DANIÝALY ALYMLAR: “ADAMZAT RAK KESELINI ÜSTÜN ÇYKYP BILMEZ, OL DOWAMLY KESELLERIŇ HATARYNA DEGIŞLI EDILER”.

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

Şeýle netijäni Kopengagende ýerleşýän Ýewropa onkologiýa jemgyýetiniň konferensiýasynda birnäçe belli daniýaly alymlar beýan etdiler. Olaryň pikirine görä, esasy delil – bu kesel dowamly ýagdaýa eýe bolar. Adamlar onlarça ýyllar täze döremeler bilen ýaşap, başga, adaty sebäplerden ýogalarlar.

"Meniň pikirimçe, millionlarça ýyllap adamzada belli bolan rak keselini düýbünden ýeňip boljagy barada öz-özümizi aldamagyň geregi ýokdur. Bu keseli ýeňip bileris diýip pikir edemok, ýöne ony öz gözegçiligimize alyp bileris – ol ölüm howply bolman, dowamly häsiýete eýe bolar" diýip, Daniýa onkologiýa jemgyýetiniň barlaglar bölüminiň ýolbaşçysy Ýorgen Olsen aýdýar.

Hakykatda bolsa, eýýäm häzir rak keselli näsaglaryň ömrüniň dowamlylygy uzalýandyr. Bu üstünlik adamynyň immun ulgamyna täsir etmegi öwrenmek arkaly gazanyldy. Bu usullar adamynyň ummun ulgamyny rak öýjüklerine garşy hüjüm etmäge mejbur edýär. Käbir halatlarda bolsa ony himiýa we şöhle bejergisiniň ýerini tutup biljek howpsuz usul diýip hasap edip bolar.

"40 ýyl ozal rak kesgitlenenden soň, näsaglaryň diňe 35%-i bäş ýyl ýaşaýardylar. Häzir – 60-65%. Ýagny biz dogry ugurdan barýarys – kesele garşy bolmadyk waksinany gözlemän, näsagyň ýaşaýşyny üpjün etmelidiris" diýip, molekulýar bozulmalary laboratoriýasynyň ýolbaşçysy Mads Daugor düşündiriş berýär.

Ragyň üýtgäp durmagy, ony bejermekligiň esasy kynçylygy bolup durýandyr. Rak aňsatlyk bilen dermanlara uýgunlaşýar, üýtgeýär.

  • 3183 gezek okalan