ÖÝDÄKI ZORLUGYŇ PIDASYNA NÄDIP KÖMEK ETMELI?

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

zorluk pidasyna komekMaşgalasynda zuluma sezewar bolan adama kömek etjek bolnanda, DOGRY we NÄDOGRY hereketlerden habardar bolmaly.

Ilkinji nobatda göz öňünde tutulmaly zatlar:

▷ Zorlugyň pidalary köplenç özlerini ýeke we çykgynsyz ýagdaýda duýýarlar. Meseläniň çözüminiň bardygyny bilseler-de (polisiýa, krizis merkezleri), kömek soramakdan çekinýärler ýa-da adalata ynanmaýarlar.

▷ Size çeken ezýeti barada gürrüň berse, hökman diňläň we goldaw beriň. Onuň üçin howpsuz şertleri dörediň.

▷ Täze wezipeleriň/ýumuşlaryň/kararlaryň öňünde özüni güýçsüz duýýanlygy sebäpli, pida siziň maslahatlaryňyzy we kömegiňizi kabul etmän biler. Şonda-da, ondan ýardamyňyzy gaýgyrmaň. Emma, aşa tutanýerlilikden we ýazgarmakdan saklanyň. Sabyrly boluň!

Onuň ýagdaýyna düşünýändigiňizi we goldaýandygyňyzy bildiriň:

▷ "Ýagdaýy gürrüň bereniň gowy boldy".

▷ "Başyňa gelenler örän agyr ekeni".

▷ "Düşen ýagdaýyňa gaty gynanýaryn we seniň howpsuzlygyňy alada edýärin".

▷ "Munda seniň (hiç-hili) günäň ýok". we ş.m.

Kömege taýýardygyňyzy görkeziň:

▷ "Saňa nähili kömek edip bilerin?"

▷ "Özüňi howpsuz duýmagyň üçin nämeler gerek?"

▷ "Nädip şunça wagtlap ýeke özüň çekip-çydadyň?"

Edil şu wagt nämeleriň zerurdygyny soraň:

▷ Howpsuz galmana ýeri barmy? Gerek bolsa, polisiýa ýa-da krizis merkezlerine bile jaň ediň.

▷ Onuň maddy ýagdaýy nähili? Näme kemçiligi bar? Oňa nädip kömegiň deger (egin-eşik, iş gözlemek we ş.m.).

▷ Zulumkeş barada gürrüň edende, zulumkeşiň tarapyny çalmaň.

▷ Zorlugy hiç zadyň aklamaýandygyny nygtaň.

Her kim kemçilik goýberip biler, emma bu hiç kime zorluk ulanmaga hukuk bermeýär!

Çeşme: Öýdäki zorlugyň pidasyna nädip kömek etmeli

  • 421 gezek okalan