"ROE V. WADE" KARARYNYŇ ÝATYRYLMAGY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

roe v wade kararynyn yatyrylmagy24-nji iýunda ABŞ-nyň Ýokary kazyýetiniň Roe v. Wade kararyny ýatyrmagy ýurtda abort etdirmäge bolan konstitusion hukugy ýok etdi we ştatlaryň ýarysyna golaýynyň abort gadagançylygyny girizmegine ýol açdy.

Bu kararyň ABŞ-daky we beýleki ýurtlardaky iň ejiz adamlara has köp zeper ýetirjekligi barada halk köpçüligi we global saglygy goraýyş jemgyýeti duýduryş berdiler.

Karar global saglyk üçin nämäni aňladýar?

"Öň diňe Polşa, El Salwador we Nikaragua mundan has çäklendiriji kanunlary kabul edipdi... Indi, gynansak-da, ABŞ hem olara goşuldy" diýip, PAI guramasynyň aklawçysy Nabeeha Kazi Hutchins aýdýar.

Bütin dünýäde her ýyl ~47,000 aýal howply abortdan ölýär we ~5 million aýal gan akma ýa-da ýokançlyk ýaly, abortyň çynlakaý gaýraüzülmelerini bejertmek üçin hassahana ýerleşýär.

Joan Silberner kazyýet kararynyň global täsiri baradaky teswirinde şeýle ýazýar: "Günortadaky köp ýurt ABŞ-nyň birnäçe gezek teklip edilen we ret edilen abort hukuklaryny bütinleý üýtgetmek ugrundaky göreşini ýakyndan synlady. Bu abort edýän ýa-da olar babatda maglumat berýän daşary ýurt guramalaryna ABŞ-nyň maliýe kömegini bermegine böwet bolýardy".

Silberneriň aýtmagyna görä, hatda ABŞ-da täze abort karary kabul edilmezinden ozal hem Naýrobidäki Afrikanyň ilat we saglyk gözleg merkeziniň sosiology Boniface Ushie we epidemiology Kennet Juma kararyň günorta Sahara ýurtlaryna nähili täsir etjekligi barada öz pikirlerini ýazdylar: "ABŞ-da beriljek karar aýallaryň hukuklaryny elinden alyp, eneleriň, täze doglan bäbekleriň we çagalaryň kesellemegini we ölümini azaltmaga gönükdirilen durnukly ösüş maksatlaryny yza serpikdirip biler".

  • 118 gezek okalan