14-NJI NOÝABR – SÜÝJÜLI DIABETA GARŞY GÖREŞMEGIŇ HALKARA GÜNÜDIR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.40 (15 Ses)

SÜÝJÜLI DIABET BARADA NÄMELERI BILMELI?

Süýjüli diabet – aşgazanasty mäziň işläp çykarýan insulin gormonynyň ýetmezçiligi netijesinde döreýän dowamly keseldir. Ol iýmitler arkaly gana düşýän we dokumalary kuwwatlylyk bilen üpjün edýän glukozany beden öýjüklerine ýetirmäge kömek berýändir. Insulin ýetmezçiliginde ýa-da dokumalaryň oňa bolan duýgurlylygy peselen halatynda ganda glukozanyň derejesi ýokarlanyp – giperglikemiýa ýagdaýy döreýär. Bu ýagdaý beden agzalarynyň hemmesi üçin howply bolup durýandyr.

GÖRNÜŞLERINI TAPAWUTLANDYRMA

Süýjüli diabetiň iki görnüşi bolup, belli bir meňzeşliklere garamazdan, öz aýratynlyklary bilen tapawutlanýandyrlar.

I görnüşli süýjüli diabet – käbir sebäplere görä aşgazanasty mäziň insulin bölüp çykarýan öýjükleriniň zeperlenmegi bilen ýüze çykýan ýagdaýdyr. Diabetiň bu görnüşi köplenç çagalyk we ýetginjeklik döwründe ýüze çykarylýar. Barlaglar keseliň bu görnüşiniň wiruslaryň täsiri, immun ulgamynyň kadasyz işjeňligi we hesilyzarlaýjylyk häsiýetliligi sebäpli ýüze çykýandygyny belleýär. Süýjüli diabetiň özüniň nesilden-nesle geçmän, oňa töwekgelçilik edýän faktorlaryň geçýändigini bellemelidir.

II görnüşli süýjüli diabet adatça 30-40 ýaşdan soň, artykmaç beden agramlylygy bolan adamlarda ýüze çykyp biler. Keseliň bu görnüşinde aşgazanasty mäz insulini bölüp çykarsa-da, beden öýjükleriniň oňa bolan duýujylygy peselýändir. Şol sebäpli glýukoza beden dokumalarynda biohimiki özleşmeleri geçip bilmän, ganda toplanýandyr. Wagtyň geçmegi bilen ýokary derejeli glýukozanyň mäziň öýjüklerini zaýalaýandygy sebäpli, insuliniň işlenilip çykarylyşy hem peselýändir.

ÖZÜŇIZI BARLAŇ!

Çylşyrymly bolmadyk test soraglary sizde diabetiň alamatlaryny anyklamaga kömek edip, bellenen alamatlaryň biri bilen ylalaşmagyňyz hem endokrinolog lukmana ýüz tutmaga esas bolup durýandyr.

1. Teşneligi näçe gandyrsam hem, hiç suwdan ganyp bilemok.

2. Ýygy-ýygydan buşukmalar, öýden daşda bolamda mende oňaýsyzlyk döredýär.

3. Peşewiň guran damjalary içki eşiklerde krahmala meňzeş, ak, gataňsy tegmilleri galdyrýar.

4. Men ysgynsyzlyk we ukuçyllyk duýýaryn.

5. Görşümuň peselendigini duýýaryn:zatlaryň sudury dumanyň aňyrsyndan görünýän ýaly aýdyň görnenok.

6. Elimiň aýalarynda we aýagymda käwagtlar duýujylyk peselip, olar gurşýar.

7. Derimde döreýän düwürtiklerden dynmak başardanok.

8. Meniň derim örän gury bolup, deri ýaralary, kesilmeler haýal bitýär.

9. Deriniň giýjemegi, has hem daşky jyns agzalaryndaky gijelemeler biynjalyk edýär.

10. Hiç çäre görmezden, soňky aýda 3-5 kg. çenli horlandym.

11. Näçe iýsem hem, hemişe açlyk duýgusyny duýýaryn.

Ýokarda bellenilen, diabeta mahsus teşnelik, deriniň gijemegi, agzyň guramagy, horlanma, bölünip çykýan peşewiň mukdarynyň köpelmegi, görşüň peselmegi ýaly alamatlar keseliň başynda ýüze çykman, insuliniň derejesiniň ep-esli peselen tapgyrlarynda döreýändir.

Bejergini özwagtynda başlamak üçin, 45 ýaşdan uly her bir adam ýylda bir gezek ganyň glýukoza barlagyny geçirmäge çalyşmalydyr. Eger adam töwekgelçilik toparlaryna degişli bolsa, bu barlagy ýygy-ýygydan geçirip durmalydyr.

TÖWEKGELÇILIK TOPARLARY

Diabetiň döreme ähtimallygy aşakdaky ýagdaýlarda ýokarlanyp bilýändir:

► Nesil yzarlama – atasy diabetiň 1 görnüşinden ejir çekýän bolsa, çagasynda döreme töwekgelçiligi 5-10%-i düzýändir. Diabetiň şu görnüşinden ejesi ejir çekýän bolsa keselleme töwekgelçiligi peselip 2-2,5%-e barabar bolup biler. Erkek ýa-da aýal dogany kesellän bolsa – 5%. Eger maşgalada iki çaga kesel bolsa, uçunji çaga üçin keselleme ähtimallygy 10% ýokarlanýandyr. Eger ene-atalaryň ikisi hem 2 görnüşli diabetden ejir çekýän bolsa, olaryň çagalarynda 40 ýaşdan soň bu keseliň döreme töwekgelçiligi 65-70%-e barabardyr.

Ýalňyş we aşa doýup iýmitlenme.

Beden agramynyň artykmaçlygy.

Hereketiň ýetmezçiligi.

Dowamly stress.

Käbir derman serişdelerini uzak ulanma (buşukdyryjy serişdeler, gormonlar, salisilatlar, öýjükleriň köpelişini basýan dermanlar).

BEJERGISI

Diabetiň 1görnüşinde bejerginiň esasy bölegini insulin sanjymlaryny ulanma düzüp, olary hemişe almak talaby döreýändir. Soňky ýyllarda ýörite şpriş-ruçkalaryň çykarylmagy bilen insulini alma aňsatlaşdyryldy. Başga bir peýdaly döredilen enjam – insulin pompalary bolup, olar gandaky glukozanyň derejesine laýyklykda insulini deriasty üznüksiz bölüp çykarmaga ukyplydyrlar.

Aşgazanasty mäziniň doly bolmadyk bozulmalarynda gandaky glýukozanyň derejesini peseldiji derman serişdeleri ulanylýar. Şeýle dermanlar bilen uzak wagtlyk bejergi geçirlenine garamazdan, glýukozanyň derejesi peselmeýän bolsa, bu ýagdaý insuline geçmek üçin görkezme bolup durýandyr.

BERHIZ TUTMAK WAJYPDYR!

Berhiz tutmak diabetiň bejergisiniň esasyny düzýändir. Iýmit önümleriniň saýlanşynda swetoforyň işleýşini ýatda saklamak gerekdir.

Gyzyl reňk – gandaky glýukozanyň ýokarlanmagyna getirýän önümer: ak çörek, süýjüli tagamlar, piwo, gazlandyrylan, süýjüli içgiler, ak tüwi, gowurlan ýer almasy.

Sary reňk – bu önümler glýukozanyň mese-mälim ýokarlanmagyna getirýän hem bolsa, az mukdarda olary kabul etme rugsat berilýändir: kişmiş, banan, ananas, erik, gawun.

Ýaşyl reňk – howpsyz önümler bolup, bu önümlere gaýnadylan et we balyk, süýt önümleri, kelem, hyýar, pomidor, alma we pyrtykal şiresi, garaly, armyt, ýaşyl salat degişli edilip bilner.

ÖŇÜNI ALYŞ ÇÄRELERI

2 görnüşli diabetiň öňüni almak üçin beden agramyny kadalaşdyrmak, hereketlenmäni köpeltmek, berhiz tutmak ýaly çäreleri geçirmek maslahat berilýär. Şeýle çäreler diňe sag adamlarda däl-de, töwekgelçilik toparyna girýän, ýöne alamatlary aýdyň ýüze çykman, glýukozany özleşdirmeginiň bozulan halatlarynda ulanma peýdaly netijeler bermäge ukyplydyr.

  • 3502 gezek okalan