Gyrgyzystanda 2017-nji ýylda kabul edilen Öýdäki zuluma garşy kanun – öňki sowet döwletleriniň arasynda iň öňdebaryjylardan biridir. Kanuna görä, diňe bir pidalar däl, eýsem şaýatlar hem hukuk goraýjy edaralaryna habar berip bilýärler. Netijede polisiýa, mysal üçin, äriniň aýalyna ýakynlaşmagyny gadagan etmäge haklydyr. Emma hakykat ýüzünde kanun işlemeýär diýen ýaly we zulum edýänleriň köpüsi jogapkärçilikden gaçmagy dowam edýärler.
Hukuk işgärleriniň pikiriçe, aýallaryň aglabasy entegem polisiýa ýüz tutmaýarlar, köpüsi bolsa kömek alma hukuklarynyň bardygyny hem bilmeýärler. Milli statistika komitetiniň berýän maglumatyna görä, köplenç adamsy ýa-da dogan-garyndaşlary tarapyndan zulum edilýänler – aýallardyr: 2018-nji ýylda hasaba alnan maşgaladaky zulum hadysalarynyň 95% erkekler tarapyndan edilipdir.
Içeri işler ministrligi maşgaladaky zulum sebäpli ölenleriň hasabatyny alyp barmaýar, ýöne "Aýallar Demokratik Ulgamy" gaznasynyň hasaplamalaryna görä, diňe 2018-nji ýylda Gyrgyzystanda 62 sany aýal garyndaşynyň ýa-da ýoldaşynyň günäsi sebäpli ölüpdir.
Soňky ýyllarda Russiýada hem hukuk goraýjylar, aktiwistler we käbir deputatlar maşgaladaky zulumy kanun tarapyndan resmileşdirmek we onuň üçin berilýän jezany agyrlaşdyrmak ugrunda işjeň göreşýärler. Muňa garamazdan, konserwatiw syýasatçylar we halk muny maşgala ojagy üçin howp hasaplaýarlar we garşy çykýarlar. Şeýlelikde, Russiýada 2017-nji ýyldan başlap, maşgalada birinji gezekki urgular jenaýat işi hasap edilmän başlady.
Emma kanunyň doly güýje girmegi üçin, ilki bilen jemgyýetiň maşgaladaky zuluma garaýşy üýtgemeli. Munuň üçin, iň bolmanda, syýasy erkinlik we býujet serişdeleri zerurdyr.
"BMG-Aýallar" guramasynyň Gyrgyzystandaky wekilçiliginiň hasaplamalaryna görä, kanunyň netijeli hereket etmegi ýylda 25 million som (300 müň dollardan gowrak) talap edýär. Bu pul krizis merkezlerinde maşgala zulumynyň pidalaryna kömek bermek, şeýle hem, zulum edenler üçin düzediş programmalaryny işläp düzmek üçin harçlanmaly. Kanuny düzüjiler "Bu kanunyň esasy maksady zuluma gaýtargy bermek däl-de, ilkinji nobatda, onuň öňüni almak bolmaly" diýip nygtaýarlar.
Şeýle-de bolsa, 2018-nji ýylda bu maksatlar üçin bary-ýogy 50 müň dollar töweregi pul goýuldy we býujetlerde soňky üç ýyl üçin jynsy zulumyň öňüni almaga niýetlenenip pul goýulmady. Diňe krizis merkezlerini ösdürmek üçin biraz pul bölünip berildi. Ýurtda jemi 16 krizis merkezi işläp, olaryň diňe bäşisinde gaçybatalga bar we köplenç olarda hem ýer ýetmezçilik edýär.
COVID-19 pandemiýasynyň getiren ykdysady çökgünligi ýurtda maşgaladaky zulumyň öňüni almaga pul süýşürmegi hasam kynlaşdyrar. Şeýlelik-de, bar bolan kanunçylyk mehanizmlerine garamazdan, aýallaryň zalym ýanýoldaşlaryna garşy göreşde şowsuzlyga uçrajagy ikuçsuzdyr. Sebäbi ulgam aýalyň zerurlyklaryny kanagatlandyrar ýaly edip gurulmadyk.
Gyrgyzystanda maşgaladaky zulum 17 ýyl bäri kanun tarapyndan jezalandyrylyp gelinýär. Ýöne ozal polisiýa bu barada şikaýatlary kabul etmekden ýüz öwürýärdi, çünki pidalar arzalaryny yzyna alýardylar. Täze kanun polisiýa işgärlerini maşgaladaky zulum baradaky ähli arzalary jenaýatyň bitewi sanawyna girizmäge borçly etdi. Bu bolsa, ýurtdaky statistikanyň hilini üýtgetdi. Täze kanun güýje gireli bäri, maşgaladaky zulum hadysalarynyň sany ep-esli artdy – 2019-njy ýylda arzalaryň sany 2015-nji ýyldaka garanda 4 esse artdy.
Gorag buýrugy (ejizi ganymdan goraýan buýruk) Günbatar ýurtlarynyň köpüsinde hereket edýär. Russiýadaky aktiwistler hem ony girizmek ugrunda göreşýärler. Gyrgyzystanda zulum hadysasy hasaba alnanda, awtomatik şekilde gorag buýrugy berilmeli. Buýrugyň şertleriniň nä derejede berjaý edilişine polisiýa işgäri gözegçilik etmeli. Wakadan üç gün geçensoň, pida polisiýa bölümine baryp, buýrugy ýene bir aýa uzaldyp bilýär. Içeri işler ministrliginiň berýän maglumatyna görä, 2018-nji ýylda 7178 sany gorag buýrugy berlip, olaryň diňe 64-si uzaldylypdyr. Hukuk goraýjy edaralaryň erkek kişini oýünden kowmaga hukugy ýok, aýalyňam köplenç gidere ýeri ýok, şonuň üçin Gorag buýrugyny bermek bilen, polisiýa esasan erkege aýalyny urmaga hakynyň ýokdugyny duýdurýar.
Iki ýyl mundan ozal kabul edilen kanun, zulum edijilere salynýan jerimeleriň hem mukdaryny onlarça esse artdyrdy – indi olaryň möçberi 400-900$ aralygydyr. Şeýle-de bolsa, Ynsan Hukuklaryny Goraýjy (HRW) guramanyň geçiren barlagyna görä, zulum edijileriň köpüsi işsiz bolup, jerimäni köplenç pidalaryň özleri tölemeli bolýarlar. Aklawçy Muhaýehon Abduraupowa "Jerimäni köplenç ýagdaýda pidanyň özi tölemeli bolýar, çünki ýa ol maşgalanyň ýeke-täk ekleýjisi ýa-da ol tölegi maşgala býujetinden, ýagny çagalaryň hakyndan kesip aýyrmaly bolýar. Başgaça aýdylanda, aýal urulýandygy üçin özi töleg töleýär." diýýär.
Makala we surat çeşmesi: "Maşgala territoriýasy". Gyrgyzystan maşgaladaky zuluma garşy berk kanun kabul edildi, ýöne bu meseläni çözmedi