ORSÝET DERMAN SERIŞDELERINE DURNUKLY BOLAN INÇEKESEL BOÝUNÇA BIRINJI ORNY EÝELEÝÄR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (5 Ses)

Beýik Britaniýada öýsüz-öwzarsyz adamlaryň
inçekesele ýolugyp-ýolukmandygyny anyklamak
üçin göçme rentgen-otaglaryndan peýdalanýarlar.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSSG) habar bermegine görä, Orsýet, Ukraina we Azerbeýjan Günorta Ýewropanyň ýurtlary bilen bir hatarda rezistent inçekeseliniň (inçekeseliň derman serişdeleri bilen bejerip bolmaýan görnüşi) giňden ýaýran ýurtlarynyň hasabyna girýändir.

Günbatar Ýewropada bu babatda iň ýaramaz ýagdaýa sezewar bolan paýtagtlaryň biri-de Londondyr.

Ýewropada her ýyl köpsanly dermanlara durnukly inçekesele  (KDD-IK) we has agyr ýagdaýlarda — giň gerimli täsiri bolan dermanlara durnukly inçekesele  (GGTD-IK) 81 müňden gowrak adam ýolugýandyr. BSSG bellemegine görä, köp ýurtlarda şeýle inçekesele uçran adamlar ýüze çykarylman galýar.

2010-njy ýylyň mart aýynda BSSG Orsýetiň demirgazyk-günbatar sebitlerinde inçekesele ýolugan adamlaryň 28%-de dermanlaryň köpüsine durnukly inçekeseliň bardygy anyklanyldy. Bu BSSG-nyň öňde-soňda habar beren maglumatlarynyň arasynda iň ýokary görkezijilisidir. Mundan ozal iň ýokary görkeziji Azerbeýjanyň paýtagty Bakuda 2007-nji ýylda hasaba alnyp, ol 22%-me deňdi.

BSSG 14-nji sentýabrda Ýewropanyň 53 döwletinde rezistent inçekeseliň ýaýramagynyň öňüni alyş çäreleriniň meýilnamalaryny yglan etdi. Bulara keseli wagtynda anyklamak we bejergini has elýeterli etmek çäreleri degişlidir.

Hünärmenleriň pikirine görä, bu meýilnamalar amala aşyrylan ýagdaýynda 2015-nji ýyla çenli 120 000 müň adamyň janyny halas etmek başardar. Munuň bilen birlikde inçekeseli bejermäge sarp edilýän millonlarça pul serişdelerini tygşytlamaga hem mümkinçilik dörär.

BSSG-yň Orsýetdäki wekilhanasynyň BBC-niň rus gullugyna beren maglumatlaryna görä, Orsýetde 2009-njy ýylda inçekesele ýaňy-ýakynda ýoluganlaryň arasynda köpsanly dermanlara durnukly inçekesele 5816 adam ýolukdy. Bu inçekesele ýoluganlaryň 16%-ne deň bolup, 2008-nji ýylyň görkezijilerinden 542 adam artykdyr.

2009-njy ýylyň ahyrlaryna Orsýetde 36848 adam KDD-IK-ne ýolugyp, olaryň 7817-si türmelerdäki tussaglardyr. 2008-nji ýylda KDD-IK-e ýoluganlaryň, şol sanda türmedäki tussaglaryň-da sany 33249 adamdy.

BSSG-yň hünärmenleriniň habar bermeginiň görä, inçekesele garşy göreşmek boýunça maksatnamalar köp ýurtlarda uly kynçylyklara duçar bolsalar-da, göwnüňi galkyndyrýan alamatlar hem bardyr.

BSSG 2010-njy ýyl boýunça epidiomiologiki gözegçiligi we geçirilen çäreler barada taýýarlan hasabatynda  Russiýa Federasiýasynyň iki welaýaty: Orlow we Tomsk welaýatlary mysal hökmünde agzalýar. Bu iki welaýatda bäş ýylyň dowamynda KDD-IK görkezijileriniň ep-esli azalmagyny gazandylar. BSSG-yň taýýarlan hasabatynda: "Bu iki welaýat hem Estoniýa we Latwiýa döwletleri ýaly, KDD-IK-niň azalmagyny gazandylar" diýip aýdylýar.  

Ýewropanyň kynçylygy

"Biz beýle ýagdaý bilen ylalaşyp bilmeris. Sebäbi bu kesele uçran syrkawlaryň bejergisi birnäçe ýüz müň funta barabardyr"

Ibrahim Abubakir, Saglygy goramaklygyň agentligi, Beýik Britaniýa

Beýik Britaniýada inçekesele uçramaklyk ýagdaýlary esasan-da ýurduň uly şäherlerinde  duş gelýär. Londonda her ýyl bu kesele uçranlaryň 3500-si hasaba alynýar. Şunuň bilen birlikde Beýik Britaniýada 2009-njy ýylda rezistent inçekeseline 58 adamyň ýolugandygy mälim boldy. Rezistent inçekeseli bu kesele ýolugan syrkawyň bellenilen antibiotikleri doly kabul etmedik ýa-da ýalňyş kabul eden ýagdaýlarynda döreýär. 

Saglygy goramaklyk agentliginiň inçekesel boýunça hünärmen lukmany Ibrahim Abubakiriň aýtmagyna görä, rezistent inçekeseliň görkezijileri uly däl bolsa-da, soňky 10 ýylyň dowamynda kem-kemden artýandyr. Abubakir: "Biz beýle ýagdaý bilen ylalaşyp bilmeris. Sebäbi bu kesele uçran syrkawlary bejergisi birnäçe ýüz müň funta barabardyr. Inçekesele ýolugan adamyň beýleki adamlara hem bu keseli ýolukdyrýandygyna hem ähmiýet bermelidir" diýip aýdýar. Lukman Abubakir: "Günorta Ýewropa ýurtlarynda rezistent inçekeseliň artmagy şol döwletleriň saglygy goraýyş edaralarynyň işinde kemçilikleriň bardygyndan habar berýär" diýip hasaplaýar. Ol maşgala lukmanlaryny we tiz kömegiň lukmanlaryny rezistent inçekeliň alamatlarynyň wagtynda ýüze çykarmakda ünsli bolmaga çagyrýar.

Inçekesel ýokanç kesel bolup, howa-damja arkaly syrkawdan sag adama ýokup bilýär. Inçekesele ýoluganlaryň 7%-mi bu keselden ýogalýandyr. Emma rezistent inçekeseline ýoluganlaryň ýarysy diýen ýaly ýogalýandyr.

BSSG Beýik Britaniýanyň "Ýüze çykarmak we bejermek" atly ýörite gullugynyň geçirýän çärelerini makullaýar. Bu ýörite gulluk göçme rentgen-otaglaryny gurnap, öýsüz-öwzarsyz adamlaryň we neşekeşleriň arasynda inçekesele ýoluganlaryny ýüze çykarýarlar.

BSSG-yň Ýewropa sebitleriniň wekili doktor Oggaý Gozalow inçekesel belasyna jemgyýetiň diňe garyp gatlaklary (migrantlar we türmedäki tussaglar) däl, eýsem beýleki gatlaklarynyň hem ýolugaýmagynyň ahmaldygy barada aýdýar. BSSG-yň wekili: "Eger Ýewropa arkalaşygynyň agzalary şu gün hereket edip başlamasalar, gelejekde inçekel belasy örän uly kynçylyklary döreder" diýip duýdurýar.

Dermanlar garyndysy

"Lukmanlar alty hepde geçenden soň, hiç bir dermanyň kömek edip bilmeýändigini aýdanlarynda, men üstüme gaýnag suw guýlan ýaly boldy"

Anna Uotterson, GGTD-IK-i başyndan geçiren

Аklawjy Anna Uotterson özüniň talyplyk ýyllarynda rezistent inçekeseline uçraýşy barada gürrüň berýär. Şol döwüde ol Londonyň demirgazyk-günbatar çäklerinde ýaşaýardy.

Anna GGTD-IK-den saplanmak başartdy. Ýöne ol okuw ýylynyň bir ýylyny sypdyryp, dört aý keselhanada ýatmaga mejbur boldy.

Ol şeýle gürrüň berýär: "Men dyngysyz üsgürýärdim. Men gaty horlanyp, gijelerine sowuk der basmalardan oýanýardym. Men maşgala lukmanyma öz ýagdaýymy aýtsam-da, ol meni inçekesel barlagyndan geçirmedi, sebäbi men jemgyýetçilik derejesi oňat hasaplanýan maşgaladandym. Şonuň üçin hiç kim men inçekesele ýolugaryn-da öýtmeýärdi. Men keselhana düşenimdem soň maňa derman serişdeleriniň üçüsinden ybarat bejergi çärelerini bellediler. Emma alty hepde geçenden soň, lukmanlar hiç bir dermanyň kömek edip bilmeýändigini aýdanlarynda, üstüme gaýnag suw guýlan ýaly boldy. Lukmanlaryň özleri hem aljyraňňy göründiler. Soňra lukmanlar maňa başga dermanlaryň garma-gatyşygyny bellediler. Men bu bejergini kynlyk bilen geçirdim: sanjym edilen ýerlerimdäki derim gögerdi, sanjymlardan ýaňa derimiň gün şöhlelerine bolan duýgurlygy artdy. Netijede men, ýagny çypar saçly ak meňiz zenan, tomus möwsüminde ellikli gezmeli bolýaryn".

Ulanylan WEB Salgy

  • 5514 gezek okalan