ABŞ-NYŇ ÝARAG ZULUMY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

abs yarag zulumyABŞ-da köpçülikleýin ýaragly atyşyklar we gündelik ýaraglar bilen öldürmeleriň ýyly soňlanyp barýar.

19-njy noýabrda, Koloradoda LGTBQ gijeki klubyna edilen hüjümde 5 adam öldi we 25 adam ýaralandy. Koloradonyň polisiýasy entegem ýigrenç jenaýatyň motiwini we sebäbini tapmak üçin derňew geçirýär.

Jenaýatkär 18 aý ozal ejesine öýde ýasalan bomba bilen haýbat atypdyr. Emma, polisiýa jenaýatkärden Kolorado ştatynyň gyzyl-baýdak kanunyny (maşgala agzalaryna ýa hukuk goraýjylara howp salýan ýaragy onuň eýesinden wagtlaýyn konfiskasiýa etmäge rugsat berýän kanun) ulanyp ýaragyny we oklaryny konfiskasiýa etmändir.

Amerikada ýarag zulumynyň ýitiligi:

↪ Hýustonda çagalaryň ýaraglardan ölümçiligi 5 ýylyň iň ýokary görkezijisi bolup, şu ýyl Hýustonyň Harris etrabynda 53 çaga we ýetginjek öldi. Ölenleriň 88%-i garaýagyz we latyn amerikaly ýaşlary.

↪ Geçen hepde, Baltimor şäherinde 300-nji ýaragdan ölüm hasaba alyndy. 8 ýyl bäri, şäher ýarag ölümçiliginde bu sany aşýar.

↪ 20-nji Noýabrda, Çikagoda 22 adam atyldy, 3 adam öldi.

↪ Filadelfiýada her ýyl 2000-den gowrak adam atylýar. Ýaralanlara ilkinji kömegi bermek üçin gysyjy daňylar has kän ulanylýar.

↪ "Bu elhençligi hiç kime islemeýärin" – diýip, 13-nji noýabrda öldürilen üç UVA futbol oýunçylarynyň hatyrasyna Wirjiniýa uniwersitetiniň ýüzüjisi Klaire Tuggle ýazdy.

  • 480 gezek okalan