AÝBAŞYNYŇ ÖŇ ÝANYNDA DÖREÝÄN ALAMATLARYŇ AGYR GEÇMEGI JYNSY ÝOKANÇLYKLARYŇ BARLYGYNDAN HABAR BERIP BILER.

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.10 (20 Ses)

habar 123Anyklanylmadyk jynsy ýokançlyklary bolan aýallar köplenç aýbaşynyň öň ýanynda döreýän alamatlaryň agyr geçmeginden ejir çekýärler. Olar barada Oksford uniwersitetinde geçirlen tejribeler güwä geçýär. Jynsy gatnaşyklar arkaly geçýän ýokançlyklaryň ençemesiniň alamatsyz geçýändigi mälimdir. Meselem, hlamidiozly adamlaryň 70%-i öz keselleri barada bilmeýärler. Bu ýokançlyk bolsa önelgesizlige getirip bilýändir. Bu ýokançlyklaryň aýalyň önelgelilik ulgamyna howp salýandygy sebäpli alymlar öz geçirýän barlaglaryny wajyp hasaplaýarlar.

Barlaga 865 sany aýal maşgala gatnaşyp, olaryň hemmesinden jynsy arkaly geçýän keselleri geçirip-geçirmezligi barada sorag edildi. Ondan soň keseliň görnüşi, alan bejergileri, aýbaşynyň geçişi, ol döwürde emosional üýtgemeler, ulanylýan gormonal serişdeler barada anyk maglumat ýygnaldy.

Barlagyň netijelerine baglylykda, hlamidioz, uçuk ýa-da adamyň papilloma wirusy ýaly ýokançlyklaryň barlygy, aýbaşynyň öň ýanyndaky alamatlaryň agyr geçýändigi barada habar berme töwekgelçiligini iki esse ýokarlandyrdy. Aýallary aýbaşy başlanmazdan öň iç sanjylamalary, kellagyrlar, keýpiň bolmazlygy biynjalyk edýärdi.

"Biziň barlaglarymyz öz aýbaşy halkaňy ünsli öwrenip, aýallaryň öz saglygyny gowlandyryp biljekdigini görkezýär. Eger siziň aýbaşyňyz agyr geçýän bolsa, onda bu jyns gatnaşyklary arkaly geçýän keselleriň alamaty bolup biler. Ýokançlyk netijesinde dörän sowuklama bedeniň köp güýjüni alýar. Onuň bilen bilelikde aýbaşy hem başlanan wagty, bedeniň biziň emosiýalarymyzy kadalaşdyryjy serotonin gormonyny emele getirmäge mümkinçiligi bolmaýar. Şol sebäpli bu döwürde aýalyň keýpi, emosional durky pes bolýar" diýip, barlaga gatnaşan lukman Aleksandr Alwern belleýär.

  • 5625 gezek okalan