COVID-19 WAKSINASY MIS-C KESELLI ÇAGALAR ÜÇIN HOWPSUZ

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

covid 19 waksinasy mis cTäze ylmy barlag MIS-C (seýrek ýagdaýlarda COVID-19 ýokuşandan soň ýüze çykyp we ölüm howply bolup bilýän immunologiki reaksiýa) başdan geçiren çagalarda we ýetginjeklerde COVID waksinasynyň miokardit ýa-da MIS-C-iň gaýtalanmagy ýaly çynlakaý gaýraüzülmeleri döretmeýändigini anyklady.

Gözlege gatnaşan pasiýentleriň ýarysyna golaýy COVID sanjymyndan soňra el agyrmasy we ýadawlyk ýaly ýeňil we adaty reaksiýalary başdan geçiripdir. Milli saglyk institutlarynyň maliýeleşdiren bu barlagy çagalara MIS-C bilen keselländen soň COVID-19 waksinasyny almagyň howpsuzdygyny görkezdi.

Çeşme: National Institute of Health

  • 50 gezek okalan