SUISID – HIÇ HAÇAN ÇÖZGÜT BOLMALY DÄL

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)
suisid cozgut dal

▶  Her ýyl 700,000-den gowrak adam öz janyna kast edip ölýär.

▶  Suiside synanyşýanlaryň sany ondan ölýänleriňkiden has köp. Öň edilen suiside synanyşyk umumy ilatda suisidiň iň möhüm töwekgelçilik faktorydyr.

▶  15-19 ýaşly ýetginjeklerde ölümiň dördünji sebäbi öz janyňa kast etmekdir.

▶  Bütin dünýäde öz-özüňi öldürmegiň 77%-i pes we orta girdejili ýurtlarda ýüze çykýar.

▶  Pestisidleri ýuwutmak, özüňi asmak we atmak dünýäde suisidiň giň ýaýran usullarydyr.

Suisid jemgyýetçilik saglygynyň çynlakaý meselesidir. Ýöne, wagtynda, subutnamalara esaslanýan we köplenç arzan bahaly çäreleri amala aşyrmak bilen onuň öňüni alyp bolýar. Ýurduň milli jogap beriş çäreleriniň täsirli bolmagy üçin suisidiň öňüni alyş strategiýasy zerurdyr.

Kimler töwekgelçilik astynda?

Ýokary girdejili ýurtlarda suisid bilen psihiki bozulmalaryň (aýratynam: depressiýa we aşa alkogol ulanmak) arasynda baglanyşygyň bardygy belli hem bolsa, suisidleriň aglabasy adamyň krizisi başdan geçirýän döwründe, maddy meseleler, gatnaşyklaryň bozulmagy, hroniki agyrylar we keseller ýaly durmuş kynçylyklaryny ýeňip geçmek ukybynyň bozulmagy bilen bolup geçýär.

Mundan başga-da, konflikt, betbagtçylyk, zorlanma, sütem, ýitgi, üzňelik duýgusy suisid bilen ýakyndan baglanyşdyrylýar. Suisid kemsidilmä sezewar bolýan bosgunlar, migrantlar, aborigenler, lezbiýanlar, geýler, biseksuallar, transgenderler, interseksler (LGBTI) we tussaglar ýaly ejiz toparlaryň arasynda agdyklyk edýär. Şu wagta çenli suisidiň iň ýokary töwekgelçilik faktory suiside öň edilen synanyşykdyr.

Öňüni alyş we gözegçilik

Suisidiň öňüni alyp bolýar. Jana kast etmäge we oňa edilýän synanyşyklara böwet bolmak üçin tutuş ilat, ilat toparlary we aýry-aýry şahslar bilen amala aşyryp boljak birnäçe çäreler bar.

BSGG-nyň DURMUŞYŇY ÝAŞA (LIVE LIFE) atly çemeleşmesi suisidiň öňüni almakda subutnamalara esaslanýan netijeli çäreleri maslahat berýär:

↪ suisid serişdelerine elýeterligi çäklendirmeli (meselem, pestisidler, ýaraglar, belli dermanlar);

↪ suisidi habar bermek barada jogapkärçilikli habar beriş serişdeleri bilen aragatnaşyk saklamaly;

↪ ýetginjeklerde sosial-emosional durmuş endiklerini ösdürmeli;

↪ suiside synanyşyk edenleri wagtynda kesgitlemeli, barlamaly, we gözegçilikde saklamaly.

Bularyň ählisi şu esasy elementler bilen birlikde alnyp barylmaly: ýagdaýy derňemek, köp pudaklaýyn hyzmatdaşlyk, habarlylygy ýokarlandyrmak, degişli edaralary pugtalandyrmak, maliýeleşdirmek, gözegçilik we barlaglar.

Suisidiň öňüni alyş çäreleri jemgyýetiň ençeme pudaklarynyň (saglyk, bilim, zähmet, oba hojalygy, işewürlik, adalat, kanun, goranmak, syýasat we metbugat) utgaşdyrylmagyny we hyzmatdaşlygyny talap edýär. Bu tagallalar hemmetaraplaýyn we bitewi bolmalydyr. Çünki, diňe bir taraplaýyn çemeleşme suisid ýaly çylşyrymly meseläni çözüp bilmez.

Kynçylyklar we päsgelçilikler

Stigma we tabu. Psihiki bozulmalar we suisid bilen bagly stigmalar özüni öldürmegi pikir edýän ýa synanyşýan adamlaryň aglabasynyň kömek soramaýandygyny, şonuň üçin zerur kömegi almaýandygyny aňladýar. Jemgyýetiň saglygynyň çynlakaý meselesi hökmünde suisid habarlylygynyň azlygy we köp jemgyýetlerde bu meseläniň tabu hasaplanmagy sebäpli suisidiň öňüni almaga kän bir ähmiýet berilmeýär. Häzirki wagta çenli diňe birnäçe ýurt suisidiň öňüni almagy esasy saglyk meseleleriniň hataryna goşdy. Bary-ýogy 38 döwlet öz janyna kast etmegiň milli öňüni alyş strategiýasynyň bardygyny habar berýär.

Suiside böwet bolmakda ösüş gazanmak üçin halkyň habardarlygyny ýokarlandyrmak we tabulary aýyrmak möhümdir.

Maglumatlaryň hili

Bütin dünýäde jana kast etmek we suiside synanyşyklar baradaky maglumatlaryň elýeterligi we hili pes. Diňe 80-e golaý agza döwletlerde suisid derejesini çaklamak üçin ulanyp boljak ygtybarly raýat hasaba alyş maglumatlary bar. Ölümleriň hasabatynyň pes hilli bolmagy diňe suisid ölümlerine degişli däl. Emma, özüňi öldürmegiň aýyp hasaplanmagy we käbir ýurtlarda jana kast etmegiň bikanundygy zerarly, suisidleriň hasabatynyň beýleki ölüm sebäplerine garanyňda has köp galplaşdyrylýan bolmagy ahmal.

Jana kast etmegiň öňüni alyş strategiýalary suisid we suiside synanyşyklara gözegçiligi we monitoringi gowulandyrmagy talap edýär. Suisidiň görnüşleriniň milli aýratynlyklary we jana kast etmegiň derejeleriniň, häsiýetleriniň we usullarynyň dürlüligi her bir ýurt üçin suisid baradaky maglumatlarynyň hemmetaraplylygyny, hilini we möhletini ösdürmegiň zerurdygyny görkezýär. Muňa suisid ýazgylarynyň hökmany ýöredilmegi, hassahanalarda suiside synanyşyklaryň hasabatlary we suiside synanyşanlardan sowalnamalar arkaly ýygnalýan milli hasabatlar degişlidir.

Çeşme: WHO

  • 1080 gezek okalan