ÖZÜNIŇ IKINJISI BOLMAGYMY TEKLIP ETDI

  • Okyjydan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.50 (4 Ses)

dymma 4Men durmuşymda şeýle wakany başymdan geçirdim.

18 ýaşda işe başlapdym. Telekeçiniň elinde işleýärdik, gyzlaram kändi, işdeşlerimi gowy görýärdim. Başlyk hem gowudy, maşgalaly, çagaly 40 ýaşdan geçen adamdy. Agzybirlik bardy işde. Şular ýaly işde işleýän diýip, begenýärdim: "Başlygym (я прям его боготворила) seret nähili gowy adam, aýalyny gowy görýär, çagalarynam, aýalyndan başgasyna seredenok, maňa-da Hudaý ýetirsin" diýip gezýärdim.

Ýöne, gynansakda, hemme zat görşüm ýalam däl ekeni. Wagtyň geçmegi bilen, başlyk maňa ýazyp başlady, komplimentlar eden bolýardy, maddy ýagdaýda kömek edip bilýänligini hödür edýärdi. Bir hili bolýardym. 18 ýaşda kim bilen maslahatlaşjagymam bilemokdym. Garaz, "gaty gowy başlyk" diýýänim, "biriniň 2-njisi bolmany nähili görýäň sen?" diýip, sorag berýärdi. "Ekläp biljek, isleýän durmuşyň bolar, hiç zadyň kem bolmaz" diýýärdi. Bu zatlaryň meniň üçin däldigini aýtdym. Ol bolsa, "Men ýöne şeýdip gyzlary barlaýan" diýdi. "Tипа опыты проходит, практика" diýip, şu tema ýapyldy.

1-2 aý wagt geçdi we men işden boşadyldym. Işden gaýdamsoň hem işdeş gyzlar bilen gatnaşýardym. Gürrüň çykdy, "gaty gowy başlyk" barada. Garaz, ol diňe maňa olar ýaly zat hödür edenok ekeni, gelen täze gyzlaryň ählisine hödür edýän eken. Sada ýa ýuwaş bolsaň hasam sypdyranok eken. Bilemok, "bolýa" diýýänler barmy ýa ýok. Gören zadym görşüm ýaly däl eken. Gaty üýtgeşik waka däldirem welin, ýöne menem paýlaşasym geldi.

Ýatda Saklaň: şahsy hekaýalaryň aşagynda kemsidiji, ýazgaryjy, göwne degiji teswirleri goýmak gadagan. Eger atanlykda şeýle teswir ýazan bolsaňyz, ony haýal etmän pozuň. Bolmasa ony biziň özümiz pozup aýrarys.

Gadyrly okyjy, başdan geçirenleriňizi Dymma kampaniýasynda paýlaşanyňyz üçin minnetdarlyk bildirýäris. Şeýle şahsy hekaýalar jemgyýetimizdäki möhüm meseleleriň üstüniň açylmagyna, olaryň düýp sebäpleriniň öwrenilmegine, hem-de düşünjeleriň özgermegine ýol açýar. Bu ýol uzak we ählimiziň gatnaşmagymyzy talap edýär. Ýekäniň çaňy çykmaz!

Bellik: Sahypany gurnaýjylaryň we administratorlaryň pikir-düşünjeleri çap edilýän materiallardyr teswirlere gabat gelmän biler. Ýazgylarda beýän edilýän pikirler diňe olaryň awtorlaryna degişli.

Zulum – dymma, kabul etme, rugsat berme!

"Dymma" üçin atsyz hekaýalar.

#dymma #hekaýaňypaýlaş #maşgaladakyzulum #öýdäkizulum

Anonim şertde çap edilýän, atsyz hekaýalar

Zuluma garşy taslama "Dymma!" zulumyň pidalaryndan gelýän atsyz hekaýalary Saglyk.org saýtynda we soсial ulgamlarynda çap edýär.

Siziň başdan geçirenleriňiz başgalara ylham berip biler. Kimdir biri siziň ýazanlaryňyzy okap özüniň ýeke däldigine göz ýetirer. Belki adamlar zuluma garşy göreşmegiň möhümdigini we mümkindigini öwrenerler. Siz maslahat hem sorap bilersiňiz – okyjylaryň içinden peýdaly maslahat berjekleriň tapylmagy mümkin.

Biz siziň adyňyzy ýa-da beýleki şahsy maglumatlaryňyzy soramaýarys we görmeýäris. Eger paýlaşmak isleýän zadyňyz bar bolsa, şu zynjyra giriň we başdan geçirenleriňizi PAÝLAŞYŇ!

  • 490 gezek okalan