ÝIGRENJIŇ ORNUNY ZYÝANY AZALTMAK BILEN ÇALYŞMAK

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

zyyany azaltmak41 ýaşly Anton Basenkonyň aýaly, ýaşajyk ogly we halkara ykdysadyýeti boýunça magistr derejesi bar. Ol neşe sanjymyny ulanyp, 11 ýyllap köçelerde ýaşady we oňa AIW, Gepatit C keselleri ýokuşdy. Zyýany azaltmak programmasy (neşe serişdelerini ulanmagyň kanuny, sosial we saglyga zyýanly täsirlerini azaltmaga gönükdirilen programma) ony täze ýola saldy. Anton Basenko özüniň başdan geçirenlerini we şahsy garaýyşlaryny Global Health NOW bilen paýlaşdy:

Adamlar aktiwist bolup dogulmaýarlar. Meniň pikirimçe, mende aktiwist bolmakdan başga çykalga-da ýokdy.

Men gowy maşgalada doguldym. Ene-atamyň ikisi hem döwlet işgäri. 1990-njy ýyllaryň ortalarynda DJ boldum. Eger DJ bolsaň, neşe serişdelerini ulanmaly diýip pikir edýärdim. 10 ýyllap neşäni taşlamaga gaty köp synanyşdym. Git-gide çuňňur guýa düşen ýalydym. Işsizdim. Ene-atamyň meni öýüne goýbermeýän döwürleri-de boldy. Men neşe serişdesini ulanýanlaryň göni jenaýatçy hasaplanýan ýurdunda köçelerde ýaşamaly boldum.

Ahyry, 2004-nji ýylda, Global Gazna programmasynyň üsti bilen Ukrainada neşe serişdeleriniň ornuny tutujy terapiýany (neşäniň täsirini berýän dermanlary ulanmak arkaly garaşlylygy we azarlamany aýyrýar) kabul eden ilkinji 30 pasiýentiň biri boldum. Meni ýazgarmaýan lukmanlara, jemgyýetçilik işgärlerine we hökümete degişli däl guramalaryň işgärlerine duşdum; ýagdaýym durnuklaşdy we saglygym barada pikirlenmäge mümkinçilik döredi.

Bir gün lukmanym Saglygy Goraýyş Ministrliginde ornuny tutujy terapiýany goldaýanlygym ýa goldamaýanlygym barada açyk diňlenişikde çykyş etmegimi haýyş etdi. Bu waka meni aktiwist bolmaga ruhlandyrdy. Hökümete degişli däl guramalaryň birinde geňeşçi bolup işe başladym we yzysüre, Jemgyýetçilik Saglygy Bileleşiginde (Alliance for Public Health) işe durdum. Men ilki ýönekeý zyýany azaltmak programmalarynda işe başlap, soňra milli derejedäki programmalara, häzir bolsa halkara derejedäki programma işe geçdim. Men häzir Brýuseldäki Ýewropanyň AIDS bejergi toparynda (pasiýentler tarapyndan dolandyrylýan hökümete degişli däl gurama) AIW kesellileriň ýaşaýyş hilini gowulandyrmak boýunça işleýärin. Şeýle hem, men Global Fund Advocates Network-iň agzasy.

Biz neşe serişdesini ulanýan we AIW keselli adamlara garşy ýigrenji, gahary we diskriminasiýany azaltmalydyrys. Olara aňsat we çäklendirmesiz zyýany azaldyjy gurallar elýeterli edilmeli. Yzymyzda ünsden düşürilen adamlara hem kömek golumyzy uzatmalydyrys.

DEGIŞLI MAKALALAR:

ARTYKMAÇ DOZANYŇ NÄDIP ÖŇÜNI ALMALY?

BSSG TENINI SATÝAN ADAMLARA GARŞY ZORLUGYŇ, DISKRIMINASIÝANYŇ BES EDILMEGINE ÇAGYRÝAR

GÜNDOGAR ÝEWROPADA WE MERKEZI AZIÝADA NEŞE SERIŞDELERINE GÖZEGÇILIK DÜZGÜNLERI: YKDYSADY, SAGLYK WE SOSIAL TÄSIRI

Suratyň çeşmesi

  • 812 gezek okalan