ÖÝDÄKI ZORLUGYŇ PIDASY KÖMEK SORANDA, ETMELI DÄL ZATLAR

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

zorluk pidasyna etmeli dalÖýdäki zorlugyň pidasy öz ýagdaýyny gürrüň berende, ony goldaň. Şeýle-de, pidanyň stresli ýagdaýdadygy sebäpli, oýlanyşyksyz sözleriň we hereketleriň onuň daşky dünýä bolan ynamyny söndürip bilýändigini unutmaň. Şol sebäpli, örän seresaply çemeleşiň.

Tutanýerli maslahatlar we taýýar çözgütler hödürlemäň:

▶  Birinjiden, şeýle maslahatlar köplenç diňlenilmeýär.

▶  Ikinjiden, pida özüni samsyk ýa-da erksiz saýýansyňyz öýder; onuň ejizligini öz derejäňizi beýgeltmek üçin ulanýansyňyz öýder.

▶  Beýle maslahatlar pidanyň özüne bolan ynamyny gaçyryp biler.

Ýagdaýy analiz etjek bolmaň:

▶  Käbir pidalar analizleri kabul edip bilmeýär we munuň üçin sizden daşlaşyp biler.

▶  Analizler pidada ýakymsyz duýgy döredip, özüne bolan ynamyny gaçyryp biler.

Logiki jogaplary bolan soraglary seresaplyk bilen beriň. Adamy belli bir karara getirjek bolýanyňyz düşnükli we dogry, emma käbir zatlary unutmaň:

▶  Zorlugyň pidasy güýçli duýgulary başdan geçirýär. Şol sebäpli oňa rasional pikirlenmek we logiki karara gelmek kyn.

▶  Şeýle soraglar pidany gaharlandyryp ýa-da garşylyk döredip biler.

▶  Özüniň şeýle aýdyň çözümi tapyp bilmänligi üçin, pidanyň özüni samsyk duýmagy we özüne bolan ynamyny has hem gaçyrmagy ahmal.

Pidanyň hereketlerini bahalandyrmakdan, oňa öwüt bermekden saklanyň:

▶  Eger-de pida muny kabul etse, ol özüni has günäkär duýup başlar.

▶  Eger kabul etmese, size we sözleriňize garşy çykar.

▶  Şeýle öwütler zorlugyň pidasyna hiç wagt goldaw bolmaz.

Tankytlamaň:

▶  Pidanyň hereketlerini tankytlamak ony sizden daşlaşdyrar, adamlara bolan ynamyny gaçyrar. Netijede, kömek soramagyny bes eder.

▶  Zulumkeşi tankytlanyňyzda seresap boluň. Pidalaryň köplenç gorkuda ýaşaýandyklary sebäpli, zulumkeşi gorajak bolmaklary ahmal.

Maşgaladaky zulumyň pidasyna goldaw bereniňizde, sözleriňize we reaksiýaňyza örän üns beriň. Esasy zat: pida duýgudaşlyk bildirmek, kömege taýýar bolmak we tankytlamazlykdyr!

Çeşme: Öýdäki zorlygyň pidasy kömek soranda, etmeli däl zatlar

  • 490 gezek okalan