HER BIR ENE HORMATA MYNASYP DÄL EKENI

  • Okyjydan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (5 Ses)

dymma okyjylardan hekayalarBizde ene mukaddes saýylya. Olar perişdä deňelip, uly hormat goyulya. Ýöne gynansakda ol hormata her bir ene mynasyp dal ekeni. Men muňa ulalyp düşündim.

Çagakam meňem gözüme ejem dünýädäki iň mukaddes aýal bolup görnerdi. Ony diňlesem gowy geljegimiň boljagyna, gargyşyna galsamam kyn günler görjegime ynanardym. Dädem bilen oňuşmadyk wagtlaram ejemiň tarapyny tutardym we dädemi günäkärlärdim. Goňşy-golamlar bilen oňuşmadyk ýerindede ýene ejemiňkini dogry hasaplardym. Garaz ejemiň ene bolany üçin ak ýürekli, mähriban we akylly başly zenan hasaplap, ony ene bolany üçin diňläp, sylamalydyryn öýdýädim. Köp zada özüm maşgalaly bolamson duşündim. Ejemiň özüni alyp barşy hormata mynasyp däl ekeni. Görüp otursam onda birtopar zyýanly häsiýetler bar ekeni, töweregindäkilerede özünede zyýan berýän häsiýetleri. Ejem sebäpli ekeni öýmüzde gohgalmagalyň kän bolýanam. Ejem ketçal, öz diyenini gögertmani gowy görýän bir aýal. Başgalara hemişe müňkür garayar. Näme dawa jenjel bolsada hemişe başgalary günäkärleyar, özünem pida edip görkezyar. Köp adama göwnüýetmezçilik edýär, adamlaň diňe kemini tapjak bolup, olar barada ýakymsyz gürrüňler edýär. Öz düşünjesine we dünýägaraýşyna gabat gelmeýän hemme zady, hemme kişini ýazgarýar.

Men indi maşgalaly bolamsoňam maňa mähirli bolup, gowulyk diläp oturmagyň deregine meň maşgalamdada öz diýenini ýöretjek bolýar. Maňa hemişe näme etmelidigini, näme etmelidäldigini aýdyp gezýär. Edýän işlerimi tankytlaýar. Meni bolsa kän diňlejegem bolanok. Çyn ýürekden halymy sorajagam bolanok. Gürleşemizdede diňe özi barada gürrüň edýär we başgalardan zeýrenýär. Hemme kişiňki ýalňyş, diňe özüniňki dogrumyşyn. Ejem sebäpli gelnimizede asuda gün ýok. Gelnimiz şeýle gowy, öýüň hemme işini edýär, daşyndan işleýärem, diňe hojalyga peýda etjek bolýar. Şondada ejem gelnimiziň kemini tapyp, oňa azar berýär, agzyndan gelen erbet sözleri aýdýar. Ýene-de sorasaň gelnimiz kellesini agyrtýamyş. Dogrymy aýtsam indi dädemede nebsim agyrýa, ejemiň bolşuna çydap ýaşamaly bolýandygyna.

Men ejem bilen gürleşjek bolubam gördüm, özüniňkiň hemişe dogry däldigini aýtjak bolubam gördüm, ýöne "maňa akyl satma sen" diýýä. Gatyrak bir zat diýäýseňem ýüregini tutup ýatýa "men sizi kemala getirmek üçin näçe ejir çekdim, der dökdüm, ynha indem alýan almytym şul" diýip, bize özümizi günäli duýdurýar we özüni pida ýaly edip görkezýä.

Eje diýilýän adam nädip beýle bolup bilýäkä? Biz oňa gowulykdan başga zat edemizogam dilämizogam. Ýöne hemme wagt onuň aýdanyna görä durmuşymyzy ýaşamak hem dogry bolmaza, biziňem öz akylymyz bar, özbaşdak garaýşymyz bar. Onsoň çala bir zat göwnüne ýaramasada goh turuzyp bilýär. Men indi özüm maşgalaly bolamsoň ejemiň öýünde ýaşamasamam onuň ýaramaz häsiýetleri henizem durmuşyma täsirini ýetirip dur ýa-da haçan öý bilen gürleşsem bir problemaň çykanyny eşidýän. Ýaşuly halyna maşgalany asuda, agzybir saklamagyň we töweregindäkilere gowy görelde bolmagyň deregine, hemişe goh-galmagal turuzmaga bahana tapýar. Şeýdip öz gadryny, öz hormatyny özi gaçyrýar. Menem käwagt mähirli, salyhatly, uly hormata mynasyp ejemiň ýoklugyna gynanýan hem kemsinýän.

***********

Gadyrly okyjy, başdan geçirenleriňizi Dymma kampaniýasynda paýlaşanyňyz üçin minnetdarlyk bildirýäris. Şeýle şahsy hekaýalar jemgyýetimizdäki möhüm meseleleriň üstüniň açylmagyna, olaryň düýp sebäpleriniň öwrenilmegine, hem-de düşünjeleriň özgermegine ýol açýar. Bu ýol uzak we ählimiziň gatnaşmagymyzy talap edýär. Ýekäniň çaňy çykmaz!

Zuluma garşy taslama "Dymma!" zulumyň pidalaryndan gelýän atsyz hekaýalary Saglyk.org saýtynda we sosial ulgamlarynda çap edýär.

Siziň başdan geçirenleriňiz başgalara ylham berip biler. Kimdir biri siziň ýazanlaryňyzy okap, özüniň ýeke däldigine göz ýetirer. Belki adamlar zuluma garşy göreşmegiň möhümdigini we mümkindigini öwrenerler. Siz maslahat hem sorap bilersiňiz – okyjylaryň içinden peýdaly maslahat berjekleriň tapylmagy mümkin.

Biz siziň adyňyzy ýa-da beýleki şahsy maglumatlaryňyzy soramaýarys we görmeýäris. Eger paýlaşmak isleýän wakaňyz bar bolsa, şu zynjyra giriň we başdan geçirenleriňizi paýlaşyň!

PAÝLAŞ!

Ýatda Saklaň: Saglyk hatlary bolşy ýaly çap edýär we olaryň hakykylygyna we çeperçilik hiline jogapkärçilik çekmeýär. Şahsy hekaýalaryň aşagynda kemsidiji we ýazgaryjy teswirleri goýmak gadagandyr. Eger atanlykda şeýle teswir ýazan bolsaňyz, ony haýal etmän pozmagyňyzy soraýarys. Bolmasa, ony özümiz aýyrmaly bolarys.

  • 478 gezek okalan