BSGG INÇEKESELE GARŞY TÄZE WAKSINA ÝASAMAK ÜÇIN GEŇEŞ DÖRETDI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

bsgg incekesele garsy taze waksinaBSGG inçekesele garşy ilkinji waksinany asyryň ahyryna çenli oýlap tapmak umydy bilen inçekesel waksinasyny çykarmagy çaltlaşdyrmak boýunça geňeş döretdi.

2030-njy ýyla çenli inçekeseliň soňuna çykmak maksadyna garamazdan, kesel henizem möwçli ýaýbaňlanýar. 2021-nji ýylda 10.6 million adam inçekesel bilen keselledi we 1.6 million adam öldi. Ýakynda geçirilen bir barlaga görä, 75% täsirliligi bolan waksina 25 ýylyň dowamynda 110 million täze kesel hadysalarynyň we 12.3 million ölümiň öňüni alyp biler.

Ýeke-täk ygtyýarnamaly Bacillus Calmette-Gerin (BCG) inçekesel waksinasy 1921-nji ýylda oýlanylyp tapyldy. BCG waksinasy çagalara täsirli bolsa-da, gözlegler onuň ýetginjeklere we ululara ýeterlik derejede täsirli däldigini görkezdi. Häzirki wagtda inçekesele garşy azyndan 16 waksinanyň üstünde işlenilýär.

Inçekesel waksinasyny çykarmagy çaltlaşdyrmak boýunça geňeş global agentlikleri, hökümetleri, hemaýatkärleri we inçekeselli adamlary öz içine alar. Şu ýylyň ahyrynda geňeşiň öňegidişligine syn bermek üçin BMG-nyň ýokary derejeli ýygnagy geçiriler.

  • 422 gezek okalan