GAZLAÝTIŇ NÄME WE OŇA NÄDIP GARŞY DURMALY?

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

gaslighting isGazlaýtiň termini Oskar baýragyna mynasyp bolan "Gaz yşygy" ("Газовый свет") filminden gelip çyksa-da, gazlaýtiň hadysasynyň gyzyklanma, höwes ýa-da söýgi bilen hiç hili baglanyşygy ýokdur.

Ýylylygy bolmadyk ýagtylyk

Gazlaýtiň – bilkastlaýyn edilýän psihologik zorluk bolup, adamda öz düşünjelerine, ýadyne ýa-da daş-töweregindäki bolup geçýän zatlara şübhe döredýär. Netijede, adam hakykat bilen gatnaşygyny we özüne bolan ynamyny ýitirýär; özüni däli hasaplaýar, sussupeslige uçraýar.

Jorj Kýukoryň "Gaz yşygy" filminiň gahrymany aýalynyň şaý-seplerini ogurlaýar we ony munuň hyýalydygyna ynandyrmak üçin, öý yşyklary bilen dürli manipulýasiýalar edýär. Aýaly muny aňsa-da, adamsy bularyň hyýalydygyna güwä geçýär. Netijede, kellesi bulaşan, emma adamsyna doly ynanýan aýal özünde gallýusinasiýalaryň bardygyna ynanyp başlaýar.

Şeýle ynjalyksyz we erksiz adam bilen islendik zat edip bolýar we bularyň onuň bähbidi üçin edilýändigine ynandyryp bolýar.

Hilegärler hakykaty inkär edenlerinde, olaryň sözleri hem duýgulary hem çyna meňzäp bilýär: "men muny etmedim, aýtmadym, ýene özüňden toslap tapýarsyň".

Meselem, hilegär adam özüniň kemsidiji sözlerine we hereketlerine adaty reaksiýa görkezýän aýalynyň gözýaşlaryny depressiýanyň alamaty hasaplaýar we oňa bejergi almalydygyny aýdýar.

Ýa-da, özüne azar berilýändiginden zeýrenýän gyz zulum edijini öjükdirmekde günäkärlenýär ýa-da däli hasaplanýar.

Manipulýatiw häsiýet nädip döreýär?

Manipulýatiw (hilegär) häsiýete Şotlandiýaly psihiatr Ronald Leýng "tassyklanmazlyk" diýip at berýär. Jemgyýetde adama hereketleriniň we pikirleriniň kada laýyklygynyň "tassyklanmagy" möhümdir. Gazlaýtiňiň maksady adamy bilgeşleýin tassyklamazlyk we onuň pikirleriniň ýa-da hereketleriniň çynlygyny inkär etmekdir. Gazlaýtiň hadysasy, köplenç, uzak wagtlap bile wagt geçirýän adamlaryň arasynda duş gelýär: maşgalada, işde, çagalar we ýetginjekler toparlarynda.

Gazlaýtiňe agressor we pida gatnaşýar. Agressor ýowuzlyga baş goşýar, pida bolsa ejizlik edýär.

"Ýalan şazada" we "Sen gyz ahyry"

Gazlaýtiň üçin hökmany şert – "oýna" ikinji tarapyň gatnaşmagy we onuň hilegäre boýun bolmagydyr. Mysal üçin, adamsyna maddy taýdan bagly aýal çagalarynyň hatyrasy we terk edilmek gorkusy sebäpli, özüniň kemsidilmegine sessiz-üýnsüz çydamagy makul bilýär. Emma bu gazlaýteri (agressor) has hem öjükdirýär. Ol her edip, hesip edip, ýoldaşyny deňagramlykdan çykarmaga synanyşýar, we ýene-de gahar-gazaba müneni üçin aýalyny günäkärleýär. Şeýlelik bilen, aýalynyň "hakykatdan hem" psihiki kemçiliginiň bardygyny ýene bir gezek subut edýär.

Manipulýatiw we kemsidiji häsiýetleriň sebäpleri:

↪ Adam gatnaşyklarynyň bozulmagynda öz günäsini kabul etmek islemeýär;

↪ Adamyň özüne göwni ýetmeýär;

↪ Adam owadan we akylly aýalyny ýitirmekden gorkýar ýa-da aýalynyň üstünligine göriplik edýär;

↪ Adamda çagalykdan galan ruhy şikesler bar (trawmalar, ene-atanyň emosional taýdan uzaklygy, ünsden düşürilme).

Has zalym agressorlar adatça adamyň üýtgedip bilmejek zatlaryny – ýaşyny, jynsyny, gelip çykyşyny, fiziologik aýratynlyklaryny – tankytlaýarlar. Meselem: "Özüňi nädip beýle alyp baryp bilýäň, sen zenan maşgala ahyry!", "Çagalaryň ýanynda sögünme, sen enesiň!" we ş.m.

Sypaýy gödeklik

Gazlaýtiň aslynda gohly dawa-jenjel ýa-da sögüşmek däl. Esasan, bir-birine biperwaý garamaýan adamlar duýgularynyň kütelmegi sebäpli sögüşýärler. Emma medeniýetiniň pesligi sebäpli, öz duýgularyny başga ýol bilen beýan edip bilmeýärler. Tupandan soňky ýaraşyk hem süýji, emma parahatçylykly "mesele çözmek", är-aýalyň deň şertlerde duýgularyny beýan edip bilmegidir.

Gazlaýtiňiň maksady psihologik taýdan güýçli adamlaryň ejizleri boýun egdirmegi, sütem etmegi we aklyndan azaşdyrmagydyr. Bu – ýylgyryp gödeklik etmek ýa-da masgaralap durka alada edýänsiremek ukybydyr. Kemsitmeden başga-da, manipulýasiýa dürli görnüşlerde edilip bilinýär. Mysal üçin, pida synp otagyna ýa-da ofise girende köpmanyly dymmak; adamyň arkasyndan gülüp, soňundan inkär etmek; ýa-da ýalandan duýgudaşlyk bildirmek we hal-ahwal soramak.

Gazlaýtiň diňe är-aýalyň ýa-da kärdeşleriň arasynda bolman, eýsem maşgalada çagalar tarapyndan gartaşan ene-atalaryna garşy hem edilip bilinýär.

Ötügiň soňundaky tümlük

Gazlaýtiňe garşy durmak üçin uruşmagy/ekjeşmegi bes etmek ýeterlidir. Ýoldaşyňyzyň sizi ynandyrjak bolýan zatlary hakykatmy, dälmi, barlamaň. Bu diňe aňyňyzda şübhe döreder.

Özüňize bolan ynamyňyzy güýçlendiriň – ynançlaryňyzyň, hereketleriňiziň dogrulygyna şübhelenmäň!

Şeýle bozuk gatnaşyklar işde dörän bolsa, iň gowy çykalga işiňi çalyşmakdyr. Çagalar meselesinde-de edil şeýle – mekdepde manipulýasiýa edilýän bolsa, başga mekdebe geçirmeli.

Eger ýoldaşyňyz gazlaýter bolsa, özüňizi aklamak ýa-da däli däldigiňizi subut etmek gerek däl. Beýle gatnaşygyň sizi gynandyrýandygyny we muňa ýol bermejekdigiňizi rahatlyk bilen gönümel aýdyň. Hiç zat üýtgemese, ikirjeňlenmän aýrylyşyň.

Galyberse-de, manipulýasiýa sagdyn gatnaşyklaryň esasy bolup bilmez. Gazlaýter bilen bir üçek astynda näçe uzak ýaşasaňyz, şahsyýetiňizi "täzeden dikeltmek" şonça-da kyn bolar.

Çeşme

  • 1553 gezek okalan