ERJEŞME BARADA DYMMAŇ

  • Okyjydan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (4 Ses)

dymma okyjylardan hekayalar

Islendik yashda beyle zat bolup bilyar. Men beyle yagdaya iki gezek duchar boldum: birinjisi 11 yashymda, ikinjisi 14 yashymda.

Birinji gezek bu yagday toyda wagtym boldy. Obada garyndashymyn toyundadym. Babamlaryn oyi toy yerine yakyndy. Toyda hemme kishi tans oynap yorler, men bolsa yeke ozum oye gaytmakchy boldum. Garankylykda garyndash hasaplanyan dayylardan biri mana sykylyk chaldy, "gel gel barik, suyji berjek" diydi. Men onun sesinden gowulygyn alamaty daldigini andym, sonam yzyma toy yerine gaytdym. Gorkyanlygym uchin ejem daga aydyp bilmedim. Ol dayyny goremde gacha durdum. Beyleki chagalara bu wakany aytmasam hem gacha durmaklaryny aytdym.

Ikinji gezek hem tomus kanikulynda shaherden oba gaytdym. Ejem bosh bolmasyn diyip oba golay shaherchedaki kurs merkezine gatnatdyrdy. Her gun diyen yaly babam meni akidyardi. Gaydanymda ozum gaytmalydym. Bir gun babamyn ishi chykdy, shol sebapli meni yolda goyup gitdi. Men golosavat edip bashladym. Iki mashyndan son bir ichgili adam durdy. Muny gorup barmaly adresi yalnysh aytdym. Sonra bolsa "yok, gidiberin arkayyn" diydim. O-da muna gahar edip "mun mashyna diyyan" diyip bashlady. Men shol bada babama jan etdim, ol hem "men baryancham guyme" diydi. Gatnavly yol bolanson, yoly kesip eylak beylak gechdim. Ol asha ichgili bolanson, mashyndan dushmane haly yokdy. Men hem mundan peydalandym. Bize tarap babamyn gelyanini gorup kosheshdim. Ichgili suruji hem muny aňan yaly, gaty basyp gachyp gitdi. Babam mashyn belgisini yadynda saklady we ejeme jan etdi. Ol adamy polisiya ishgarleri shol bada yolda saklap, 3 gun kapasada sakladylar. Sonundan gorsek, bu adam hem mamamyn dashgynrak garyndashy ekeni. Ejemin menin tarapymy tutanyny gorup begendim, gorkmadym. Shonuň uchin hem birinji wakany hem aytdym. Ejem erbet boldy, wagtynda aytmadygym uchin kayedi.

Siz hem gorkman wagtynda aydyn, sizin tarapynyzda boljak adam kandir.

Ýatda Saklaň: Şahsy hekaýalaryň aşagynda kemsidiji, ýazgaryjy, göwne degiji teswirleri goýmak gadagan. Eger atanlykda şeýle teswir ýazan bolsaňyz, ony haýal etmän pozmagyňyzy soraýarys. Bolmasa, ony özümiz aýyrmaly bolarys.

Gadyrly okyjy, başdan geçirenleriňizi Dymma kampaniýasynda paýlaşanyňyz üçin minnetdarlyk bildirýäris. Şeýle şahsy hekaýalar jemgyýetimizdäki möhüm meseleleriň üstüniň açylmagyna, olaryň düýp sebäpleriniň öwrenilmegine, hem-de düşünjeleriň özgermegine ýol açýar. Bu ýol uzak we ählimiziň gatnaşmagymyzy talap edýär. Ýekäniň çaňy çykmaz!

Bellik: Sahypany gurnaýjylaryň we administratorlaryň pikir-düşünjeleri çap edilýän materiallardyr teswirlere gabat gelmän biler. Ýazgylarda beýan edilýän pikirler diňe olaryň awtorlaryna degişli.

Zulum – dymma, kabul etme, rugsat berme!

"Dymma" üçin atsyz hekaýalar.

#dymma #hekaýaňypaýlaş #maşgaladakyzulum #öýdäkizulum

Anonim şertde çap edilýän, atsyz hekaýalar

Zuluma garşy taslama "Dymma!" zulumyň pidalaryndan gelýän atsyz hekaýalary Saglyk.org saýtynda we sosial ulgamlarynda çap edýär.

Siziň başdan geçirenleriňiz başgalara ylham berip biler. Kimdir biri siziň ýazanlaryňyzy okap, özüniň ýeke däldigine göz ýetirer. Belki adamlar zuluma garşy göreşmegiň möhümdigini we mümkindigini öwrenerler. Siz maslahat hem sorap bilersiňiz – okyjylaryň içinden peýdaly maslahat berjekleriň tapylmagy mümkin.

Biz siziň adyňyzy ýa-da beýleki şahsy maglumatlaryňyzy soramaýarys we görmeýäris. Eger paýlaşmak isleýän zadyňyz bar bolsa, şu zynjyra giriň we başdan geçirenleriňizi paýlaşyň! PAÝLAŞ!

  • 1122 gezek okalan