BAŞGA BIR PANDEMIÝA

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

basga bir pandemiya40 ýyl mundan ozal şu aýda AIW dünýämizi agdar-düňder edip başlady: ol derrew pandemiýa ýagdaýyna geçdi we çalt depginde tagma öwrüldi, alymlary aljyratdy we 32 million adamyň ölümine sebäp boldy.

Lancetiň teswirinde epidemiolog we Halkara AIDS Jemgyýetiniň öňki prezidenti Kris Beýrer, 1996-njy ýylda ilkinji üstünlikli antiretrowirus bejergisi AIW-i ölüm jezasyndan, dolandyryp bolýan ýagdaýa öwürmäge kömek edendigini, emma bu bejerginiň hemmelere elýeterli dälligini aýdýar.

↪ "Antiretrowirus bejergisini alýan AIW kesellileriň köpüsi ýokary girdejili ýurtlardady, ýöne AIW keselinden ejir çekýänleriň aglabasy pes we orta girdejili ýurtlardandy".

↪ AIW / AIDS entägem: Gündogar Ýewropada, Merkezi Aziýada, Ýakyn Gündogarda we Demirgazyk Afrikada ýaýramagyny dowam edýär.

Lancet Jemgyýetçilik Saglygy teswirnamasyna görä, hatda häzirki wagtda-da jyns we etniki, jemgyýetçilik-ykdysady, geografiki, ýaş we sosial-ykdysady deňsizlikler dowam edýär we AIW ýokuşmaka öňüni alyş bejergileri (rusça: доконтактная профилактика) örän az sanly ýurtlarda elýeterlidir.

Şol sebäpli, UNAIDS-iň öňümizdäki 5 ýyl üçin global AIW strategiýasy deňsizlikleri azaltmagyň zerurlygyna gönükdirilendir. Teklipler:

↪ Häzirki AIW ýokuşmaka öňüni alyş bejergisiniň üpjünçiligi meselesindäki ýeterli derejede maksadaokgunly bolmadyk meýilnamalary soraglamak we üstünde işlemek;

↪ AIW ýokuşmaka öňüni alyş bejergisi bilen üpjünçiligi elýeterli we amatlyly etmek üçin, bu bejergä keselçilik ýaly seretmegi bes etmek gerek;

↪ Bejergä mätäç adamlaryň has köp bölegine kömek edip biler ýaly, töwekgelçilik çygryny giňeltmeli.

Sitata: Benjamin R. Bawinton we Andrew E. Grulich: "AIW-iň öňüni almak üçin 100% diýen ýaly täsirli guralymyzyň barlygyna garamazdan, oňa mätäçleriň aglabasyna onuň henizem elteýeterli dälligine ählimiz ünsümizi jemlemelidiris" diýip Lancet teswirinde aýdýarlar.

Saglygyň AIDS/AIW hakynda makalalarynyň bölümi

  • 831 gezek okalan