ÖÝDÄKI NÄSAGLARA SEREDÝÄNLERIŇ ÝÜZBE-ÝÜZ BOLÝAN MESELELERI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

oydaki nasaglarHassalara ideg etmek jemgyýetçilik saglygy goraýyş hyzmatynyň möhüm bölegi bolup, bu täze ýüze çykan jemgyýetçilik saglygy meselesi hökmünde ileri tutulmalydyr.

Idegçilik wezipesini maşgala agzalary ýa-da dost-ýarlar ýerine ýetirip, olar adatça gartaşanlara, hroniki keseli ýa-da maýyplygy bolan adamlara tölegsiz, uzak möhletleýin we jemgyýetçilik esasly kömek we ideg üpjün edýärler. Meselem: bazarlamak, tölegleri hasaplaşmak, suwa düşürmek, geýindirmek we dermanlary almak ýaly gündelik işler. Idegçiler köplenç hassalara emosional goldaw berýän we olara ýoldaş bolýan esasy adamlardyr.

ABŞ-da:

↪ Idegçileriň 58%-i aýallar;

↪ Idegçileriň üçden birine golaýy hepdede azyndan 20 sagat ideg edýärler;

↪ Adatça, idegçiler ýörite taýýarlykly bolman, işi edip öwrenýärler.

Idegçileriň hassalara peýdalary:

↪ Ýaşaýyş hilini we garaşsyzlygyny saklap galmak;

↪ Toparlaýyn ýaşamakdan (institusionalizasiýa) gaça durmak;

↪ Depressiýa düşmezlik;

↪ Hroniki kesellere has netijeli gözegçilik etmek.

Hassalara seretmegiň idegçilere bähbitleri:

↪ Başgalara kömek etmegiň netijesinde özynamlylygyň we kanagatlylygyň artmagy;

↪ Idegçilik bilen baglanyşykly tanyşlyklaryň we gatnaşyklaryň açylmagy;

↪ Özüňi gerekli we peýdaly duýmak;

↪ Täze ukyplary öwrenmek we ösdürmek.

Ideg etmegiň stresi we agramy

Ideg etmegiň fiziki, emosional, psihologik we maliýe dartgynlylygy döredip bilýändigi sebäpli, ol jemgyýetçilik saglygynyň meselesine öwrülýär. Şahsy ideg bermek, hassanyň özüni alyp baryş we kognitiw meselelerine ýardam etmek idegçiler üçin stresli bolup, depressiýa we ynjalyksyzlyk döredip biler. Hassa seretmegiň idegçilere maddy taýdan ýaramaz täsir etmegi mümkin. Ençeme işleýän idegçiler işden ir gaýtmaly ýa-da rugsat almaly bolýarlar. Netijede olaryň zähmet haky azalýar.

Türkmenistanda idegçilere zerurlyk artýarmy? Näme üçin?

  • 981 gezek okalan