RUSSIÝANYŇ UKRAINADAKY URŞUNYŇ SAGLYGY GORAÝŞA TÄSIRI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

ukrainadaky ursunyn tasiriRussiýanyň Ukraina çozuş edip başlany bäri Ukrainanyň saglygy goraýyş ulgamlaryna bilkastlaýyn we uçdantutma hüjümler edildi. Bu barada şeýle zalymlygy kanuny jogapkärçilige çekmäge ýol açmagy maksat edinýän täze derňewde bellenilýär.

Adam hukuklaryny goraýjylar 2022-nji ýylyň 24-nji fewraly we 31-nji dekabry aralygynda Ukrainanyň saglygy goraýyş ulgamyna edilen 707 sany rehimsiz hüjümleri hasaba aldylar. Hüjümlere hassahanalary bombalamalar, lukmanlary gynamalar, tiz kömek ulaglaryna ok atmalar we klinikalary talamalar degişli.

Baştanka köpugurly hassahananyň gyzyl haç bilen bellik edilendigine garamazdan, oňa hüjüm edildi. "Gyzyl haç belligi bizi gorar diýip umyt edipdik. Emma, bu uruşda hiç zadyň mukaddes däldigini görkezdi" – diýip, hassahananyň direktory Alla Barsehian belleýär.

Usulyýet: Derňewçiler hüjüm edilen ýerleriň jikme-jiklerine, uruşda diri galanlar we şaýatlar bilen söhbetdeşliklere esaslanyp, täze maglumatlary we hüjümleriň interaktiw kartasyny taýýarladylar.

Jogapkärçilige çekmek üçin esaslar: Awtorlar Baýden administrasiýasynyň teswirlerini gaýtalap, hüjümleriň uruş jenaýatçylygydygyna we hatda adamzada garşy jenaýatçylyk bolmagynyň mümkindigine düýpli delilleriň bardygyny aýdýarlar.

Taryh gaýtalanýar: Awtorlar prokurorlary kanun bozujylary jogapkärçilige çekmäge çagyrýarlar. Şeýle-de, Russiýanyň öň hem Çeçenistanda, Siriýada we Gruziýada baş goşan şeýle rehimsiz taktikalarynyň kanun taýdan jezalandyrylmanlygyny ýatladýarlar.

"Jezalandyrmazlyk mundan beýläk bes edilmese, gelejekde has kän hassahanalaryň uruş sebäpli ýok edilendigini göreris. Jezalandyrylmadyk ýamanlyk hemişe möwjeýär" – diýip, hasabatyň awtordaşy Pawlo Kowtoniuk belleýär.

  • 498 gezek okalan