BÜTINDÜNÝÄ SAGLYGY GORAÝYŞ GURAMASY ABORT GOLLANMASYNY TÄZELEDI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

abort gollanmasy10 ýyl bäri BSGG ilkinji gezek iň progressiw we hemmetaraplaýyn abort gollanmasyny taýýarlady.

BSGG-nyň maslahatlaryna esaslanyp geçirilýän abort howpsuz proseduradyr. Emma, dünýädäki abortlaryň diňe ýary howpsuz şertlerde geçirilýär we howply abortlar ýylda 39,000 ölüme sebäp bolýarlar. Bu ölümleriň agramly bölegi pes girdejili ýurtlarda we iň ýaramaz ýagdaýlarda ýaşaýanlaryň içinde bolup geçýär: 60%-den gowragy Afrikada we 30%-i Aziýa ýurtlarynda.

BSGG-nyň täze abort gollanmasy ilkinji lukmançylyk-sanitar kömeginiň bir bölegine öwrülip biljek ençeme ýönekeý çäreleri öz içine alýar:

↪ Aýal-gyzlara hödürlenilýän abort hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak;

↪ Saglygy goraýyş işgärleriniň arasynda birek-birekden iş öwrenmegi ýola goýmak;

↪ Abort üçin ulanylýan lukmançylyk dermanlaryny elýeter etmek. Şeýle edilse, has köp aýal howpsuz abort hyzmatlaryny kabul edip bilýär;

↪ Hyzmatlar barada dogry maglumatlaryň olara mätäç ähli adamlara elýeterliligini gazanmak.

Täze gollanmada ýerlikli bolan ýagdaýlarda telelukmançylyk hem maslahat berilýär. COVID-19 pandemiýasynyň dowamynda telelukmançylyk abort we maşgalany meýilleşdirme hyzmatlarynyň üpjünçiliginde uly rol oýnady.

Howpsuz abortyň elýeterli bolmasy üçin gereksiz düzgünleri ýatyrmak

Kliniki we hyzmat üpjünçiligine degişli maslahatlar bilen bilelikde, täze gollanma howpsuz aborta böwet bolýan lukmançylyk taýdan ähmiýetsiz düzgün-tertipleri ýatyrmagy hem maslahat berýär. Şeýle düzgünleriň käbiri: abortyň bikanun bolmagy, hökmany garaşma wagtlary, başga adamlaryň (meselem, ýoldaşyň ýa maşgala agzalarynyň) ýa-da edaralaryň razyçylygynyň talap edilmegi we göwreliligiň dowamynda aborta rugsat berilýän wagtyň çäklendirilmegi. Şeýle päsgelçilikler bejergi almagy çylşyrymlaşdyryp, aýal-gyzlary howply abortyň, negatiw garaýyşlaryň hem-de saglyk gaýraüzülmeleriniň töwekgelçiligine salýar we olaryň bilim almaga we zähmet çekmäge bolan ukybyna zyýan ýetirýär.

Türkmenistan hem aborty çäklendirýän döwletleriň sanawyna girýär. Ýurdumyzda 5-nji hepdeden soň göwreliligi togtatmak üçin ýörite lukmançylyk toparynyň rugsadyny almaly.

Subutnamalar abortyň elýeterliligini çäklendirmegiň abortlaryň sanyny azaltmaýandygyny görkezýär. Gaýtam, çäklendirmeler aýal-gyzlary howply proseduralardan geçmäge sezewar edýärler. Abortyň çäklendirilen ýurtlarynda diňe her 4 abortyň 1-i howpsuz şertlerde geçirilýär, abortyň giňişleýin rugsat berilýän ýurtlarynda welin her 10 abortyň 9-sy howpsuz geçirilýär.

Ýewropanyň birnäçe ýurdunda alnyp barlan ylmy barlaglar uzak möhletleýin milli jynsy terbiýe programmalarynyň ýetginjekleriň arasyndaky göwrelilikleriň we abortlaryň azalmagyna eltýändigini görkezdi.

Täze gollanmadan ugur alyp, BSGG/Ýewropa gyzyklanýan ýurtlary täze maslahatlary durmuşa geçirmäge we kontrasepsiýa, maşgalany meýilleşdirmäge hem-de abort hyzmatlaryna degişli döwlet düzgünlerini we programmalaryny pugtalandyrmaga kömek eder. Bu kömegiň netijesinde ýurtlar aýal-gyzlara ýokary hilli saglygy goraýyş hyzmatlaryny üpjün edip bilerler.

  • 333 gezek okalan