JYNSHANA DYKYLARY (TAMPON) BILEN DEŇEŞDIRLENDE, AÝBAŞY KÄSELERI (KAPA) AÝALYŇ SAGLYGYNA ÝARAMLY TÄSIR EDÝÄRLER.

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (5 Ses)

Intimina kompaniýasynyň geçiren sorag etmeleri şeýle netijeleri görkezdi.

Aýbaşy käseleri ýa-da kapalar – ýumurtga şekilli gaplar bolup, aýbaşy wagty aýbaşy bölünip çykmalary ýygnamak üçin niýetlenendir. Ulanyş möhleti 12 sagada barabar bolup, ondan soň ony jynshanadan çykaryp, içindäki suwuklygy döküp, ýuwup, ýene ulanmak maslahat berilýär.

Alnan birinji netijelere görä, aýbaşy käseleri jynshananyň nemli gatlagyny guramakdan we jynshana myşsalarynyň çeýeligini saklamaga kömek edýärler. Sorag edilen aýallaryň 26%-i olary ulanandan soň jynshananyň nemli gatlagynyň gurulygynyň aýrylandygyny belleseler, 46%-i gije rahat ýatandyklaryny aýtdylar. Soralanlaryň umumy sanynyň 84%-i bolsa, aýbaşy günleri özlerini has arkaýyn we ynamly duýandyklaryny bellediler.

  • 3283 gezek okalan