ÇAGA ETMEK SAGLYGYM ÜÇIN HOWPLY, EMMA MUŇA ILLER DÜŞÜNMEÝÄRLER

  • Okyjydan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

dymma 19Men özüm 35 yaşymda şu wagt. 22 yaşymda durmuşa çykdym. Sonra birinji çagama göwreli boldum, emma ol çaga 4 aylyk wagty doktorlar ayyrdylar, sebabi menin öz yagdayym gaty erbetdi: hiç zat iymeyardim, gaty güyçli toksikoz sebapli yüregim durup işlap başlady.

2 yyl sonra oglum doguldy. Ol göwrelilik hem gaty agyr geçdi, yöne birinji göwrelilige garanda gowurakdy. Şonda-da dawlenyam galyp gaty helak bolupdym. Doktorlar "birnaçe yyl hiç hili çaga etmeli dal" diydiler.

Sonra daşary yurtlara gidip leçenya aldym. Şondan 7-8 yyl geçenson men yene çaga etmeli diyen pikire geldim, yagny garyndaşlarymyn "çaga etjek dalmi indi sen?" "şeydip gezip yörjekmi?" diyen sözlerine çydamadym. Hemme gonşular, tanyş bilişler, garyndaşlar sorap yürege düşyardiler. Sonra yene 3 gezek synanyşdym çaga etjek bolup. 2-si özi ayryldy, 3-njini doktorlar ayyrdy. Sebabi yene menin dawlenyam galyp ölümin barinden gaytdym. Doktorlar "ejesi öljek bolsa biz çagany ayyrmaly bolyas, enani halas etmeli" diydiler.

Yöne menin çeken azaplarymy, görgülerimi, agyrylarymy, gussalarymy dine men bilyan, başgalar bilenok. Men çaga etman gezip yören yaly düşünyarler, hemme kişi akyl satyar mana, "eytmeli ekenin, beytmeli ekenin" diyip. Bir yerde edilyan zat bolsa etdik bizem. Şonda-da bolmajak bolsa bolanok eken.

In sonky gezek doktorlar çagany ayyranda "indi sana çaga etmek asla bolanok, gadagan! Sebabi dawlenyan gaty beyik (200/110), özün ölmejek bolsan etme" diydiler. Yöne kabir garyndaşlar we tanyşlar ynananoklar, "doktorlar name bilya, hiç zadam bolmaz, et yene" diyip, ya-da "öwülya zyyarata git" diyyaler. Öwülyada gitdim, molla da okatdym, daşary yurtlara gidip leçenyada aldym, serowno bolanok.

Mende çaga galyar, yöne son şol göwrede galan çagalar meni helak edip, ölüm derejesine getiryar. Rusça (не переносимость беременности) bolyar. Мне противопоказано беременность. Menin 4 çagam ayryldy. Indi men öz ömrümi, janymy orta goyup, tazeden göwreli bolmak islamok. 1 çagam bar, şonada şükür. Bir çagasy yoklaram yaşap yörler.

***********

Gadyrly okyjy, başdan geçirenleriňizi Dymma kampaniýasynda paýlaşanyňyz üçin minnetdarlyk bildirýäris. Şeýle şahsy hekaýalar jemgyýetimizdäki möhüm meseleleriň üstüniň açylmagyna, olaryň düýp sebäpleriniň öwrenilmegine, hem-de düşünjeleriň özgermegine ýol açýar. Bu ýol uzak we ählimiziň gatnaşmagymyzy talap edýär. Ýekäniň çaňy çykmaz!

Zuluma garşy taslama "Dymma!" zulumyň pidalaryndan gelýän atsyz hekaýalary Saglyk.org saýtynda we sosial ulgamlarynda çap edýär.

Siziň başdan geçirenleriňiz başgalara ylham berip biler. Kimdir biri siziň ýazanlaryňyzy okap, özüniň ýeke däldigine göz ýetirer. Belki adamlar zuluma garşy göreşmegiň möhümdigini we mümkindigini öwrenerler. Siz maslahat hem sorap bilersiňiz – okyjylaryň içinden peýdaly maslahat berjekleriň tapylmagy mümkin.

Biz siziň adyňyzy ýa-da beýleki şahsy maglumatlaryňyzy soramaýarys we görmeýäris. Eger paýlaşmak isleýän wakaňyz bar bolsa, şu zynjyra giriň we başdan geçirenleriňizi paýlaşyň!

PAÝLAŞ!

Ýatda Saklaň: Saglyk hatlary bolşy ýaly çap edýär we olaryň hakykylygyna we çeperçilik hiline jogapkärçilik çekmeýär. Şahsy hekaýalaryň aşagynda kemsidiji we ýazgaryjy teswirleri goýmak gadagandyr. Eger atanlykda şeýle teswir ýazan bolsaňyz, ony haýal etmän pozmagyňyzy soraýarys. Bolmasa, ony özümiz aýyrmaly bolarys.

  • 38 gezek okalan