AÝRYLYŞANA DURMUŞA ÇYKSAMMYKAM?

  • Okyjydan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.75 (4 Ses)

dymma okyjylardan hekayalarSalam! Ilki bilen size, siziñ aladalarňyza, işlerňize ullakan hormat goyyan, ullakan sag bolsun aytyan. Sebabi bu biziñ goryan, okayan zatlarmyzyñ añyrsynda ullakan zahmet ýatyr.

Sizden etjek haýyşym, meňem pikirmi paýlaşyp berseñiz gaty minnetdar bolardym.

Men 30 yaşly, durmuşa çykmadyk gyz. Daşary yurtda okap, işlap ýorin. Şu wagta çenli ýuregme ýurekdeş tapmadym. Özüm bilen ýaşdaşlar indi kan gabadam gelenok. Barysy ýaşy menden kiçiler, a men bolsa ýaşy kiçi bolsa kabul edip bilemok. Ol meň diñe oz pikirim.

Bir dayzamyñ oglan jigsi bar, menden birki ýaş uly, ýone öýlenen. 2 çagalary bolanda ol oglan Germaniya okuwa gityar. Soñ gelni yzynda 2 çagasyny alyp, atasy oýüne dolanýar. Şeýdip olar aýrylyşypdyrlar. Indi daýzam maña Germaniya gitmegimi we jigsine barmagymy teklip etdi. Sebabi jigsi okuwy dynyp, şol yerdede işleýan eken. Men onuň bilen gürleşip hem gördüm we ol hem öylenmage meýilli. Maşgala geçmişi barada hem sorasam "Men okuwa diyip gaydamda gelnim yzymda maşgalany saklap garaşyp bilmedi. Karantin dowürleridi, yollar yapyk bolup arasynda gidibem bilmedim öye. Indi yzyma yol yok, meñ uçin diňe şu gun we ertir bar" diýýä.

Menem indi pikir edyan. Ýöne name karara geljegimi bilemok. Şoň üçin siz bilen pikir alyşasym geldi.

***********

Gadyrly okyjy, başdan geçirenleriňizi Dymma kampaniýasynda paýlaşanyňyz üçin minnetdarlyk bildirýäris. Şeýle şahsy hekaýalar jemgyýetimizdäki möhüm meseleleriň üstüniň açylmagyna, olaryň düýp sebäpleriniň öwrenilmegine, hem-de düşünjeleriň özgermegine ýol açýar. Bu ýol uzak we ählimiziň gatnaşmagymyzy talap edýär. Ýekäniň çaňy çykmaz!

Zuluma garşy taslama "Dymma!" zulumyň pidalaryndan gelýän atsyz hekaýalary Saglyk.org saýtynda we sosial ulgamlarynda çap edýär.

Siziň başdan geçirenleriňiz başgalara ylham berip biler. Kimdir biri siziň ýazanlaryňyzy okap, özüniň ýeke däldigine göz ýetirer. Belki adamlar zuluma garşy göreşmegiň möhümdigini we mümkindigini öwrenerler. Siz maslahat hem sorap bilersiňiz – okyjylaryň içinden peýdaly maslahat berjekleriň tapylmagy mümkin.

Biz siziň adyňyzy ýa-da beýleki şahsy maglumatlaryňyzy soramaýarys we görmeýäris. Eger paýlaşmak isleýän wakaňyz bar bolsa, şu zynjyra giriň we başdan geçirenleriňizi paýlaşyň!

PAÝLAŞ!

Ýatda Saklaň: Saglyk hatlary bolşy ýaly çap edýär we olaryň hakykylygyna we çeperçilik hiline jogapkärçilik çekmeýär. Şahsy hekaýalaryň aşagynda kemsidiji we ýazgaryjy teswirleri goýmak gadagandyr. Eger atanlykda şeýle teswir ýazan bolsaňyz, ony haýal etmän pozmagyňyzy soraýarys. Bolmasa, ony özümiz aýyrmaly bolarys.

  • 536 gezek okalan