"GELEJEGIMI GAÝGY EDÝÄRIN"

  • Okyjydan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

dymma okyjylardan hekayalar

Gadyrly okyjy, bize 10 ýyl bäri dürli aýylgynç zorluklary başdan geçiren aýal-gyzlar hat iberip gelýärler. Bu hatlary okamak bize juda agyr düşýär. Ýerlikli goldaw we kömek bermek ondan hem agyr. Zuluma sezewar bolanlaryň ählisi diýen ýaly biabraýçylykdan çekinip, polisiýa ýüz tutmakdan gaça durýarlar. Olar köplenç düşen ýagdaýlary üçin özlerini günäkärleýärler.

Bu gezek hem, şeýle hatlaryň birini awtorynyň rugsady bilen, atsyz görnüşde paýlaşýarys.

Salam... aýtmak gaty kyn welin... sorasym geldi... 2-nji klasdakam men zorlandym we gyzlygym bozuldy... Ol menden uly, ýakyn garyndaşymdy. O wagtlar ejemede aýdyp bilmeýädim we gaty kiçidim.

Öňräk men bir oglan bilen gürleşdim, gowy gorüşýädik... Iň soňunda men aýtdym dogry zatlary. Olam meni gunäkärledi we geljekde aýdyp bilmermikäm diýýän... Aýtsam soň soňlar diline çolar, “sen kiçikaň şeýle bolupsyňa” diýip aýdar öýtýän we gorkýan. Meň gürleşýänim Bilim edarasynda işleýädi. Men “gaýrat ediň, kiçi gyz oglan çagalaryň eje kakalaryna ýygnak ediň” diýip aýtýadym... Ol bolsa “gyzlar özüni gorasynda” diýip maňa kakdyrýady.

Adalatlylykdan, ar almakdanam geçdim men... ? Men başdan geçirmelerim köp adamlarda boldymyka diýýän. Geljekki ýaşlara belki kömek bolar özlerini gorap bilerler.

Men her toý etýän gyzy goremde menem şeýdip toý edermikäm diýip aladalanýan. Ýyl gitdigiçe gyz durmuşa çykmaly bolara. Soň soňlar diňe oglanlara däl, aýallarada “şu gyz düzüw däl, düzüw bolsa durmuşa çykardy” diýdirdesim gelenok.

Bu ýagdaýda biz näme etmeli? Gün geçtikçe biz ulalýas, durmuşa çykmaly bolarys... Kime aytjagymy hiçhili bilemok we men nähili kömek alyp bilerin we ginikologlar düzedip bilýärmi?... Muny aýtmak gaty utanç beriji... Gyz bolanymyz üçin gowy zatlaryň biri däl. Biri duýaýsa diýip, gorkup gezýäs... ???

Men gaty gorkýan... kömek ediň... trawmam ulalarmyka diýip gorkýan...

Sagboluň... iň erbet tarapy meň ýakyn garyndaşym bolmasy. Gullukdan gelende mana gülüp gujaklan boldy... kakamam bardy, hiçzat diýip bilmedim.

Saglyk şeýle kyn, ajy, çylşyrymly durmuş ýagdaýyna düşen aýal-gyzlara psihologyň kömegini almagyny maslahat berýär. Türkmenistanda ýetginjek gyzlara hyzmat etmek maksady bilen "Ynanç telefony" açyldy. "Ynanç telefony" duşenbe – anna günleri sagat 10:00-16:00 aralygynda hyzmat berýär: +99312 22-93-89.

Egerde, araňyzda şeýle ýagdaýy, adalatsyzlygy başdan geçiren bar bolsa, biz bilen tejribäňizi paýlaşyp bilersiňiz. Meselem, nireden we nädip goldaw tapdyňyz? Şeýle şahsy hekaýalar jemgyýetimizdäki möhüm meseleleriň üstüniň açylmagyna, olaryň düýp sebäpleriniň öwrenilmegine, hem-de düşünjeleriň özgermegine ýol açýar. Bu ýol uzak we ählimiziň gatnaşmagymyzy talap edýär. Ýekäniň çaňy çykmaz!

Biz siziň adyňyzy ýa-da beýleki şahsy maglumatlaryňyzy soramaýarys we görmeýäris. Başdan geçiren ýa-da şaýat bolan wakalaryňyzy şu zynjyrda paýlaşyp bilersiňiz: PAÝLAŞ!

Ýatda Saklaň: Şahsy hekaýalaryň aşagynda kemsidiji, ýazgaryjy, göwne degiji teswirleri goýmak gadagan. Eger atanlykda şeýle teswir ýazan bolsaňyz, ony haýal etmän pozmagyňyzy soraýarys. Bolmasa, ony özümiz aýyrmaly bolarys.

Bellik: Sahypany gurnaýjylaryň we administratorlaryň pikir-düşünjeleri çap edilýän materiallardyr teswirlere gabat gelmän biler. Ýazgylarda beýan edilýän pikirler diňe olaryň awtorlaryna degişli.

  • 985 gezek okalan