ÇAGALARYMYŇ, ENE-ATAMYŇ ABRAÝY ÜÇIN ÇYDAP GEZIP ÝÖRÜN

  • Okyjydan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

dymma okyjylardan hekayalarSalam gelinler, gyzlar.

Men yollaşym bilen guda bolup durmuş gurdum. Durmuşa baslanymyz bari yollaşym meni urup, sowüp, masgalaň beyleki agzalarynyň yanna mertebami peseldip, kemsidiji sözler aytya. Bir gün gozümi, bir gün kellami yaryp gara gan etya. Hıç hili sebap yok yerden bir zatdan bahana tapyp, tok sim bilen sayyp-sayyp, ennam janymyň göm gök yara çişiniň awysy, yzy ayrylmaka yene-de urya. Agyrysy çydar yaly dal. Onnada Allajanyň gudraty bilen yaşap yorin.

Başlarda eje kakasyna aytyadym. Olaram "bizin arimiz öyede gelenokdy, siz mes bolyanyz" diyip, oglynyň arkasyny alya. Yzymdanam "onardy, gereği şol" diyip, begenyaler. Şoň üçin inni hiç kime aýdyp bilemok. Ejem kakamada aýdyp bilemok, il içinde boyunlaryny egmesinler diyip. "Name uçin ayrylşanokka, çydayaka?" diyyansiňiz, yöne çagajyklam bar. Ejem kakam ayry diyip deň duşlaryndan kemsinmelerine wyždanym el berenok. Her gözlerine seredenimde gozimiň yaşy diňenok.

Naçe sapar yollaşym öz-ozi dallirap, sebapsiz yerden bahana tapyp, gowrelikam, çagajygym çilelika, hatda balnysadan çykan gunimem urdy. Sonam oyden surap çykaryp, masgaralap kowdy. Bir sapar dal, naçe sapar gaytalady. Ahyry menem gitdim. Şeydip çykaryp goyberensonam ejesi kakasy meni garayaman edip gunakarleya. Naçe ay geçensoň yenede birikdik. Inni duzeljek diyensoň çagajyklammyň hatyrasyna ynandym. Az wagt geçenson yenede şol bolşy. Elimden telefonymy alyp, ulannyrman naçe wagtlap ejem-kakamyň sesine zar edip saklady. Şuwagtam burnumdan getirip ulannyrya, bahana tapyp oçurup, yene yzyna berip.

Naçe yyl bari oymize akidenok. Dine jaňda gurleşip bilyan. Toy-tomga aňyrda dursyn, ejem kakamyň yuzini gormagede akidenok. Daşam dal ýogsa oyumuz. Gyz oyumde abrayly masgalaň çagasydym. Inni durmuşa çykyp, il günüň dilinde bollym. Oymizdakilerede "gunim gowy, bir kemi atasy oyime akidenok" diyyan. Sebabi olaňam gynananyny islamok. Harama göz dikmesin, basğa yerden gyzyk gozlemesin diyip, hemme hyzmatyny edyan. Oyiň arassacyllygynada, çagajyklammada, ozimede bahana tapmaz yaly seretyan. Yone gadyr bilmez adam, name etseňem gözüne gorunmeyan eken. Meni beydip saklar yaly ogyrlyk ya bolgysyzlyk edemok, ya bir erbetlik etyan bolsam öz müynimi bilip otyrjak. Name uçin meni beytyaka? Telefonunuň kodynam mennen bukya. Garaz "heley diňe demini çykarman hyzmat etmeli" duşinje bar. Ejesi yaşmagmyzam açdyranok.

Komek gerekgal. Men yöne durmyşymda bolyp duran zatlaň bir bolegini aytdym. Sebabi ejem kakam gynanmasyn diyyan. Çagalam, abrayym diyyan. Sesimi çykaryp bilemok, şular yaly zatlaň ussini örtüp çydap gezip yoris. Bize erbetlik etyanlerem hiç zat bolmadyk yaly, il arasynda arsyz bolup gezip yorler. Allajan meňki yaly çagjyklary, maşgalasy uçun çydap yören gelin gyzlammyza sabr, guyç-kuwwat bersin. Allajan soňumuz gowy bolsyn.

Sag boluň.

Gadyrly okyjy, başdan geçirenleriňizi Dymma kampaniýasynda paýlaşanyňyz üçin minnetdarlyk bildirýäris. Şeýle şahsy hekaýalar jemgyýetimizdäki möhüm meseleleriň üstüniň açylmagyna, olaryň düýp sebäpleriniň öwrenilmegine, hem-de düşünjeleriň özgermegine ýol açýar. Bu ýol uzak we ählimiziň gatnaşmagymyzy talap edýär. Ýekäniň çaňy çykmaz!

Zuluma garşy taslama "Dymma!" zulumyň pidalaryndan gelýän atsyz hekaýalary Saglyk.org saýtynda we sosial ulgamlarynda çap edýär.

Siziň başdan geçirenleriňiz başgalara ylham berip biler. Kimdir biri siziň ýazanlaryňyzy okap, özüniň ýeke däldigine göz ýetirer. Belki adamlar zuluma garşy göreşmegiň möhümdigini we mümkindigini öwrenerler. Siz maslahat hem sorap bilersiňiz – okyjylaryň içinden peýdaly maslahat berjekleriň tapylmagy mümkin.

Biz siziň adyňyzy ýa-da beýleki şahsy maglumatlaryňyzy soramaýarys we görmeýäris. Eger paýlaşmak isleýän wakaňyz bar bolsa, şu zynjyra giriň we başdan geçirenleriňizi paýlaşyň!

PAÝLAŞ!

Ýatda Saklaň: Saglyk hatlary bolşy ýaly çap edýär we olaryň hakykylygyna we çeperçilik hiline jogapkärçilik çekmeýär. Şahsy hekaýalaryň aşagynda kemsidiji we ýazgaryjy teswirleri goýmak gadagandyr. Eger atanlykda şeýle teswir ýazan bolsaňyz, ony haýal etmän pozmagyňyzy soraýarys. Bolmasa, ony özümiz aýyrmaly bolarys.

  • 596 gezek okalan