"ÇYDAMLY WE GEÇIRIMLI BOL"

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (5 Ses)

cydamly we gecirimli bol introNäme üçin türkmenistanly aýallar zuluma çydam edýärler?

Türkmenistan däp-dessurlara aýratyn sarpa goýýan ýurt bolup, maşgala ýöretmekde we gender rollarynda patriarhal düşünjelere eýerýär. Patriarhal maşgalada aýal öýe we çagalara seredýär, erkek bolsa eklenç edýär. Bu jemgyýetçilik-ykdysady ýagdaý aýallaryň we erkekleriň arasynda deňsizlik döredýär we jemgyýetiň aýallara bolan garaýşyna şekil berýär. Muňa ýüzleý seredeniňde, aýallar öý we çaga bilen bolmaly we başga ýerde kän işlemeli däl. Içgin seretseň welin, aýallara kän özbaşdak hereket etmäge erkinlik berilmeýär. Şeýle meseleler maşgalada zulumçylygyň döremegine ýol açýar. Zulumyň giňden ýaýrandygyna garamazdan, pidalar çydamly we geçirimli bolmaklaryny dowam edýärler. Çünki jemgyýet olara şeýle bolmagy ündeýär. Bu bolsa, aýallaryň köpçülikden çetleşmegine, özlerini günäkärlemegine we zulumy içlerinde saklamaklaryna alyp barýar. Eger öýdäki zulum barada hiç hili çäre görülmese, aýallar onuň adaty zatdygyna ynanyp başlaýarlar.

cydamly we gecirimli bol 1

cydamly we gecirimli bol 2

cydamly we gecirimli bol 3

cydamly we gecirimli bol 4

cydamly we gecirimli bol 5

cydamly we gecirimli bol 6

cydamly we gecirimli bol 7

cydamly we gecirimli bol 8

  • 1593 gezek okalan