ÇAGALARYŇ ÖLI DOGULMASY HENIZ HEM ÇÖZÜLMEDIK MESELE

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

caga oli dogulmasyIň ýaramaz şertli ýurtlarda çaganyň öli dogulma ähtimallygy 20 esse ýokary bolup bilýär.

ÝUNISEF-iň 2022-nji ýylda çykaran hasabaty göwreliligiň 28-nji hepdesinden soňra çagalaryň öli dogulmasynyň görkezijilerine, sebäplerine we öňüni alyş çärelerine seredip geçýär. 2021-nji ýylda dünýäde 1.9 million çaga öli doglupdyr. Emma ençeme ýurtlaryň öli dogulýan çagalar barada ygtybarly ýa-da hiç hili hasabat ýygnamazlygy takyk sanlary bilmegi kynlaşdyrýar. Ýagdaýyň iň ýaramaz ýerlerine Saharanyň günortasyndaky ýurtlar we günorta Aziýadaky ýurtlar degişlidir. Merkezi Aziýada hem öli dogulýan çagalaryň sany boýunça Türkmenistan ýurtlaryň başyny çekýär: Ýurdumyzda her 1000 çagadan 9.5 çaga, Gazagystanda 8.1, Gyrgyzystanda 6.4, Özbegistanda 5.9 we Täjigistanda 9.1 çaga öli dogulýar.

Çaganyň öli dogulmasyna nämeler sebäp bolýar?

Saglygy goraýyş hyzmatlarynyň elýetersizligi, esasan hem göwrelilikde, dogumda we dogumdan soňra ýokary hilli saglyk hyzmatlarynyň bolmazlygy.

Sosial-ykdysady kesgitleýjiler: Meselem, şäherlere garanyňda oba ýerlerinde çagalaryň öli dogulmasy has ýygy bolup geçýär. Şeýle-de, ene-atalaryň maddy ýagdaýynyň pes bolmagy ýa-da zorlugyň dürli görnüşlerinden ejir çekmek.

Daşky gurşawyň ýaramazlygy: ýokary temperaturaly we hapa howaly ýerlerde ýaşamak.

Enäniň önelgelik saglygynyň ýaramazlygy: düwünçegiň kadaly ösmezligi, ýokanç keseller, dogrumyň dowamynda gaýraüzülmeleriň ýüze çykmagy hem-de enäniň ýaşynyň 16-dan kiçi ýa-da 35-den uly bolmagy.

Zyýanly endikler we durmuş ýörelgeleri.

2000-nji ýyldan bäri edilen tagallalaryň netijesinde öli dogulýan çagalaryň sany ep-esli (35%) azalan hem bolsa, bu progres örän pesdir. Çünki dogry çäreleri görmek arkaly olaryň aglabasynyň öňüni almak mümkindir:

↪ Ýagdaýa gözegçiligi we takyk hasabat ýygnamagy güýçlendirmeli.

↪ Öli dogulýan çagalaryň sanyny azaltmak üçin milli we ýerli maksatlary goýmaly.

↪ Ilat arasynda çaganyň öli dogulmagy baradaky nädogry düşünjeleri azaldyp, habardarlygy ýokarlandyrmaly.

↪ Çagasyny ýitiren enelere we maşgalalara rehimli goldaw hyzmatlaryny üpjün etmeli.

↪ Her bir enäniň we çaganyň ýokary hilli ideg almasy üçin saglygy goraýyş ulgamyny kuwwatlandyrmaly.

Okyja sorag: Seniň pikiriňçe biziň ýurdumyzda çagalaryň öli dogulmagynyň nähili sebäpleri bolup biler?

Çeşme: ÝUNISEF

  • 36 gezek okalan