OKYJYDAN HAT: GYZLAR ERKEKLERIŇ BEÝLE HEREKETLERI ÜÇIN GÜNÄKÄR DÄL

  • Okyjydan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

dymma okyjylardan hekayalar

Salam Saglyk.

Men ozum talyp we welayatdan gelenim uchin oz dayzamlarda yashamaly boldum. Oz ejem bolsa dashary yurtda ish sapary bilen, kakam bolsa yok (ayrylyshanlar men kichikam).

Dayzamlarda yashap bashlanymda onun adamsy mana gyzym diyip yuzlenyardi we hemishe gyzynyň bolmagyny isleyandigini aytyardy. Menem begenipdim, sebabi men kaka soygusini gormedim. Wagt gechdigiche onun seredishleri uytgap bashlady: hemmamiz kino gorup otyrkagam eli hamana birden degip giden yaly menin tenime degerdi, ya bolmasa bir gezek meni yanyna chagyryp dodagymdan ogshajak boldy. Men oz jayyma gelip aglap, ozumi oldurmek uchin mana ichmesi gadagan edilen (saglyk sebapli) dermanlary 3-4-den ichyardim. Oyde hickim yok vagtyna gabat gelse, ol meni zorlajak bolardy, ya-da bolmasa oyde adam bolsa-da ol hic kimden gorkman men bedenime elini degirerdi. Men gorkdum we gaty utandym.

Ozume aynada seredip bilemokdym, oz-ozumden utanyadym, hamana men sebapli ol sheyle hereket edyan yalydy. Men hemmezady ejeme aydyp bilerdim, yone birinjiden gorkdum, utandym we men sebapli mashgalanyn bozulmasyny islemedim. Son 4 ay sonra ejeme hemmezady aytdym we ol meni tizden tiz ol jaydan chykardy. Dayzama hich zat aytmadyk, onun mashgalasynyn rahatlygy uchin. Oyunden chykamson dayzamyn adamsy mana kop jan etdi, inetdan yazdy, her hil hapa sozler yazardy.

Men shu bolan wakadan son gaty uly psihiki trawma aldym, kavagt gije yatanymda duyshume uly erkek meni zorlap yatany giryar. Ya bolmasa, sheyle zat okasam ozum yaman bolup aglap, ozumi yok edesim gelyan wagtlary bolyar.
Size maslahatym, gyzlar, hijem gorkman we utanman. In esasy zat: biz gyzlar erkeklerin beyle hereketi uchin gunakar dal!

Ejem goldady we ozum ozumi aydym dinlap, arzuw edip kosheshdirdim. Ol yagday hazirem bar, sebabi men ol dayzamlara barmaly bolyan. Dayzamlara butinley barmasam "name uchin gelenok" diyip aydar diyyan. Duynkide baranymda-da yalandan bir zat aljak diyip, mana suykendi sheylebir yaman boldum. Tazeden shol 4 ayyn duygulary geldi mana 😭

Hich hili chare goremok. Onun ozide organda ishleya, bir zat diysem men ustume atjagy anyk. "Mana ozi asyldy" diyip, gunani mana atsa dayzam ona ynanar, sebabi onun yagdayy sheyle. Aytmanymyzda-da ejeme "gyzyn birhili bizde yashan vagtynda arimin yanyna kop gelyadi, arimem mana birhili seredip goyardy, dushunmedim" diyen manyda diyip yamanlapdyr. Sheyle tohmetlerem boldy.

Saglyk şeýle kyn, ajy, çylşyrymly durmuş ýagdaýyna düşen aýal-gyzlara psihologyň kömegini almagy maslahat berýär. Türkmenistanda aýal- gyzlara hyzmat etmek maksady bilen "Ynanç telefony" açyldy. "Ynanç telefony" duşenbe - anna günleri sagat 10:00-16:00 aralygynda hyzmat berýär: +99312 22-93-89. Gynansakda, bizde bu liniýanyň üsti bilen berilýän hyzmatlaryň hili we sany barada hiç hili maglumat ýok. Bu işleri Türkmenistanda maliýeleşdirýän halkara guramalary bu babatda biziň soraglarymyza jogap berenoklar.

Gadyrly okyjy, başdan geçirenleriňizi Dymma kampaniýasynda paýlaşanyňyz üçin minnetdarlyk bildirýäris. Şeýle şahsy hekaýalar jemgyýetimizdäki möhüm meseleleriň üstüniň açylmagyna, olaryň düýp sebäpleriniň öwrenilmegine, hem-de düşünjeleriň özgermegine ýol açýar. Bu ýol uzak we ählimiziň gatnaşmagymyzy talap edýär. Ýekäniň çaňy çykmaz!

Zuluma garşy taslama "Dymma!" zulumyň pidalaryndan gelýän atsyz hekaýalary Saglyk.org saýtynda we sosial ulgamlarynda çap edýär.

Siziň başdan geçirenleriňiz başgalara ylham berip biler. Kimdir biri siziň ýazanlaryňyzy okap, özüniň ýeke däldigine göz ýetirer. Belki adamlar zuluma garşy göreşmegiň möhümdigini we mümkindigini öwrenerler. Siz maslahat hem sorap bilersiňiz – okyjylaryň içinden peýdaly maslahat berjekleriň tapylmagy mümkin.

Biz siziň adyňyzy ýa-da beýleki şahsy maglumatlaryňyzy soramaýarys we görmeýäris. Eger paýlaşmak isleýän wakaňyz bar bolsa, şu zynjyra giriň we başdan geçirenleriňizi paýlaşyň! PAÝLAŞ!

Ýatda Saklaň: Saglyk hatlary bolşy ýaly çap edýär we olaryň hakykylygyna we çeperçilik hiline jogapkärçilik çekmeýär. Şahsy hekaýalaryň aşagynda kemsidiji we ýazgaryjy teswirleri goýmak gadagandyr. Eger atanlykda şeýle teswir ýazan bolsaňyz, ony haýal etmän pozmagyňyzy soraýarys. Bolmasa, ony özümiz aýyrmaly bolarys.

  • 265 gezek okalan