem-de her welaýat üçin gyzgyn liniýanyň nomerleri berilýär. Bu jemgyýetçilik meselelerini çözmekde, esasan-da aýal-gyzlara we maşgalalara psihologik kömek almaga howpsuz gurşaw döretmekde saldamly ädimdir. Şeýle hyzmatyň barlygy we onuň ýurduň ähli ýerindäki adamlara elýeterlidigi guwandyrýar. Şeýle başlangyçlar ilatyň ýaşaýşyna ýaramly täsir edip, gelejekde has uly göwrümli jemgyýetçilik hyzmatlarynyň döremegine ýol açyp biler.
Dowamy
2024-nji ýylyň noýabrynda Türkmenistandaky BMG-nyň ösüş maksatnamasy (UNDP) Türkmenistanda inçekesel ýagdaýynda jyns taýdan aýratynlyklary derňeýän, bu kesel bilen bagly stigmany we diskriminasiýany anyklamaga synanyşýan, şeýle-de ýurtdaky inçekesel hyzmatlarynyň elýeterliligini we hilini bahalandyrýan hasabat işini çap etdi. Bu hasabat rus dilinde bolup, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň UNDP we Saglyk syýasatlarynyň we bilimleriniň merkezi (PAS Centre) bilen hyzmatdaşlyk etmeginde geçirildi hem-de Global gazna tarapyndan mäliýeleşdirildi.
Dowamy
Ýaýraň miýeloma (iň: multiple myeloma; rus: множественная миелома) ýa-da miýeloma – bu ýilik ragynyň bir görnüşidir. Ýilik käbir süňkleriň içinde duş gelýän maýyşgak dokuma bolup, gan öýjüklerini öndürýär. Ýaýraň miýeloma köplenç bedeniň birnäçe ýerine täsir edýär – meselem, oňurga, kelle süňküne, çanaklyga we gapyrgalara – şonuň üçin-de oňa "ýaýraň" ady berlen. Miýeloma süňkleri zaýalaýar we sagdyn gan öýjükleriniň öndürilmesine zeper ýetirýär.
Dowamy
Bellik: Makalanyň doly görnüşi iňlis we rus dillerinde progres.online saýtynda çap edildi.
Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin, BMG-nyň agza ýurtlary AIW we AIDS boýunça Syýasy deklerasiýany kabul etdiler. Ilkinji gezek agza ýurtlar 2026-2030 ýyllar üçin özgerişli we ölçegli maksatlary öňde goýdular – bu bolsa AIDS-iň soňuna çykmagy hakykata öwrüp biler.
Türkmenistanyň AIW ýokanjyna garşy göreşmek boýunça milli görkezmelerinden esasy bellikler.
Dowamy