LGBT+ ÜÝTGETME TERAPIÝASY: “FACEBOOK”-DA GADAGAN EDILSEDE ARAP DILINDE PAJARLAP ÖSÝÄR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (4 Ses)

tazelik lgbt uytgetme terapiyasySoňky ýyllarda Braziliýa, Ekwador we Germaniýa ýaly birnäçe döwletler gürrüňdeşlik terapiýasy, gipnoz, elektroşok we agyz beklemegi öz içine alýan konwersiýa (uýtgetmek) terapiýasyny (adamy LGBT bolmakdan saklaýan/bejerýan terapiýasy) doly ýa-da bölekleýin gadagan etdi.

2020-nji ýylyň iýulynda BMG-nyň ýörite hasabatçysy lukmançylyga, ylyma gabat gelmeýän – konwersiýa terapiýasy zorluk bilen ulanylsa gynamalara we ýaramaz çemeleşilmä sebäp bolup biler diýen netijä geldi.

Muňa bütündünýäniň ünsüniň artýandygyna garamazdan, LGBT+ adamlaryň köplenç aňtalýan we diskriminasiýa sezewar bolýan ýurtlarynyň aglabasynda, şol sanda Arap dünýäsinde "konwersiýa terapiýasy" kanunylygyna galýar.

Arap ýurtlarynyň ençemesinde gomoseksualizm düýbünden bikanun däl, ýöne aktiwistler polisiýanyň jemgyýetçilik ahlaksyzlygy ýaly kanunlara salgylanyp LGBT+ adamlara azar berýändiklerini aýdýarlar.

Müsürde lukmançylyk hünärmenleri akyl saglygyny goraýyşyň bir bölegi hökmünde konwersiýa terapiýasyny teklip edýändiklerini ýerli LGBT+ toparlary aýdýar.

Facebook konwersiýa terapiýa temalaryny gadagan edenden soň, iňlis dilinde konwersiýany öňe sürýän birnäçe höweslendirijilere garşy çäre gördi.

Emma arap dilindäki konwersiýa temalary "Facebook"-da pajarlaýar. Bu ýerde akkauntlar millionlarça yzarlaýjylar bilen konwersiýa temalaryny paýlaşýarlar. Uly tehnologiýa kompaniýalarynyň beren jogabyndan lapykeç bolan "28 LGBT +" we "Orta Gündogardaky aýallaryň hukuklary" toparlary martda Facebook-a we onuň surat paýlaşylýan programmasy – Instagrama, şol sanda Twitter we YouTube-a arap dilindäki konwersiýa terapiýa postlaryny aýyrmaga çagyrýan haty çap etdi.

  • 972 gezek okalan